Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 734
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda söwda ulgamynda we dokma senagatynda geçiriljek çäreler, halkara işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 5-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatdaky wezipeleri çözmäge täzeçe çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem eksport mümkinçiliklerini we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly söwda – dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky çärelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini belläp, bilelikdäki toparyň işini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde görkezdi. Bu toparyň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmek babatda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak meselelerine degip geçip, toparyň mejlisiniň gün tertibini taýýarlamak hem-de degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan ilkinji nobatdaky wezipeleri bilen baglylykda milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylygymyzy has-da döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn möhümdigini belledi we kanunlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ygtybarly binýady bolup durýandygyny, halkyň abadançylygynyň bolsa şol özgertmeleriň baş maksadydygyny aýratyn nygtady. Halkyň saýlanlarynyň ýerlerde geçirýän işleriniň netijeli bolmalydygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wagyz-nesihat işlerine döredijilikli çemeleşmegiň, parlamentarileriň öz saýlawçylary bilen has ýakyn gatnaşyklary saklamagynyň, ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen öňe ilerlemegine ýardam edýän täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy dünýä tejribesini we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljegi uly bolan meýilnamalary nazara almak bilen kanun çykaryjylyk ugurlarynyň birnäçesi boýunça täzeçillik işlerini giňeltmegiň gerekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady ulgama gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýew özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de halkara ülňülerini we ýokary netijeli öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmegiň, biziň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýan maliýe we bank edaralarynyň sazlaşykly işlemeginiň ähmiýetini belledi. Şunda

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümi has-da döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň usullaryny kämilleşdirmek we maliýe hasabatlylygy boýunça resminamalary düzmek babatda degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň 23-25-nji noýabrynda Aşgabatda, Mary we Lebap welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer bu wajyp ähmiýetli halkara derejesindäki medeni çärä gatnaşmak üçin, düzümine aýdym-saz toparlary, jaz topary, şekillendiriş sungatynyň wekilleri, Smitson institutynyň alymlary giren wekiliýetiň Türkmenistana geljekdigini habar berdi. ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň çäklerinde konsertler, kinofilmleriň görkezilişi, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklary guralar. Amerikan myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu maksatnama olara türkmen halkynyň baý medeni mirasy, biziň ýurdumyzyň gumanitar ulgamda gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz dostlugy we netijeli döwletara gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle hem biziň ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek işinde medeniýet ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek babatda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Ýurdumyzda medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm çäräni ýokary derejede guramak we geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi, ol obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy we gündelik meýdan işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň pagtaçylary Watan harmanyna 1 million 112 müň tonna “ak altyn” tabşyrdylar. Şeýle hem güýzlük däne ekişi üstünlikli tamamlandy. Däne ekilen ýerleriň aglaba böleginde eýýäm oňat gögeriş gazanyldy, olara zerur ideg edilýär—ösüş suwy tutulýar, ak ekinler haşal otlardan arassalanylýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Mary welaýatynda gant şugundyrynyň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda bolsa şalynyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnamak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

Bag ekmek möwsüminiň çäklerinde agaç nahallaryny oturtmak, şeýle hem maldarçylyk hojalyklaryny gyşa taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösldürmek maksady bilen, ýörite iş meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleri oňat netije berýär diýip belledi. Şu ýyl budgaýyň we pagtanyň oňat hasyly ösdürilip ýetişdirildi, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberleri artýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň ählisini oňat hilli hem-de öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini nygtamak bilen, güýzlük däne ekinlerine göwnejaý idegiň üpjün edilmeginiň depginleriniň güýçlendirilmegini talap etdi, munuň özi geljek ýylda oňat hasyly almagyň girewi bolup durýar.

Milli Liderimiz agaç nahallaryny ekmek, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga öwürmek hem-de abadanlaşdyrmak işlerini hemme ýerde dowam etdirmegiň zerurdygyny hem belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny Belarus Respublikasyna ibermek baradaky Buýruga gol çekmek bilen, bu toparyň jigitleriniň ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini geçirilýän dabaralarda ussatlyk bilen görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Degişli Buýruga laýyklykda Belarus Respublikasyna Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri hem iberilýär.

Şeýle hem milli Liderimiz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri barada söz açyp, asylly däpleri bolan milli sirk sungatymyzy ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet sirkiniň işi bilen gyzyklandy we bu ýerde ýylyň bütin dowamynda çagalar üçin gyzykly tomaşalaryň, täsirli sirk çykyşlarynyň guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, döwlet sirkinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin göwün göteriji, ýakymly we ýatda galyjy täsirli çäreler yzygiderli guralmalydyr diýip belledi.

