Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 694
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda geçen hepdäniň jemleri jemlenip, döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasyny we ileri tutulýan milli maksatnamalary, şol sanda bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipelere garaldy. Nobatdaky maslahatyň gün tertibine ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük galla ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy bilen bagly meseleler girizildi.



Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen bilim ministri G.Mämmedowa söz berdi. Ol ministrligiň garamagyndaky düzümler bilen geçirilýän işler, şeýle hem şu gün açylýan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahat barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, forumda bilim ulgamyna türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň we bu ulgamyň beýleki edaralarynyň onlarçasy, häzir bilim bermekde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde hem-de hünärmenleri taýýarlamakda ulanylýan täze tehnologiýalary işläp düzmek we ilerletmek bilen meşgullanýan dürli ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary wekilçilik edýärler. Foruma gatnaşýanlaryň arasynda iri halkara guramalaryň we agentlikleriň, dünýäniň ylym-bilim merkezleriniň wekilleri hem bar. Halkara sergisinde dünýäniň 23 ýurdundan kompaniýalaryň 50-den gowragy öz öňdebaryjy gazananlaryny görkezerler.

Bu çäräniň işewür maksatnamasy boýunça daşary ýurtly alymlaryň we mugallymlaryň paýtagtymyzyň käbir okuw mekdeplerinde türkmen kärdeşleri we talyplary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Olarda gös-göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we bilelikdäki bilim taslamalaryny guramagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady bilimleri, maglumatly jemgyýeti döwrebaplaşdyrmak we kemala getirmek boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan işlerde milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine we dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär diýip belledi. Munuň özi iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary, bilim ulgamynyň, şol sanda akademiki we ýokary okuw mekdepleriniň netijeli işlemegini guramagyň usullaryny işjeň özleşdirmegi talap edýär. Şu gezek geçirilýän halkara forumyň işi hem hut şoňa gönükdirilendir. Ol diňe bir ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmelidir, oňa anyk netijeleri maksat edinmek ýaly işjeň häsiýeti çaýmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy üçin hünärli işgärleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, bilim bermegiň täze çemeleşmelerini we görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, elektron tehnologiýalaryny işjeň peýdalanmak, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ylmy-barlag merkezleriniň işlerini ýaýbaňlandyrmak zerurdyr diýip belledi.

Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganowa söz berildi, ol milli syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, 2016-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenilen pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we oňa girýän kärhanalaryň “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň işine gatnaşmagy hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Bu foruma iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň 30-dan gowragy gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz syýahatçylygy ösdürmek hakynda söz açyp, bu wezipäniň hem biziň ýurdumyz üçin möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynyň has girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak, şeýle hem edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek zerurdyr. Bu babatda milli Liderimiz bu pudak üçin hünärmenleri taýýarlamaga, netijeli maglumat beriş-mahabat we tanyşdyrylyş işini ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ileri tutulýan mesele bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz deňiz şypahanasynyň myhmanhana toplumyny netijeli dolandyrmagy hem-de bu ýerde täze sagaldyş edaralarynyň, dynç alyş merkezleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygyna göwnejaý gözegçiligi, olaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowy çagyrdy. Ol şu gün açylýan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, däbe öwrülen bu sergi sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam eder, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenlere biziň ýurdumyzyň degişli ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Sporty ösdürmekde we ýurdumyzyň ussat türgenlerini taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygynyň ornuny belläp, döwlet Baştutanymyz sport mekdeplerine okuwçylaryň seçilip alynmagyna we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zehinli ýaşlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Munuň üçin häzirki zaman tehniki serişdeleri we sport enjamlary bilen üpjün edilen täze sport desgalaryny netijeli ulanmak möhümdir.

Degişli düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda halkara sport ýaryşlaryny hem yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna geljek ýylda Türkmenistanda “Volkicar” ýaryş ulaglarynda halkara awtomobil ýaryşlaryny guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin şol ulaglary sürýän türkmen türgenleriniň eýýäm häzirden şol ýaryşlara taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygyny nygtady.



Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň başlygy D.Myratberdiýewi çagyrdy. Ol maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işler, häzirki zaman maldarçylyk fermalaryny degişli derejede saklamak, olary netijeli ulanmak boýunça işleriň guralyşy hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde maldarçylyk hojalyklarynda kärendeçi çopanlardan ybarat ýöriteleşdirilen toparlary döretmek, iýmlik ekinler üçin ekin meýdanlaryny giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Milli Liderimiz bu assosiasiýanyň ýolbaşçysynyň ünsüni maldarçylyk pudagynda düýpli kemçilikleriň bardygyna çekdi. Şolaryň arasynda pudakda mallaryň seçgi işlerini talaba laýyk alyp barmak, maldarçylyk fermalaryny giňeltmek, möhüm möwsüm bolan mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz işleriň pes derejede guralmagy ýaly düýpli kemçilikleriň bardygyny aýdyp, milli Liderimiz bu babatda degişli guramaçylyk işlerini durmuşa geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dörän ýagdaýy seljerip, ony düzetmek, gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi berk talap etdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk goruny döretmek boýunça ýörite iş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mallary ýyly we dok gyşlatmak boýunça degişli çäreleri görmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Gurbandurdyýewi çagyrdy. Ol özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň awtoulag kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiz degişli pudagy döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerine uly üns berýär, onuň tehniki parkynyň üsti dünýä belli önüm öndürijileriň häzirki zaman tehnikalary bilen ýetirilýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ministrligiň ýolbaşçysyna daşary ýurtlardan satyn alynýan ýolagçy awtobuslara tehniki taýdan hyzmat etmegiň degişli derejede ýola goýulmandygy üçin nägilelik bildirip, bar bolan ähli kemçilikleri tiz aradan aýyrmagy we awtoulaglary degişli ulanyş ýagdaýynda saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de paýtagtymyz we tutuş ýurdumyz boýunça ýolagçy awtoulaglarynyň takyk we bökdençsiz işlemegine degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygy B.Hallyýewi biziň ýurdumyzyň Bütindünýä meteorologiýa guramasyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara hem gol çekdi.



Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew käbir edaralaryň maliýe-ykdysady ýagdaýna geçirilen barlaglaryň, olaryň pudaklaýyn ösüş maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça guramaçylyk işleriniň netijeliligine geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ösüşiň döwlet maksatnamalary we meýilnamalary bilen kesgitlenen umumymilli wezipeleriň çözülmegi ähli ugurlarda utgaşykly çemeleşmäniň üpjün edilmegini talap edýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Ýokary döwlet gözegçilik edarasynyň döwlet serişdelerini dolanlyrmagyň netijeliligini üpjün etmekde, degişli ýagdaýyň umumy seljerilmeginde we strategik meýilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gözegçilik-seljerme işleriniň netijelerine baha bermegiň ölçeglerini işläp düzmekde öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen edaranyň guramaçylyk boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmek barada tabşyryk berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan degişli döwlet maksatnamalary bilen baglylykda, maliýe-bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli ugurda halkara ülňülerini ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden peýdalanmak, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek milli bank ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugruň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň, onuň dünýäniň häzirki zaman hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýan ýurdumyzyň bank edaralaryny döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz degişli ugurda bellenilen ähli meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibiniň nobatdaky meselesine – ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere geçdi. Milli Liderimiz göni wedeoaragatnaşykda welaýatlaryň häkimleri M.Nurmämmedowyň , S.Satlykowyň, E.Orazgeldiýewiň, Ý.Ýaýylowyň we K.Gurbanowyň hasabatlaryny diňledi. Olar Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Welaýat häkimlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, tamamlaýjy tapgyra gadam basan pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň netijeleri we depginleri, şeýle hem geçirilýän agrotehniki çäreler barada jikme-jik habar berdiler.

Milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleri, hususan-da, pagta ýygymyny gysga möhletlerde tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy hem-de ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz we öz wagtynda ýygnalmagy ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi, şeýle hem güýzlük däne ekişini agronomçylyk kadalaryna laýyklykda öz möhletinde tamamlamak üçin ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri oňat hilli geçirmegiň möhümdigini belledi, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek gönüden-göni şoňa baglydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ekerançylyga täze tehnologiýalary, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we ylmy çemeleşmäni giňden ornaşdyrmagy maslahat berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatlarda gurulýan medeni we durmuş maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Häkimler täze gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak we öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň durmuş ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekip, häkimlere täze desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak barada anyk tabşyryklary berdi, şeýle hem gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görmek bilen baglylykda ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň öňünde durýan möhüm durmuş-ykdysady wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin welaýat häkimlikleriniň öz tagallalaryny degişli ministrlikler we edaralar bilen utgaşdyrmagynyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz olaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmegi we çäkleri ösdürmegiň esasy ugurlary, şol sanda geljek ýyl üçin meýilleşdirilýän gurluşyk işleri boýunça anyk meýilnamalary işläp düzmegi tabşyrdy. Bulardan başga-da, welaýatlaryň senagat we üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewi çagyrdy. Ol öz hasabatynda paýtagtymyzda şäher gurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we täze binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamak, şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şäherde gurulýan desgalaryň ýagdaýy, paýtagtymyzda arassaçylygy we tertibi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkimden paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere, hususan-da, şäheri abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek, yşyklandyrmak, sanitariýa we ekologiýa kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegini talap etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň noýabr we dekabr aýlarynda belleniljek baýramçylyklara we dabaralara mynasyp derejede taýýar barmagy üçin ähli çäreleri görmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegiň, inženerçilik ulgamlaryny we awtoulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Ilatyň agyz suwy we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyryp, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ýyladyş ulgamyny gyş möwsümine taýýarlamak bilen bagly işlere berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi.

Paýtagtymyzy baýramçylyk lybasyna beslemek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz häkime şäher gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak we maddy-enjamlaýyn serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemlerini jemläp, şu gün garalan meseleleriň oýlanyşykly çözülmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli özgertmeleriň we ileri tutulýan taslamalaryň has-da öňe ilerlemegini şertlendirer diýip belledi. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz we şertlerimiz, ugurlary kesgitlemekde baý tejribämiz bar diýip, milli Liderimiz maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.