Ï Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary berkidilýär

view-icon 789
Şu gün – 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygynda Tatarystan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin bir günlük sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna (Kazan şäheri) ugraýar. Saparyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň (Parlamentiniň) deputatlarynyň duşuşyklary göz öňünde tutulýar.