Soňra “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Çaryýew möwsümleýin ekiş işleriniň jemleri, kärendeçi-gallaçylar bilen özara hasaplaşyklary geçirmek boýunça görülýän çäreler hem-de beýleki meseleler boýunça hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda elewatorlaryň 8-sini gurmak bilen bagly Kararyň taslamasy hem hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda giň gerimli özgertmeler netijesinde düýpli özgerişlikler bolup geçýär diýip belledi. Döwletimiz oba hojalygyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Gallaçylaryň has netijeli işläp, dänelik ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, pudagyň gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrylýar. Ylmy maslahatlara we bellenilen kadalara laýyklykda däne saklamak üçin şertler gowulandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze elewatorlary gurmak boýunça tabşyryklary berip, degişli Karara gol çekdi we onuň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine hem-de meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli bolmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra öz gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen amala aşyrylan iş saparynyň jemleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer saparyň meýilnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň “IT-park” ýokary tehnologiýalar ulgamynda tehnopark” döwlet awtonom edarasyna, täze awtoulaglar bilen tanyşmak üçin “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ylmy-tehniki merkezine we beýleki ýerlere baryp görendigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we şu nukdaýnazardan Tatarystan Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini aýratyn kanagatlanmak bilen nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýaly öňdebaryjy kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn belledi. Hususan-da, milli Liderimiz soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistana bu kysymdaky dürli maksatlar üçin niýetlenen kuwwatly ýük awtomobilleriniň we ýöriteleşdirilen awtoulag tehnikasynyň yzygiderli satyn alynýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň howa we ýerli şertlerimize laýyk gelýän awtoulag tehnikasynyň täze nusgalary işlenilip taýýarlanylanda Aşgabatda ýerleşýän “KamAZ” okuw-hyzmat ediş merkeziniň işini kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn taryhy çykyşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda täze iri nebitgazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasyny işläp düzmegiň barşy hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň gorlary boýunça baý ýataklaryň bolmagy gaz himiýa we nebit himiýa pudaklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gürrüň polietilen we polipropilen öndürýän, şeýle hem şol polimerlerden taýýarlanýan, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan dürli önümleri öndürýän häzirki zaman toplumlaryny gurmak hakynda barýar.

Ähli babatda geljegi uly bolan bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatynyň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmäge mümkinçilik berer we milli ykdysadyýetimizi has-da diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda rezin we kauçuk önümçiligini, polietilenden we polipropilenden taýýarlanýan, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini ýola goýmagyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçysyna degişli ugurda işleri çaltlandyrmak barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň 14-16-njy noýabrynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2012” atly halkara sergisini we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň esasy energetika bazarlarynda özüniň eýeleýän ornuny giňeldýär diýip belledi. Şunda türkmen döwleti energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňümizdäki hepdede Aşgabatda geçiriljek nebitgaz sergisi we maslahaty barada durup geçip, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni şu çäreleriň esasy maksatlaryna çekdi. Halkara forumy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň barha artýan serişdeler we senagat kuwwatyny doly derejede açyp görkezmelidir, şeýle hem Türkmenistanyň täze tehnologiýalara we nebitgaz pudagynda iri möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde baý tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow

özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, onuň hilini halkara ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we lukmançylyk ulgamyna degişli işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şu ulgamyň edaralaryny we kärhanalaryny häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine döwletimiziň mundan beýläk-de aýratyn üns berjekdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulgamyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň barşy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň 12-nji tapgyryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada jikme-jik habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer taslama boýunça ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň on dördüsini, 600 orunlyk mekdepleriň 2-sini, 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem 2-sini, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasyny, şeýle hem 3 sany ýerasty geçelgelerini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna doly laýyk gelmelidigini nygtap, şu maksatlar üçin ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini we olary rejeli hem-de netijeli ulanmagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň 12-nji tapgyryny gurmak baradaky toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp köşklere, täsin edara-binalaryna, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna beslenen Aşgabady sebitiň “binagärlik merjeni” diýip atlandyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, häzirki döwrüň binagärliginiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly şol çemeleşmeleriň anyk taslamalarda öz beýanyny tapjak meýdança hökmünde çykyş edýär diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Aşgabatda ýollaryň we geçelgeleriň ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmegiň, olary talaba laýyk ulanmagyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, gurulýan we gurulmaga taýýarlanylýan desgalaryň binagärlerine hem-de taslaýjylaryna bildirilýän esasy talabyň desgalary ygtybarly ulanmak we olaryň binagärlik keşbini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir taslamany işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.

