Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda Aşgabat şäherine we onuň töwereklerine aýlanyp, alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşdan öňürti paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna hem-de durmuş we ýol ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylyşyna degişli birnäçe täze taslamalara garady.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherini toplumlaýyn özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Paýtagtymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we obalaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini ugur edinýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Şunlukda, innowasion tehnologiýalaryň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi baş talap bolup durýar. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde durmuş-medeni, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy, şäherlerde we obalarda häzirki zaman düzüminiň yzygiderli kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem köprüleriň we köp ugurly aýlawly halkalaýyn ýollar taslamalaryna aýratyn üns bermek bilen, Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda bina edilýän şeýle desgalaryň çyzgylary bilen jikme-jik tanyşdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň ýollarynyň çatryklaryny döwrebaplaşdyrmagyň birinji nobatdakysynyň meýilnamalary bilen tanyşdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyza häzirki zaman ulag ýollarynyň çatryklaryndaky bölüji zolaklar görkezildi. Olar meýilnama boýunça paýtagtymyzyň birnäçe ýollarynyň çatryklarynda gurlar.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda gurulýpan ulag ýollarynyň, degişli desgalaryň ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini, olaryň hiline, howpsuzlyk derejesine, bezeg aýratynlyklaryna üns berilmelidigini tabşyrdy.Ulag ýollarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, yşyklandyrylyşyna, gök zolaklaryň döredilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ulag-aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde durjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde Oguzhan köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň häzirki zaman toplumlarynyň taslamalaryna garady. Bu künjekde ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, iki mekdep we iki çagalar bagy, şeýle hem edara binalary gurlar. Görkezilýän taslamalarda abadanlaşdyrmak we gök zolaklary, şeýle hem degişli durmuş düzümini döretmek bilen baglanyşykly işler beýan edilýär.
Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäherniň häkimi Ş.Durdylyýewe gurluşyk işleriniň ýokary depginlerini üpjün etmek we paýtagtymyzda gurulýan binalryň ýokary hilli gurulmagyny ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aşgabadyň binagärlik keşbi, onuň meýdançalary we seýilgähleri aýratyn görnüşe eýe bolup, gaýtalanmajak gözelligi döretmelidir hem-de adamlaryň ünsüni özüne çekmelidir. Inženerçilik-tehniki düzümler, şol sanda ulag ýollarynyň çatryklary gurlanda olaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi we oňa özboluşly milli öwüşgini çaýmagy häzirki döwrüň baş talabydyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerden özüne garaşyp duran dikuçara tarap ugrady we asmana göterildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň gidişine syn etmek maksady bilen, dikuçarda Aşgabadyň töweregine aýlandy. Milli Liderimiz guş uçar belentlikden paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginleri bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durli maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Şunda hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyny ugur edinýän şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, Aşgabatda we onuň töwereklernde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar.
Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz özüniň ajaýyp binagärlik keşbi bilen dünýäde iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriň hatarynda öz ornuny barha berkidýär. Milli Liderimiz uçuşyň barşynda paýtagtymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara almak bilen Aşgabadyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuşyny üpjün etmekde paýtagtymyzyň ulag-aragatnaşyk düzümine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi” atly halkara maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Şol maksatnama boýunça üstaşyr-ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş etdi.
