Ï Türkmenistan dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda öz garaýyşlaryny öňe sürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda öz garaýyşlaryny öňe sürýär

view-icon 710
Londonda dünýäniň iri syýahatçylyk forumy geçirilýär

Şu gün Beýik Britaniýanyň paýtagtynda BMG-niň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (World Tourism Organization-UNWTO) ministrler sammiti geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça onuň işine biziň ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu duşuşyga gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň dünýädäki geljegi uly syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde biziň ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyna gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin oňaýly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, özüni täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde tanadýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we ýakyndan goldaw bermeginde pudagyň innowasion düzümi, onuň häzirki zaman netijeli nusgasy döredilýär.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegi we giň möçberli halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi bu ulgamdaky ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. UNWTO agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamynyň ýolbaşçylarynyň şu forumy hem bu wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder.

Eýýäm altynjy gezek geçirilýän bu çäräniň maksady umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak hem-de umumy syýahatçylyk giňişligini döretmek üçin dünýäniň syýahatçylyk ulgamynyň ýolbaşçylarynyň oňyn gepleşiklerini geçirmekden ybaratdyr. UNWTO-nyň Baş sekretary jenap Taleb Rifai duşuşygy açyp, 2011-nji ýylda ýurtlaryň birnäçesindäki ykdysady çökgünlige garamazdan, dünýä syýahatçylygynyň girdejisiniň 4 göterim ýokarlanandygyna, syýahatçylaryň sanynyň 982 milliona barabar bolandygyna ünsi çekdi. UNWTO-nyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, 2030-njyýyla çenli bu san 1,8 milliarda barabar bolar. 2012-nji ýylda bolsa bu görkeziji ilkinji gezek 1 milliarddan geçer.

Şeýlelikde, syýahatçylaryň sanynyň okgunly ösýän şertlerinde bu ulgamda hereket edýän ähli gulluklaryň sazlaşykly işläp, syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary derejesini üpjün etmegi üçin ähli tagallalar edilmelidir.

Forumda iş orunlaryny döretmegiň, ykdysady ösüşi üpjün etmegiň serişdesi hökmünde syýahatçylygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara saparlaryny we giriş çärelerini ýeňilleşdirmek, şol sanda howa gatnawlary babatda giriş syýahatçylygynyň ösüşini bökdeýän çäklendirmeleri aradan aýyrmak, wiza syýasatyny döwrebaplaşdyrmak we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlara hem-de tekliplere garaldy.

UNWTO-nyň duşuşygynyň iri halkara syýahatçylyk sergileriniň biri bolan “World Travel Market” atly serginiň çäklerinde geçirilýändigini bellemelidiris. Bu sergi her ýyl Londonda geçirilip, oňa dünýäniň 200-e golaý ýurdundan wekiller – esasy syýahatçylyk we ulag kompaniýalary, myhmanhana işewürligi bilen meşgullanýan kärhanalar, ýerüsti, howa we deňiz ulaglary arkaly gatnawlary amala aşyrýan guramalar, söwda assosiasiýalary, işjeň dynç alşy guraýjylar hem-de dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda hereket edýän beýleki guramalar gatnaşýarlar.

Dört günüň dowamynda – 5—8-nji noýabr aralygynda olar Londonyň “ExCeL” sergi merkeziniň meýdançasynda öz mümkinçiliklerini görkezýärler, dürli ýurtlaryň täsin şypahanalary, ajaýyp ýerleri, täsin ugurlary, özboluşly suwa düşülýän ýerleri, tanyşlyk we sagaldyş syýahatçylygy hem-de bu ugurdaky bazaryň öňdebaryjylarynyň ýörite teklipleri bilen tanyşdyrýarlar.

Londondaky WTM halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge we täze hyzmatdaşlary edinmäge ýardam edýän esasy waka bolup durýar. Hut şu serginiň çäklerinde iri ylalaşyklar hem-de halkara şertnamalary baglaşylýar. Sergi diňe bu ulgamda işleýänler üçin niýetlenen hem bolsa, bu ýere gelýänleriň sany boýunça WTM sergisi her ýyl rekordlary täzeleýär we täze pikirleriň köpdürliligi hem-de ekspozisiýalaryň baýlygy bilen haýran galdyrýar. 2012-nji ýylda serginiň esasy mowzuklaýyn bölümleri dünýä boýunça syýahatçylygy amala aşyrmak, howa gatnawlary, myhmanhanalar, innowasiýalar we häzirki zaman tehnologiýalary, onlaýn syýahatçylygy, naýbaşy syýahatçylyk, ekstremal we sport syýahatçylygy ýaly bölümleri öz içine alýar.

BMG-niň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ministrler duşuşygyndan başga-da, onuň maksatnamasyna tanyşdyrylyş dabaralary, seminarlar, maslahatlar we beýleki çäreler, şol sanda geňeşmeleri, işewürleriň duşuşyklaryny geçirmek çäreleri girizildi.

Mysal üçin, forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň UNWTO-nyň Baş sekretary Taleb Rifai, “World Travel Market” atly serginiň Başlygy Fiona Jefferi, Beýik Britaniýanyň Milli syýahatçylyk agentliginiň (“Visit Britain”) prezidenti Judi Dýenç, şeýle hem iri daşary ýurt syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümini Beýik Britaniýada we beýleki ýurtlarda ilerletmek, syýahatçylyk üçin işgärleri taýýarlamakda tejribe alyşmak, syýahatçylyk ulgamda we garyşyk pudaklarda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatdaky wezipeler kesgitlenildi. Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki mowzuklaýyn çäreleri, hususan-da, işewürlik forumlaryny, tanyşlyk maslahatlaryny, sergileri we tanyşdyrylyş dabaralaryny guramak boýunça meseleleriň üstünde işlemek barada ylalaşyk gazanyldy.