Biziň esasy wezipämiz raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuşy we işlemegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu möhüm işde ownuk zat ýokdur, täze desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny we olaryň öz wagtynda tabşyrylmagyny üpjün etmek, ulag we jemagat düzümini iň ýokary talaplara laýyk getirmek hem örän wajypdyr. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşyp, dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy okgunly ösdürýändigi bilen hem şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem milli Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işgärleri üçin gurmagy meýilleşdirilýän 12 gatly 70 öýli ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada aýtdy we täze ýaşaýyş jaýynyň taslamasynda ýaşaýjylar üçin zerur bolan oňaýlyklaryň göz öňünde tutulandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz ilatymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini belläp, gurulmagy meýilleşdirilýän jaýlarda oňa göçüp geljek maşgalalaryň durmuş ulgamyna degişli ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini belledi we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şu ýörelgeleriň ähli ulgamlar üçin baş talap bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny oňlap, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezildentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow Türkmenistanyň Prezidentiň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça Aşgabat şäherinde iki sany orta mekdebi we iki sany çagalar bagyny gurmagyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary makullap we olary gurmak baradaky degişli resminamalara gol çekip, hemme ýerde häzirki zaman okuw mekdeplerini gurmak biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň möhüm tarapy bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljekki täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilini we öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra mejlisde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew çykyş etdi. Ol 70 öý üçin niýetlenilen häzirki zaman 12 gatly ýaşaýyş jaýyny gurmagyň taslamasy hakynda hasabat berdi. Bu jaý şu ministrligiň buýurmasy boýunça bina ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze belent jaýyň hödürlenen taslamasy bilen tanşyp, paýtagtymyzda gurulýan täze desgalaryň hemmesinde ýokary hilli häzirki zaman, iň ýokary talaplara, şol sanda bezeg nukdaýnazardan laýyk gelýän gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleriniň ulanylmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binalaryň içki we daşky bezegine degişli meselelere döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Aşgabat şäherini gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilýän ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar günsaýyn gözelleşýän türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şäher häkimi şeýle hem iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak, şäheriň ulag ýollarynyň, hususan-da, Bitarap Türkmenistan şaýolundan Görogly köçesine çenli Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň durkuny täzelemek üçin geçirilýän işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanyp, ony gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan gündelik işlere, ak mermerli paýtagtymyzyň ýokary abadançylyk derejesini üpjün etmäge, ony gülläp ösýän şähere öwürmek boýunça geçirilýän çärelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini özgertmekde, belent binalary we ýollary hem göz öňünde tutmak bilen, özboluşly milli öwüşginleri bu ugurda ylmy-tehniki iň täze gazanylanlar bilen sazlaşykda peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow şaýolunyň durkuny täzelemek hakynda degişli Karara gol çekip, bu ýoluň ugrunda guruljak geçelgeleriň, duralgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyna we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda hereket edýän şaýollaryň durkuny täzeläp, olaryň ugrunda täze seýilgäh zolaklaryny döretmek we medeni-durmuş maksatly desgalary bina etmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şu jähtden döwlet Baştutanymyz giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň esasy wezipesiniň adamlaryň abadan durmuş şertlerini, rahat ýaşaýşyny we netijeli zähmet çekmegini üpjün etmek bolup durýandygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Gurluşyk ministri J.Baýramow “Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde pudakda geçirilýän işler barada hasabat berip, durmuş we senagat maksatly möhüm desgalary gurmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlaryny maksatlaýyn özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Ministr şeýle hem Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen 12 gatly 114 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Gurluşyk ministrliginiň we onuň pudaklaýyn düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna aýratyn üns berdi. Şonuň bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ulanmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ýurdumyzyň hünärmenleriniň işläp düzmelerini giňden çekmegiň möhümdigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz taslama we binagärlik işleri babatda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň, şeýle hem şäher binagärliginiň bezeginde häzirki zaman täzelikleri giňden ulanmagyň möhümdigini belledi. Olar özünde dünýäniň şähergurluşyk meýillerini we gaýtalanmajak milli öwüşgini sazlaşykly jemlemelidir.

