Ï Eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň hatyrasyna

view-icon 655
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Bu waka döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olary täze harby tehnikalary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin degişli şertleri döretmek bilen birlikde häzirki zaman harby şäherçelerini we serhet galalaryny gurmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Bu duşuşyklaryň her biri oňa gatnaşyjylarda döwlet Baştutanymyzyň watançylygyň we şahsy edermenligiň aýdyň nusgasy hökmünde uly täsir galdyryp, milli Liderimiziň öz raýatlyk borjuna garaýşy ýaş esgerler üçin nusga alarlyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz kuwwatly uçara münende we häzirki zaman tankyny dolandyranda hem, okuw-türgenleşik atyşygynda, söweş ýaragyna we tehnikasyna erk etmekde ýokary taýýarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly gulluk edeniňde öňde goýlan maksada ýetip bolýandygyny tassyklaýar.

Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň ähli gulluklaryny doly ösdürmegiň aýratyn möhümdigini belläp, olaryň üstüne asylly we jogapkärli wezipäniň – türkmenistanlylaryň asuda durmuşyna abanyp biljek islendik howpa garşy ygtybarly düzmek ýaly wajyp wezipäniň ýüklenendigini we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň hemişe parahatçylyk we dostluk serhedi bolup galmagyna ýardam etmelidigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz Türkmenistanyň serhetleriniň hoşniýetli dostlara we goňşulara hemişe açyk bolmagy, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň sarsmaz galasyna öwrülmegi üçin ähli tagallalary eder.

Serhet birikmesi dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk görnüşinde garşy alýar. Täze topluma alyp barýan ýoluň iki tarapynda ýaş serhetçi esgerler nyzama düzüldi. Olaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary säheriň şemalyna pasyrdaýar.

Baş girelgäniň öňünde ýaş türkmen esgerleri—harby talyplar, serhet birikmesiniň şahsy düzümi dabara egin-eşiginde elleri baýdakly nyzama düzülip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny garşylamaga taýýar bolup durlar.



Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy serhet birikmesiniň öňüne gelip saklanýar. Döwlet Baştutanymyzy şanly waka mynasybetli bu ýere ýygnanan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, serhet birikmesiniň şahsy düzümi mähirli garşylaýarlar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, general-maýor A.Garaýew dabara doly taýýarlyk görlendigi barada hasabat berýär. Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, şahsy düzümiň harby gullukçylaryny serhet birikmesiniň açylmagy mynasybetli mähirli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň şahsy düzümini we serkerdelerini şanly waka-täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlap, olara harby gullugynda uly üstünlikler arzuw etdi. Milli Liderimiz hususan-da, häzir Serhet gullugy ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär, türkmenistanlylar öz edermen goragçylaryna – türkmen halkynyň gahrymançylykly däplerini dowam etdirijilere tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip belledi.

Serhetçiler öz gezeginde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny dabaraly ýerine ýetirýärler.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy we agzybir türkmen halkyny wasp edýän watançylyk aýdymy dabara aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu aýdymy serhet gullugynyň “Serhet owazlary” aýdym-saz topary ýerine ýetirýär.

Dabaranyň esasy wakasy başlanýar—hormatly Prezidentimiz täze binalar toplumyny açmak üçin toý bagyny kesýär we serhet birikmesiniň çägine girýär. Milli Liderimiziň başyny başlan harby özgertmeleriniň çäklerinde bina edilen häzirki zaman toplumy gulluk we medeni-durmuş maksatly desgalary öz içine alýar. Bu ýerde serhetçileriň göwnejaý gulluk etmegi, olaryň maşgala agzalarynyň amatly ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň esgerleriniň gulluk hem-de ýaşaýyş binasyna barýar.

Binanyň baş girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” aýdym-saz we tans toparynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlanýar. Ol türkmen halkynyň beýik ogullaryny--mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we erkinligimiziň hatyrasyna janyny gaýgyrmadyk hakyky watançylary wasp edýär.

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp, lukmançylyk otagyny, egin-eşik çalşyrylýan bölümi, şeýle hem ajaýyp enjamlaşdyrylan kitaphanany gözden geçirýär.

