Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”
ýerine ýetirmek hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik – şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna buýrujy hökmünde Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 13030 inedördül metr bolan Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “ERG Inşaat Taahhüt Sanaýi ve Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de binany 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik – şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyna buýrujy hökmünde Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgaly, jemagat çäreleri geçirilýän bassyrmaly, çagalar we sport çäreleri üçin meýdançalary hem-de birinji gatynda söwda dükanlary bolan 12 gatly 114 öýli has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Şahin Inşaat Gida Tekstil we Otomotiv Sanaýi ve Ticaret Limited Şirketi” türk firmasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we döwrebap ýaşaýyş jaýyny 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik – şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgasy, jemagat çäreleri geçirilýän bassyrmasy, çagalar we sport üçin enjamlaşdyrylan meýdançalary hem-de birinji gatynda söwda dükanlary bolan, umumy meýdany 25 324 inedördül metr bolan, 12 gatly 70 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ilk Inşaat Taahhüt Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk firmasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we döwrebap ýaşaýyş jaýyny 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň adyndan baş buýrujy hökmünde Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgasy, jemagat çäreleri geçirilýän bassyrmasy, çagalar we sport çäreleri üçin meýdançalary hem-de birinji gatynda söwda dükanlary bolan 12 gatly 70 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “5M Inşaat Tekstil Ithalat Ihrajat Sanaýi Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim maksatnamasyna laýyklykda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek hem-de mekdep ýaşyna çenli çagalary häzirki zaman çagalar bagynda terbiýelemek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik – şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, umumy maýdany 9200 inedördül metr bolan 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem umumy meýdany 4620 inedördül metr bolan 160 orunlyk çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “5M Inşaat Tekstil Ithalat Ihrajat Sanaýi Ticaret Limited Şirketi” türk firmasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi hem-de çagalar bagyny 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Belarus Respublikasynyň döwlet sirkinde çykyş etmek üçin, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryndan hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistlerinden ybarat toparyň 2012-nji ýylyň 12-nji noýabry-3-nji dekabry aralygynda 14 adamdan ybarat hem-de 2012-nji ýylyň 14-nji noýabry-4-nji dekabry aralygynda 15 adamdan ybarat agzalary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherind gulluk iş saparynda bolarlar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda toplanan tejribeleri esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgelerini netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2012-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde bu Merkeziň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2012-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýew “Çžuhaý-2012” atly uçar sergisine gatnaşmak üçin 2012-nji ýylyň 11-14-nji noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň
Çžuhaý şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

* * *