Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezi döretmek baradaky Maslahat beriji geňeşiň “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçirildi.
Maslahata BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň orunbasary jenap Çao Lin we Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezi döretmek üçin tehniki teklipleri işläp taýýarlamak barada halkara geňeşçi jenap Diýego de Welasko çagyryldy.
Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň – daşary işler, tebigaty goramak, maliýe, ykdysadyýet we ösüş, oba hojalygy, suw hojalygy, nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly häzirki döwürdäki ählumumy derejeli möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirip öňe sürýän başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetlidigini belläp, iri halkara forumlarynyň münberlerinden öňe sürlen bu netijeli teklipleriň özboluşly many-mazmuna eýe bolmak bilen, tutuş adamzat tarapyndan oňlanylýandygyny we goldanylýandygyny aýtdylar. Ýurdumyz ekologiýanyň abadançylygy ýaly wajyp ähmiýetli jähede aýratyn üns berip, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen täze düzümlerini, şol sanda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkeziniň döredilmegini, Hazaryň ekologiýasy boýunça forumyň guralmagyny we Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan düýpli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.
Ýygnananlar ählumumy derejedäki meseleleri bilelikde çözmegiň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, doly möçberli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen bu möhüm başlangyçlaryň wajyp ähmiýetlidigini belläp, şolary amala aşyrmagyň dünýädäki ähli halklaryň bagtyýarlygyna we abadançylygyna esaslanýan bähbitlerine gös-göni laýyk gelýändigini aýtdylar.
Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar tutuş dünýäni tolgundyrýan meseleleriň çözülmegine işjeň gyzyklanma bildirmek arkaly çemeleşilmegine ygrarly bolan Türkmenistanyň toplan tejribesiniň eýýäm häzirki wagtda ýurduň halkara bileleşiginiň parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy yzygiderli ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna goşýan mynasyp goşandy hökmünde halkara derejesinde pikir alyşmak üçin ulanylmalydygyny nygtadylar.
Bu maslahat 13-nji noýabra çenli dowam eder.