Şeýle hem bu ýerde serhetçileriň gulluk, dabara egin-eşikleri saklanylýan otaglarynyň bardygyny, olarda ähli zerur bolan oňyn şertleriň üpjün edilendigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyz toplumda bar bolan ähli binalaryň gurluş aýratynlyklary, olarda häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilişi, bu ýerde işlemek üçin döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy.

Mundan başga-da, Aşgabat serhet birikmesiniň täze binalar toplumynda we onuň çäklerinde serhetçi esgerleriň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän sport zallary we meýdançalar bar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz ediji hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we düzümleýin birliklerde ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sporta işjeň çekilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Milli Liderimiz ýurtda sportyň hem-de bedenterbiýäniň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýär. Şu maksat bilen, ähli beýleki düzümlerde bolşy ýaly, milli goşunda harby gullukçylaryň hem sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin zerur şertler üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň täze döwrebap binasynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda esgerleriň ýatakhanasyna baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde serhetçileriň amatly dynç almaklary üçin döredilen şertler, serhetçi esgerleriň gündelik durmuşda ulanýan enjamlar, serişdeler bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy we harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk we dynç alyş şertleriniň yzygiderli üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.

Soňra milli Liderimiz serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde aşhananyň şertleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde taýýarlanýan naharlaryň görnüşleri bilen içgin gyzyklandy, aşpezleriň taýýarlan tagamlaryndan dadyp gördi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden harby gulluga gelen serhetçiler milli Liderimize söhbetdeşlik, şeýle hem mynasyp gulluk etmek üçin döredilen zerur şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak işinde milli Liderimiziň sargytlaryna gyşarnyksyz eýerip, şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däbini mynasyp dowam etdirip, öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýeritne ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň karargähiniň binasyna bardy we ol ýerde döredilen şertler bilen tanşyp, nobatçynyň otagynda ýerleşdirilen ekranda serhet birikmesiniň goraýan çägine wideogözegçiligi amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň harby gullukçylary, serhetçileri üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, olaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ýaşaýyş, dynç alyş we gulluk şertleriniň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Serhet birikmesiniň täze binalar toplumy häzirki döwürde Döwlet serhet gullugynyň degişli düzümleriniň nusgalyk görnüşidir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan harby gullukçylara uly üstünlikleri arzuw etdi.



Mälim bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ony täze tehnikalaryň hasabyna kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň harby düzümini gurşap alan toplumlaýyn harby özgertmeleri amala aşyrylýar. Bu möhüm çäreler Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň düzgünlerinde öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmek onuň baş maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň rowaçlyk ýoly bilen öňe ilerlemegine ýardam edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň tagallalary ilkinji nobatda hut şoňa gönükdirilmelidir.

Bir bitewi binagärlik toplumyndan ybarat bolan serhet birikmesiniň täze binalar toplumy häzirki zaman talaplarynyň nazara alynmagy bilen bina edildi. Ol durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamyny, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, mebeller we durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen öýleri öz içine alýar. Ýanaşyk ýerler bagy-bossanlyga bürelip, çagalar üçin meýdança bilen üpjün edildi.

Serhet gullugynyň onlarça serkerdeleriniň maşgalalary täze öýlere göçüp bardylar. Dabaranyň barşynda täze öý eýeleri milli Liderimize türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki durmuş maksatly möhüm desgalary gurmak hakynda edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ýerde serhetçileriň we olaryň maşgala agzalarynyň amatly ýaşamagy üçin ähli zatlar—giň we ýagty otaglar, häzirki zaman durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Taslamaçylaryň we gurluşykçylaryň şäherjigiň çagalary hakynda hem alada edendigini aýtmak gerek. Olar üçin bu ýerde hiňňillikleri we beýlekileri öz içine alýan oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy.

Ýokary amatlylkly ýaşaýyş öýleri we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen bir hatarda, toplumyň çäginde lukmançylyk bölümi hem ýerleşdirildi. Serhetçileriň saglygy baradaky aladanyň aýdyň mysaly bolan bu ýerde dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda iň soňky gazananlary bilen doly enjamlaşdyrylan otaglarda lukmanlara merdana serhet goragçylarynyň saglygyny goramak üçin ähli möhüm şertler döredilipdir.

Täze serhet birikmesinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. 500 orunlyk stadiondan, ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman serhet we harby şäherjikleriniň aýrylmaz bölegine öwrülen açyk sport meýdançalaryndan başga-da, bu ýerde täze sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zaly bar.

