Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi

view-icon 818
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan dünýäniň okyjylar köpçüligini döwlet syýasatynyň we ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky, üçünji sany çap edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejedäki köp sanly duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň ähli döwletleri bilen gyzyklanma bildirilýän doly möçberli gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Žurnal bilen tanyşlyk hut şol duşuşyklara we gepleşiklere bagyşlanan aýratyn sözbaşy bilen başlanýar.


Soňky aýlarda ýokary derejede köp sanly duşuşyklar geçirildi, şolaryň her biri aýratyn möhüm ähmiýete we many-mazmuna eýe bolmak bilen, olar türkmen Lideriniň türkmen halkynyň abadançylygyny ugur edinýän uly möçberli işleri durmuşa geçirýändigine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir ýurdumyzda däl-de, sebitde parahatçylygyň we asudalygyň saklanmagynyň ýurdumyzyň rowaçlygyny gazanmakda, öňde goýlan belent maksatlara üstünlikli ýetmekde wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyna düşünip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Şu ýylyň 9 -- 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldy. Şol saparyň çäklerinde taraplar häzirki döwürdäki ýagdaýlary we geljekki mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, mundan beýläk-de özara arkalaşykly hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyrdylar. Şol aýyň ahyrynda Türkmenistana Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon resmi sapar bilen geldi. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygynyň jemleri boýunça dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tähranda Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy wajyp ähmiýetli waka boldy. Ýurdumyz parahatçylyga, howpsuzlyga we umumadamzat ösüşine esaslanýan syýasaty yzygiderli amalla aşyrmak arkaly 42 sany halkara guramalarynyň 42-siniň düzümine, şol sanda Goşulyşmazlyk Hereketine hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz 1995-nji ýyldan bäri Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, Türkmenistanyň halkara derejesindäki işinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, ýaragsyzlanmagyň barşyna ýardam berilmegine, halkara derejesindäki meseleleri we gapma-garşylykly ýagdaýlaryň diňe diplomatik, gepleşikleri geçirmek usullary arkaly çözülmegine gönükdirilen esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini aýtdy.

Sammitiň gün tertibine halkara derejesinde derwaýys meseleler goşuldy. Sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn möhüm ähmiýetli duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi, şol sanda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad, Eýranyň beýik ruhy Lideri Aýatolla Saýed Ali Hoseýni Hamaneýi, şeýle hem Yslam ösüş bankynyň baştutany Ahmad Muhammed Ali Al-Madani bilen duşuşdy.

2012-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna resmi saparynyň barşynda geçiritlen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara derejesinde, ilkinji nobatda ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine gönükdirilen ugry bilen baglylykda Latwiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Bir söz bilen aýdanyňda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň ählisi ýurdumyzyň sebitde we dünýä derejesinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek boýunça ýöredýän daşary syýasy ugrunyň hemmeler tarapyndan goldanylýandygyny we halkara bileleşigi tarapyndan oňlanylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Hut Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleri çözmegiň oňaýly, oýlanyşykly ýollaryny gözlemekde eýerýän ugry iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilmegine degerli badalga berdi. Häzirki wagtda BMG-niň howandarlyk etmeginde bütindünýä derejesinde açyk gatnaşyk alnyp barylýar.

Žurnalda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde dawaly hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak we olary kadalaşdyrmak, ählumumy howplara we wehimlere garşy durmak, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşi üpjün etmek, ekologiýa degişli meseleleri çözmek ýaly wajyp ähmiýetli ugurlarda BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegine badalga berilmegine gönükdirilip, ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan aýratyn makala çap edildi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili wezipesine bellenilen hanym Jasinta Barrins “Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna guwanýar” diýip belledi. Diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň uly möçberli durmuş ykdysady özgertmelerini hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlaryny oňlap we dolulygyna goldap, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny mundan beýläk-de berkitmekde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählumumy ösüşiň hem-de

rowaçlygyň bähbidine dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýylda özüniň 20 ýyllygyny belleýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýandygyny aýdyň görkezýän mysal bolup biler. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wladimir Garkun Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli aragatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ugrunyň GDA gatnaşyjy döwletler tarapyndan dolulygyna goldanylýandygyny hem-de 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmegi baradaky çözgüdiň muny ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny belledi.

Daşary ýurtly diplomatlar – Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Zulkefli bin Mohd Nur hem-de Horwatiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dražen Hrastiç özara gyzyklanma bildirilýändigini we oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny göz öňünde tutmak arkaly guralýan doly möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly ýagdaýlaryň bardygyny belläp, tutuş dunýäde uly at-abraýa eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdylar.

Häzirki döwürde birnäçe möhüm milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän ulgamy bolan saglygy goraýyş pudagynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygy we milli Liderimiziň düýpli özgertmeleri ugur edinýän döwlet syýasaty milli saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi diýip belleýän awtoryň makalasy hut şu ugra bagyşlanypdyr.

“Ykdysady diplomatiýa” diýen rubrika bilen çap edilen “Türkmenistan—ABŞ: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösüş ýolunda” atly makalada “Türkmenistan—ABŞ” işewürler geňeşiniň döredilişiniň taryhy we köp ugurly işi barada gürrüň berilýär. Häzirki wagtda bu işewürler geňeşi dostlukly iki ýurduň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda kesgitleýji orny eýeleýär.

Şu ýylyň güýzüniň başynda Hytaýyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Şanhaý institutynyň halkara barlaglar boýunça ylmy komitetiniň başlygy hanym Ýuý Sintýan türkmen-hytaý ylmy hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy. Myhman Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, söhbetdeşlikde Hytaýyň halkara barlaglaryny geçirmek boýunça toplan tejribesi bilen tanyşdyryp, Türkmenistanda ilki başda demokratik, hukuk we ösen bazar ykdysadyýetli döwleti gurmak we kuwwatly raýat jemgyýetini kemala getirmek boýunça dogry ugruň saýlanyp alnandygyny belledi.

Adaty “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly rubrikanyň astynda berilýän maglumatlar şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen maslahatlara, okuw maslahatlaryna, brifinglere, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmelere, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we iri halkara guramalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklara we gepleşiklere bagyşlanýar.