Nýu-Ýorkdan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Bu şatlykly waka barada şu gün geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň Daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň işjeň daşary syýasat başlangyjynyň ýene-de biri durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden birnäçe gezek çykyş etmek bilen, halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň ählumumy ykdysady we beýleki wezipelerini çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşmak maksadynda BMG-nyň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny belledi.
Munuň özi häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak meselelerinde möhüm orny eýeleýän, parahatçylygy, howpsuzlygy we sebitleýin hem-de ählumumy möçberde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalaryň utgaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýän we Türkmenistanyň döredijiik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine durmuşa geçirmäge çalyşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany 2013-2015-nji ýyllar üçin bu abraýly guramanyň agzalygyna kabul etmek baradaky başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürüldi. Biz onuň işine ykjam taýarlyk görýäris we bu gurama agzalyga saýlananymyzda onuň öňünde duran wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallamyzy gaýgyrmarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiziň bu sözleri biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri bilen parahatçylyk, ynsanperwerlik we gyzyklanmalaryň özara deňeçerligi nukdaý nazaryndan ýola goýulýan netijeli we köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga bolan meýilleriniň aýdyň subutnamasy hökmünde ykrar edildi.
Ykdysady we Durmuş Geňeşi bu BMG-nyň esasy 6 guramalarynyň biridir. Onuň işi ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky, şeýle hem saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ugurlaryndaky halkara wezipeleriniň çözülmegini şertlendirýär.
BMG-nyň Täzelikler merkeziniň habar bermegine görä, Geňeşiň işine 54 döwlet gatnaşýar. Onuň düzümi her ýyl täzelenip durýar. Türkmenistanyň şunuň ýaly abraýly ykdysady düzümiň agzalygyna saýlanmagy soňky ýyllarda ykdysady görkezijileriň ýokary derejelerine eýe bolýan, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny berkitmegini üpjün eden syýasy ugrunyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň ýurdumyz ýokary netijeleri gazanyp we durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň we maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde ählumumy maliýe çökgünliginiň ýaramaz täsirlerinden sowulyp geçdi we köpugurly we durmuş ulgamyny ugur edinýän milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmegi, bank-maliýe ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ähli gyzyklanma bildirlýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen doly möçberli gatnaşyklary ösdürmekde dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagy esasy ugur edinýän ykdysady strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ynamly gadam urmak arkaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklap gelýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döremegini, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply önümleriň artmagyny we onuň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny, telekeçiligiň ösdürilmegni, halkymyzyň ýaşaýş derejesiniň täze hiliniň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Abraýly halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-nyň düzümleýin agentlikleri niň we öňdebaryjy düzümleriň berýän ýokary bahalary we oňyn çaklamalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň soňky ýyllarda durnukly ösüşe eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmak we ähumumy durnukly ösüşiň meselelerini çözmekde işjeň orun eýelemek bilen abraýly halkara düzümlerine, şol sanda BMG-nyň çäklerindäki ykdysady institutlara, ilkinji nobatda bolsa BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine gatnaşyjy hökmünde wekilçilik etmek ýaly möhüm ugur boýunça netijeli iş alyp barýar.
Oňyn bitaraplyk esaslaryna daýanýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän gurama bolan BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruny yzygiderli alyp barýar. Soňky ýyllarda toplanan baý tejribelere we özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejedäki netijeli mümkinçiliklerine daýanmak akraly häzirki döwürde biziň ýurdumyzda şeýle hyzmatdaşlygyň üsti täze hil we mazmun bilen ýetirilýär.
2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistan BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň ygtybarly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna we BMG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasynyň Başlyklygyna saýlandy. 2011-nji ýylyň aprelinde biziň ýurdumyz BMG-nyň abraýly guramalarynyň birbada üçüsine saýlandy. Türkmenistan 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň agzalygyna, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň düzümine, şeýle hem BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetine hemişelik esasda saýlanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna öz kandidaturasyny görkezmek bilen ilki başda iki sany möhüm maksada gulluk etdi. Olaryň birinjisi Birleşen Milletler Guramasyna halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, dünýäniň dürli döwletleriniň we sebitleriniň durnukly ösüş, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak ýagdaýlaryna ýygjam goşulyşmakda ýokary derejede ýardam bermekden ybaratdyr.
BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine agzalyk Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerinde BMG-nyň dürli düzümleriniň meselelerini işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanda bar bolan düzümleýin mümkinçilikleri halkara bileleşiginiň netijeli peýdalanmagy nukdaý nazaryndan has ähmiýetlidir.
Onuň ikinji maksady bolsa BMG-nyň Türkmenistanda iş ýüzünde durmuşa geçirilen taslamalarynyň netijesine daýanmak arkaly biziň ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýleki döwletleriň öwrenmekleri üçin nusga hökmünde görkezmekden ybaratdyr.
Şeýlelikde, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine agzalyga saýlanmaşy bir tarapdan täze ýörelgeleri öňe sürmäge we olary durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri açýar. Beýleki bir tarapdan bolsa biziň döwletimiziň üstüne Geňeşinň işini işläp taýýarlamakda we ony kabul etmekde ägirt uly jogapkärçiligi ýükleýär.
Türkmenistan bu möhüm guramanyň düzümine girmek bilen halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamagyň we ony pugtalandyrmagyň baş kepili bolan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny we möhüm ornuny ykrar edýär hem-de özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini BMG-nyň yglan eden Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetilmegine gönükdirip, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge meýillidir.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi. Onda bu möhüm waka boýunça giňişleýin çykyşlar guraldy. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm wezipeleriniň biri bolan dürli ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak we artdyrmak boýunça ýurdumyzyň daşary syýasatynyň degişli wezipeleri äşgär edildi.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahatyna daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara we jemgyetçilik guramalarynyň işgärleri, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çagyryldy.
Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň diplomatlary hem pikir alyşdylar. Olaryň hatarynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap W.Badalýan, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap I.Çahwaşwili, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohammad Fazel Saifi we beýlekiler bar. Maslahatda çykyş edenler bu möhüm waka ýokary baha bermek bilen, onuň arkasynda türkmen döwletiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy siňdiriden daşary syýasat strategiýasynyň üstünligi dur, bu bolsa Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň baş kepilidir diýip bellediler.