Bu ýerde geçirilen sport-görkezme çykyşlarynda serhetçiler yzygiderli türgenleşiklerde eýe bolan ussatlyklaryny we beden taplygyny aýdyň görkezdiler.

Toplumyň çäginde ýerasty atyşhana gurlupdyr, bu ýerde serkerdeler we harby talyplar ok atmak boýunça harby okuw türgenleşikleri arkaly öz ussatlyklaryny kämilleşdirip bilýärler.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylary taýýarlamak barada aýtmak bilen, munuň terbiýeçilik we watançylyk işi, ýaş hünärmenleri -- eziz Watanymyzyň geljekki goragçylaryny kämilleşdirmek we höweslendirmek işleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny aýratyn nygtaýar. Olar diňe bir häzirki zaman tehnikasyny dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, guramaçylyk, taktiki meseleleri çözmegi hem başarmalydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz serhet birikmeleriniň serkerdeler düzüminiň we harby okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn belleýär.

Bu ýerde şeýle hem dükan göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň serhet birikmelerinde açylan ilkinji dükanda harytlaryň köp görnüşleriniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Onda esasan hem ýurdumyzda öndürilen azyk we hojalyk harytlary satylýar.

Toplumyň çäginde tikinçilik ussahanasy hem ýerleşýär. Bu ýerde ussalaryň ygtyýarynda zerur bolan enjamlar we gurallar bar.

Täze birikmäniň köp adamly binalarynyň birine öwrüljek Medeniýet öýünde dürli dabaraly ýygnaklar, jemgyýetçilik-syýasy, şeýle hem medeni çäreler – aýdym-saz bäsleşikleri, dürli öwüşginli festiwallar, sport ýaryşlary we beýlekiler geçiriler.

Bu medeniýet ojagy Watan goragçylarynyň ruhubelent gulluk etmegi, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmäge, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, mahlasy, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, gazanan üstünliklerini joşgunly wasp etmegine öz täsirini ýetirer. Bagtyýar döwrümiziň harby gullukçylaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça belent wezipeleri üstünlikli çözmekde şu gün ulanmaga berlen medeniýet öýüniň hem möhüm ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir.

Mahlasy, Aşgabat serhet birikmesiniň täze binalar toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragyndaky parahatçylygyň we durnuklylygyň goragçylary hakynda edýän atalyk aladasy öz beýanyny tapdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, şeýle hem harby gullukçylar üçin döredilýän şertler bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň ähli kysymlarynyň çykyşlary guralan dabaraly harby ýörişe ýokary baha berip, Türkmenistanyň milli Ýaragly Güýçleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de onuň pugtalandyrylmagyna degişli meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, tutuş sebitde we dünýä ýüzünde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkarar bolmagyny ugur edinýär.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew milli Liderimize özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny, bitewüligi we ylalaşygy üpjün etmek maksady bilen, ministrligiň durmuşa geçirýän çäreleri hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň rowaç bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa serhetçilere şunuň ýaly döwrebap, ýokary derejeli gulluk etmeklerine ýardam berýän ähli amatly şertleri we mümkinçilikleri özünde jemleýän binalar toplumyny sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we häzirki döwürde serhet düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri we mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarlylygyny, eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa söz berildi. Ol prokuratura edaralarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we döwletimiziň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli pudaklarynda kanunçylygyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.



Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ministrligiň düzümleriniň şu ýylyň 10 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeý1e hem şu ýylyň 10 aýynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ministrligiň işi we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol düzümiň işiniň halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirilmegi, hereket edýän kanunlaryň ilat arasynda giňden wagyz edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde neşekeşligiň we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, bu babatda degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işler we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň gerimi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň goragynda durýan düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, harby edaralaryň şahsy düzümlerini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek usullaryny täzelemegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň dünýägaraýyşlarynyň giňeldilmegi, şeýle hem harby gullukçylaryň hatarynda tertip-düzgüniň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.

Şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz göçme mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işlerinde we gulluklarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

Milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň düzümlerini serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyşy bilen ýene bir ýola gutlady we mejlise gatnaşyjylara öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmekde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň yhlasly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we bu ýerden ugrady.