-Türkmenistanyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleri örän üstünlikli geçirýändigini aýratyn nygtamak isleýärin. Meniň Aşgabada şu iş saparym hem Arkalaşygyň ýokary edaralarynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak maslahata nähili taýýarlyk görýändikleri barada gürrüň berdi. Men hem türkmen döwletiniň Baştutanyna GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň işi hakynda habar berdim.
GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýakyn gatnaşykda bolýandygyny, öňde boljak maslahatlara, hususan-da, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegi ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtmak isleýärin. Şu iş gatnaşyklary GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň şeýle çözgüde gelmegine getirdi: Öňde boljak maslahatlaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljak resminamalary taýýarlamagyň üstünde has ykjam iş alyp barmagy teklip etmeli we şunuň bilen baglylykda öňde boljak maslahatlaryň geçirilmeli senesini birneme yza çekmeli.
GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlgygy Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň teklibine düşünmek bilen garady we biziň tekliplerimiz bilen ylalaşdy. Şonuň üçin hem GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti häzir resminamalary has ykjam taýýarlamak boýunça ähli guramaçylyk işi bilen meşgullanar. Guramaçylyk meselelerini biz degişlilikde Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen, şeýle hem beýleki döwletleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde çözeris. Şeýle eserdeňlik bilen taýýarlyk görülmegi öňde boljak maslahatlary has ýokary derejede guramaçylykly hem-de mazmunly geçirmäge mümkinçilik berjekdigine berk ynanýaryn.
Türkmenstanyň Prezidenti şeýle hem GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini 5-nji dekabrda Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldady. Şonuň öňüsyrasynda 4-nji dekabrda bolsa Aşgabatda däp boýunça GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Biz häzir Türkmenistanyň ähli düzümleri bilen bilelikde bu iki maslahata taýýarlyk göreris. Olaryň netijeli geçjekdigine men berk ynanýaryn.
Men eýýäm Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen topragynda geçirilýän ähli maslahatlara ýokary guramaçylykda hem-de mazmunda taýýarlyk görülýändigi hakynda ençeme gezek aýtdym. Mary şäherinde geçirilen çäreler hakynda hem belläp geçmek isleýärin, bu şäher GDA-nyň medeni paýtagtynyň derejesini aldy. Bulardan başga-da, hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň maslahaty hem maý aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirildi. Iň esasysy bolsa dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady we gumanitar ugurlarda örän möhüm çözgütler kabul edildi.
Ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň VII maslahatynyň hem üstünlikli geçendigini bellemek isleýärin. Maslahat 16-njy oktýabrda çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirildi. Ol türkmen paýtagtynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň görnükli medeniýet işgärlerini, artistleri, ýazyjylary, alymlary bir ýere ýygnady, olar üç günüň dowamynda bu ýerde pikir alyşdylar, meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygy barada bir pikire geldiler. GDA-nyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen sport çärelerine hem örän ýokary baha berýärin. Elbetde, ykdysady ulgamda maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Olar GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň sentýabrda bolan mejlisidir, Arkalaşygyň ýurtlarynyň azyk howpsuzlygyny artdyrmaga bagyşlanan oba hojalyk işgärleriniň duşuşygydyr, şol duşuşyk 12-13-nji oktýabrda Aşgabatda örän üstünlikli geçirildi.
Umuman diňe bir mende däl, eýsem, türkmen topragynda geçirilen şol maslahatlara gatnaşyjylaryň hemmesinde oňat täsir galandygyny nygtamak isleýärin. Olaryň hemmesi türkmen dostlarymyzyň şol çäreleri örän peýdaly , mazmunly we göwnejaý taýýarlandyklaryny ykrar edýärler.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi barada aýdylanda bolsa, munuň özi ählumumy pikire görä, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň hut özüniň olara gatnaşmagy netijesinde üpjün edildi. Döwlet Baştutanynyň gös-göni gözegçilik etmeginde şol möhüm çärelere taýýarlyk görülýär. Türkmen Lideriniň şol çärelere gatnaşmagy bolsa olara gürrüňsiz aýratyn ähmiýet, ýokary dereje berýär.