Milli Liderimiz gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň işgärleri üçin köp gatly ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda Karara gol çekip, meýilleşdirilen ähli işleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini ýatlatdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň buýurmasy boýunça paýtagtymyzda kaşaň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamak meselesi boýunça hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan resminamalary makullap we olara gol çekip, döwletiň geljekde hem ata Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, türkmenistanlylaryň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durýan harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada etjekdigini belledi. Ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça Aşgabat şäherini gurmagyň 12-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruljak täze desgalar – 12 gatly 44 öýli iki sany ýaşaýyş jaýlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz turuwbaşdan goranyş häsiýetine eýe bolan parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinany yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem mähriban Watanymyzyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün etmek işine ägirt uly goşant goşýan Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin anyk çäreleri görjekdigini nygtady.

SoňraTürkmenistanyň Telewideniýe, radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ş.Alowow bu döwlet komitetiniň işgärleri üçin Aşgabat şäherinde häziriki zaman ýaşaýyş jaýyny gurmagyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky Karary makullap we oňa gol çekip, onuň birkemsiz hilini we ulanylmaga berilmeli möhletlerini berjaý etmegi üpjün etmek bilen şol desgany gurmagyň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Öz nobatynda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri R.Bazarow Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleri üçin niýetlenilen häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny gurmagyň taslamasyny döwlet Baştutanymyza hödürledi. Bellenip geçilişi ýaly, 12 gatly bina otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýleriň 114-si üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslama bilen üns berip tanşyp, her bir öýüň ähli otaglary niýetlenilen maksadyna mahsus bezeg bilen tapawutlanmalydyr hem-de milli bezeg parçalary bilen bezelmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, täze jaýlarda aşhanalaryň degişli häzirki zaman enjamlary we durmuşda ulanylýan tehnika bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Kararyň taslamasyny tutuşlygyna alnanda makullap we oňa gol çekip, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna gurluşyk işleriniň möhletlerine hem-de hiline gözegçilik etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowa söz berildi. Ol bank ulgamynyň edaralarynyň işleri hakynda hasabat berdi, şeýle hem “Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň edara binasyny gurmak hakyndaky” we “Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, banklaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, karz hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek, halkara ülňülerini buhgalteriýa taýdan hasaba almagyň we maliýe hasabatlylygynyň ulgamyna ornaşdyrmak boýunça, şeýle hem bank hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz resminamalaryň hödürlenen taslamalaryny makullap we olara gol çekip, bellenilen desgalaryň gurluşygynyň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň, olaryň birkemsiz hilini hem-de ulanylmaga berilmeli möhletlerini berk berjaý etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaý gaznasynyň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna tabşyrdy. Milli Liderimiz ähli zerur çäreleri görmegi, degişli teklipleri taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyryp, ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi babatda ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar diýip belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine, şeýle hem şanly senä – Aşgabatda BMG-niň Orta Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlanylan halkara maslahatyna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berdi. Şol nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirmek bellenildi.

Daşary syýasat edarasynyň işgärleri üçin has oňaýly häzirki zaman 12 gatly 44 öýli jaýyň gurluşygynyň taslamasy hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden hem-de deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen öz gatnaşyklaryny guraýar diýip belledi. GDA-nyň işlerine gatnaşmak ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitleri bilen oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ugur alan türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Milli Liderimiz öňde boljak çäräniň – GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň möhümdigini nygtap, degişli Buýruga gol çekdi we Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

5 ýyl mundan öň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi oňyn bitaraplyk ugruna üýtgewsiz eýerýän we häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge örän işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň deňi-taýy bolmadyk iri sebit düzüminiň ştab-kwartirasy hökmünde türkmen paýtagtynyň seçilip alynmagy – munuň özi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň dowamy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyllarda merkez Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça, şol sanda ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly düzgünleşdirmek, giň möçberli energetiki howpsuzlygyň täze guralyny kemala getirmek, sebitiň suw serişdelerini netijeli dolandyrmak babatda biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy boýunça uly işleri geçirýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, geljekde-de umumy abadançylygyň, sebit boýunça goňşular we dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen netijeli gatnaşyk etmegiň hatyrasyna öz syýasy, ykdysady we medeni mümkinçilikleriniň ählisini peýdalanar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde bu merkeziň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek hakynda Buýruga gol çekip, ähli guramaçylyk meselelerini, şol sanda milli baýramymyz bolan Bitaraplyk gününe bagyşlanylan bu möhüm maslahatyň maksatnamasyny hem-de gün tertibini eserdeňlik bilen işläp geçmek barada hem görkezme berdi.

Döwlet Baştutany belent ýaşaýyş jaýyny gurmagyň taslamasy bilen tanşyp we tutuşlygyna alnanda, ony makullap, degişli karara gol çekdi, şol jaýy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmasy boýunça gurmak bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk hem-de işlerinde we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.