Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 581
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, olar döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Nobatdaky iş maslahatyň gün tertibine oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, sebitlerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we ýyladyş ulgamlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna saýlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi. Bu çözgüt BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Ol döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen gutlap, biziň ýurdumyzyň bu Geňeşe agzalyga saýlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, döredilikli daşary we içeri syýasatynyň aýdyň netijesidir we ol Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýyny şertlendirdi diýip nygtady.

Belleniligi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-nyň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Onuň ugurlarynyň has-da artmagy şu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine işjeň üns bermegi netijesinde biziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň. şol sanda BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üsti täze many-mazsun bilen ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu geňeş BMG-nyň baş guramalarynyň biri bolmak bilen, onuň toparlarynyň ykdysady we durmuş ulgamyndaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem bu ulgamdaky halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we degişli teklipnamalary işläp taýýarlamak üçin merkezi forum bolup durýar diýip nygtamak gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2010-njy ýylyň 13-nji awgustynda geçiren mejlisinde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren ugurlaryny goldady. Şol mejlisde Türkmenistany BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna görkezmek boýunça teklibi taýýarlamak baradaky başlangyç aýan edildi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-nji mejlisinde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan öz kandidaturasyny 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna hödürleýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleri hakynda aýdanyňda, bu meseläniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenendigini bellemeli. Şu döwrüň içinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ägirt uly maksatnamalaýn işleri amala aşyrdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli we düýpli özgertmeler syýasatynyň aýdyň netijesidir. Hut şeýle özgertmeleriň netijsinde türkmen döwleti durnukly ykdysady we durmuş ösüşini äşgär edýär hem-de dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zamanyň derwaýs meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmak we işläp taýýarlamak maksady bilen ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça umumy tagallalara goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyzyň şunuň ýaly ýokary derejeli jogapkärçilikli başlangyçlarynyň, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ählumumy ykrarnama we goldawa eýe bolmagy beýleki birnäçe ýagdaýlarda hem anyk tassyk edilýär. 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistan BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň ygtybarly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna we 2010-2011-nji ýyllar üçin BMG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasynyň Başlyklygyna saýlandy. 2011-nji ýylyň aprelinde BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk mejlisinde biziň ýurdumyz hemşelik esasda BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetine saýlandy. Geçen ýyl Türkmenistan 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň neşe serişdeleri boýunça Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm kömekçi guramasy bolup durýan Komissiýasynyň düzümine saýlandy. Şeýle hem biziň ýurdumyz 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Geçen ýylyň güýzünde bolsa biziň ýurdumyz 2011-2012-nji ýyllar üçin BMG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasynya Başlyklygyna saýlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistan halkara utgaşdyrmalarynyň we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulmak bilen özüniň ägirt uly döredijiik mümkinçiliklerini we oňyn tejribelerini tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirmäge çalyşýar we öz meýillerini anyk işler arkaly tassyk edýär.

Wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri hasabaty jemläp, özüniň gözegçilik edýän düzümleriniň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň öňde duran möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ähli tagallalaryny gýagyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen gutlady we munuň özi Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini alamatlandyrýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, biziň ýurdumyz indi 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilkili halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzyň BMG-nyň dürli maksatnamalaryny, taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygynyň subutnamasydyr.

Şu abraýly gurama bilen bilelikde Türkmenistanda iri halkara çäreleri yzygiderli guralýar diýip, milli Liderimiz belledi. BMG Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, sebitleriň hem-de ählumumy möçberli ykdysady durnuklylygyň pugtalanmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ygtybarly ugratmagyň kepiline, daşky gurşawyň goralmagyna, şeýle hem beýleki derwaýys halkara wezipelerine degişli meseleleriň oňyn çözülmegini şertlendirýär.