Halkara forumynda Orta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitlerini öz içine alýan giňişlikde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşi boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu forumyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça biziň ýurdumyzda üstaşyr gatnawlaryň tertibini ýeňilleşdirmek hem-de ulag ýollaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän köptaraplaýyn derejede gurmak babatda uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Hökümeti we Ýol ulaglarynyň halkara bileleşigi tarapyndan bilelikde we BMG-niň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hem-de hökümetara Ýewropa ulag toparynyň goldamagynda guralan halkara maslahatynyň geçirileni bäri köp wagt geçmedigem bolsa, ýurdumyzda bu ugur boýunça ägirt uşler amala aşyryldy. Ilkinji nobatda bolsa, gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gurulýan ýollaryň, köp zolakly halkalaýyn estakadalaryň geçirijilik ukybyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ulag ulgamyna, onuň üstaşyr mümkinçiliklerine, halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine we üstaşyr gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde paýtagtymyzyň töwereginden geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygynyň depgini ýokarlanýar we onuň ugrunda bina edilýän köpugurly, bölüji zolaklary bolan halkalaýyn estakadalaryň sany artýar. Şunuň ýaly döwrebap desgalar paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde gurlup, ol Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoly şäheriň içine gidýän ugurlar bilen sazlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz bu künjekde sil akabalarynyň gurulmagyna aýratyn ähmiýet bermelidigini nygtady.
Şunlukda, hormatly Prezidentimiz ýanynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, şol sanda tutuş ýurdumyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly ýola goýulmagy, ýollaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýörite maksatnama esasynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak we olaryň hilini has-da gowulandyrmk babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz uçuşyň barşynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, şu künjekde hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi, obalaryň we şäherçeleriň senagat taýdan ösdürilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Şeýle hem “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelge esasynda ýeňilleşdirilen karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gerimini giňeltmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Paýtagtymyzyň töwereginde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy, onuň ugrunda degişli desgalaryň ýokary hilli bina edilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýoluň ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdi. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan köprülerde hem depgini ýokarlandyrmak we täzelerini gurmak üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz aýlaw ýolunuň şäherara awtomobil ýoly bilen paýtagtymyzyň gündogaryndaky we demirgazyk gündogaryndaky kesişýän ýerindäki estakada köprüsiniň we ýol çatrygynyň gurluşygynyň barşyny synlady.
Hormatly Prezidentimiz uçuşyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini synlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu çylşyrymly inžener-tehniki desgalarda alnyp barylýan işleriň hilini berk gözegçilikde saklamagy hem-de olaryň ulanylmaga berilmeli möhletiniň berjaý edilmegi we gurlup gutarylan desgalaryň göwnejaý derejede saklanmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz dikuçary paýtagtymyzyň demirgazygynda ulag ýolunyň ugrunda gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Aşgabadyň durmuş ulgamynyň ähli zerur düzümleriniň döredilýändiginii bellemek bilen, alnyp barylýan işleriň hemmesiniň gözegçilikde saklanmalydygyny, olaryň ýokary hilli berjaý edilmelidigini belledi. Hususan-da, milli Liderimiz ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, gurulýan ýollaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Bşatutanymyz ýol gurluşygy bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzda gurulýan ýollaryň ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine gabat gelmelidigini, olaryň hil we ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda häzirki döwrüň talabyna laýyk gurulmalydygyny, iň esasy bolsa gurulýan ýollaryň Türkmenistanyň tebigy şertlerine laýyk gelmelidigini tabşyryp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegi, hususan-da, ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň ylmy esasda ykrar edilmelidigini belledi.
Soňra milli Liderimiz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň günbatar künjeginde gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Ak mermere beslenýän Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde emele gelýän ýaşaýyş jaý toplumlarynda halkymyzyň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy we olaryň dürli çäreleri, toý dabaralaryny geçirmekleri üçin ähli amatlyklaryň döredilişi bilen içgin gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, olaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen işleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegi barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işler durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň, innowasion tehnologiýalaryň, şeýle hem oýlanşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagynyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň sazlaşykly ösüşini üpjün edäýn düzümler bolan dürli maksatly desgalaryň, ulag ýollarynyň yzygiderli gurulmagy, olaryň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatdaky meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek bilen, paýtagtymyzda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, goşmaça ýollaryň gurluşygyna, şäheriň yşyklandyrylyşyna, şeýle hem binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, dynç alyş zolaklarynyň döredilişine aýratyn üns bermelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmagynyň zerurdygyny belläp, uçuşy tamamlady. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.