Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili jenap Ýan Kubişiň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.
Ýörite wekil Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesinden tüýs ýürekden kanagatlanýandygyny beýan edip, BMG-niň häzirki döwrüň giň möçberli maksatlaryny we wezipelerini çözmekde Türkmenistany ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.
BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz bitaraplyk derejesine laýyklykda giň möçberli parahatçylygy, rowaçlygy we döredijilikli ösüşi üpjün etmek işine netijeli çemeleşmäni görkezip, oňyn sebitleýin we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň belent münberinden öňe sürlen, dünýä bileleşiginiň syýasy toparlarynda giňden ykrar edilmegine hem-de goldanylmagyna eýe bolan başlangyçlaryň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň topary boýunça pikir alşyp, Owganystanda howpsuzlygy pugtalandyrmak we onuň durnukly ösüşini dikeltmegiň ýardam etmek işinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, ähli çözgütleriň diňe parahatçylykly diplomatik usullary hem-de serişdeleri peýdalanmak bilen çözülmelildigine berk ynam bu meselede biziň ýurdumyzyň wajyp garaýşy bolup durýar.
BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili bu ýurduň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmegiň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, energetika we ulag ulgamlarynda türkmen tarapynyň başyny başlan möhüm taslamalaryny, şol sanda iş ýüzünde durmuşa geçirmek ýagdaýynda bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny aýratyn belledi.
Duşuşykda nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistan birnäçe ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerini goldanyp, owgan halkyna netijeli ykdysady, durmuş kömegini edýär hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna hem-de ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.`