Türkmenistan BMG-nyň bize berýän goldawyna ýokary baha berýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanyz biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak arkaly mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň birnäçe möhüm ugurlary boýunça beýleki döwletler bilen oňyn tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de BMG-nyň dürli düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Ykdysady we Durmuş Geňeşi bilen häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tutuş Milletler Bileleşigine, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýan we biziň ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny goldan ähli döwletlere türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan ýakyn üç ýyl üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagy baradaky meseläni çynlakaý we örän jogapkärçilikli kabul edýändigini bellemek bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyna taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Iş maslahatynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzy talyplaryň arasynda Ysraýylda agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünligi bilen gutlady, şonda türkmen türgenleri üç sany medala (altyn, kümüş we bürünç medallara) mynasyp boldular. Wise-premýer türkmen samboçylar toparynyň Belarus Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça geçirilen dünýä bäsleşiginde hem şunuň ýaly üstünlige eýe bolandyklaryny habar berdi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, ol ýaryşda türkmen türgenleri ýokary derejeleri gazanyp, üç medala mynasyp boldy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri üçin, Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çäginde 120 orunlyk Ýörite dikeldiş merkezini gurmak üçin teklip edilýän ýer böleginiň çyzgysyny hödürledi.

Türkmen türgenleriniň gazanan ýokary netijeleri baradaky habary kanagatlanma bilen diňläp, milli Liderimiz olara we tälimçilere özüniň gutlaglaryny aýtdy. Türkmen türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän iri ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolmagy, hususan-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň jähedinde has-da derwaýysdyr diýip belledi.

Täze desgalaryň, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýýynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ony kämilleşdirmek ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we tutuşlygyna alnanda milletiň saglygyny goramaga gönükdirilen syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belledi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň ulgamyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça buýrujy bolmagynda alnyp baryýlan işler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz adamlaryň döwrebap we ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ulgamyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny oňlap, degişli resminama gol çekdi.

Aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilatyny telefon aragatnaşygynyň häzirki zaman görnüşleri bilen ýokary hilli üpjün etmegiň meseleleriniň derwaýysdygyny we “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň çözülmeginde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täze enjamlaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer awtoralli we karting ýaryşlaryny geçirmek üçin ýer bölegini bölüp bermegiň meseleleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň derwaýysdygyny bellemek bilen, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda alnyp barylýan işleri we degişli düzümde gurulýan desgalaryň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns bermelidirler, hususan-da, sport toparlary hemmetaraplaýyn goldanylmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň we beýleki düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hemişe ýokary sport üstünlikleri bilen şöhrat gazanmalydyrdyr diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu asylly ýörelgäni dowam etdirmegiň, ony döredijilikli ösdürmegiň we halkymyzyň gyzykly we özüne çekiji görnüşi bolan sport bilen hemişe meşgullanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berdi. Wise-premýer “Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýarlyk hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly serginiň çäklerinde geçirilýän maslahata daşary ýurtlaryň belli alymlary we bilermenleri abraýly halkara guramalarynyň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we biziň ýurdumyzyň ugurdaş pudaklarynyň wekilleri gatnaşarlar. Forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýurduň senagat düzümini yzygiderli ösdürmek arkaly ägirt uly uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz bounça işewür toparlary we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara peýdaly hyzimatdaşlygyň täze ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylygy degişli halkara kadalaryna laýyk alyp barýan Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny berkidýändigini aýtdy. Ýurtda dördeilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşydyrmak we ony tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň, şeýle hem türkmen energogöterijilerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köp ugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna pudagyň serişde binýadyny pugtalandyrmak bu hyzmatdaşlygyň derwaýys ugry bolup durýar.

Şu jähetden öňde boljak maslahat Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda işlemäge, şeýle hem alymlaryň we hünärmenleriň toplan tejribelerini alyşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen bilelikdäki işiň meselelerini apa alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýeti bolar. Forumyň Türkmenistanyň gury ýerde we deňizde uglewodorod serişdelerini gözlemek hem-de gazyp almak, nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegini şertlendirjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ulgama degişli desgalaryň gurluşygy hakynda hasabat berdi Şeýle hem şu ýylyň 14-16-njy noýabrynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2012” ady bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara sergisne görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Aşgabatda her ýylda geçirilýän ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň barha ösýän serişdeleýin we senagat mümkinçiliklerini giňden beýan edýändigini hem-de ol Türkmenistanyň täze tehnologiýalary we nebitgaz pudagyndaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde baý tejribeler eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamda ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlygy diňe bir milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini däl, eýsem energiýa çeşmelerine we ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyklykda olary ugratmagyň serişdelerine kepillendirilen esasda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün eder. “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2012 “ sergisi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegine gönükdirilen bu iri pudaklaýyn çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onuň wekilçilikli derejä we derwaýys ähmiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, hususan-da, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" we 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasynda kesgitlenen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegiň jähedinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenagta” döwlet konserniniň “Ak altyn” pagta söwda kärhanasy tarapynlan şu ýylyň hasylyndan kabul edilen pagtanyň el ýygymy boýunça geçirilýän hasaplaşyklar barada maglumat berdi.

Welaýatlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde, ilkinji nobatda bolsa oba ýerlerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan meýilnamalaryň we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan ähli işleriň utgaşykly ýola goýulmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini we mundan beýläk-de pagta öndürijileri höweslendirmäge we goldamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini, daýhanlaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýän ähli işleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, mill Liderimiz degişli düzümleriň sazlaşykly işini upjün etmek we durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur işleriň alnyp barlymalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hökümet edaralarynyň we dolandyryş guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadagyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, iş önümçiligine innowasiýalary ornaşdyrmak we bu ulagmda halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaytynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda alnyp barylýan işler, bag nahallaryny oturtmak hem-de Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kärendeçi daýhanlar bilen hasaplaşyk işleriniň bellenen tertipde alnyp barylmalydygyny we ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna ykjam taýýarlyk görülmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz häzirki döwürde ekologiýa meselesi möhüm ugur bolup durýar diýip bellemek bilen, ýurdumyzda bag ekmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, sebitde gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokralandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi hem-de welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny görkezdi. Mundan başga-da, häkim Ruhabat galla önümleri kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriň depginini ýokarlandyrmk, hususan-da, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna başlamak bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň zerur derejede geçirilmelidigini hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça guraljak dabaralara we Ruhabat galla önümleri kärhanasynyň açylyşyna ykjam taýýarlyk görülmelidigi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa hasabat bermek üçin söz berildi. Häkim welaýatda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, sebitde, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde elektrik geçirijilerini gurmagyň meýilnamasyny we welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň taslamasyny mili Liderimiziň garamagyna hödürledi we olar boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli bina edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy we görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk pudaklaryndaky gyşky möwsümi göwnejaý geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän myhmanhananyň taslamasy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk berjaý edilmeginiň zerurdygy hakynda aýdyp, ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky übtügine çenli ýygnap almak we beýleki oba hojalyk işlerini ýokary derejede alyp barmak, daýhanlar bilen hasaplaşyk işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Garlyk şäherçesinde gurulýan binalardaky işleriň gidişi, hususan-da, ol ýerde degişli düzümleriň desgalarynyň gurluşygy bilen bir hatarda ulag ýollarynyň, elektrik we suw geçiriji ulgamlaryň çekilýändigi we ugurdaş desgalaryň toplumlaýyn gurulýandygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleri, hususan-da, pagta ýygymyny öz möhletlerinde tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dänelik ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň şu günlerki durmuşa geçirilýän agrotehniki çärelere baglydygyny belledi. Diňe bir welaýatyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti boljak desgalaryň gurulýan ýeri bolan Garlyk şäherçesinde alnyp barylýan işleriň okgunly häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta işjeň çekilmegi hem-de türgenleriň ýokary netijelere eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim hasabatynda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, däneli ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitde gurulýan desgalar hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde sebitde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijlei häsiýete eýe bolmalydygyny, welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belläp, bu babatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna welaýatyň çäklerinde ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda täze taslamalary işläp taýýarlamak, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işlere, hususan-da, ýollaryň, binalaryň gurluşygyna, şäheriň yşyklandyrylyşyna, onuň çäklerinde gök zolaklaryň döredilişine ünsi çekip, şu işler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşgabatda baýramçylyk dabaralaryna we paýtagtymyzda geçiriljek halkara çärelerine taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Häzirki döwürde dünýäniň gözel şäherleriniň hataryna ynamly goşulýan paýtagtymyz hemme babatda nusgalyk şähere öwrülmelidir we ol myhmanlaryň ünsüni özüne çekmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde, halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.