Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň daşary işler ministriniň Aziýa we Okeaniýa ýurtlary boýunça orunbasary jenap Seýed Abbas Erakçiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgelere laýyklykda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edaprasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Eýranyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn-syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň iki döwletiň, şeýle hem tutuş sebitiň rowaçlanmagyna gönükdirilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we täze uly möçberli bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary ozal baglaşylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň wajyp ähmiýetlidigini aýratyn bellediler, ikitaraplaýyn we köp taraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gepleşigini yzygiderli ösdürmekde bu topar aýratyn möhüm orny eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen hem-de diňe bir dostlukly iki halk üçin däl-de, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we yzygiderli ösüş bilen baglylykda möhüm ähmiýetli ýagdaý diýlip hasaplanýan işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Baş konsulluk müdirliginiň başlygynyň orunbasary jenap Sergeý Bobow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Soňky ýyllarda uzak möhletleýin we deňhukuklylyk esasynda sazlaşykly ösdürilýän we däbe öwrülen türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda pikir alyşmagyň barşynda ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary göz öňünde tutmak arkaly, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň özara netijeli hereket etmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmattdaşlygy işjeňleşdirmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ozal kabul edilen türkmen-belarus şertnamalarynyň we ylalaşyklaryň berjaý edilmegine degişli anyk ugurlaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar onuň netijeli we özara peýdaly bolandygy babatda kanagatlanma bildirip, konsullyk ulgamynda şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, konsullyk hyzmatlaryny berjaý etmek bilen baglylykda iş ýüzünde ýüze çykýan meseleleri netijeli çözmek üçin Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde şunuň ýaly duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda geçirmegiň möhümdigini bellediler.

* * *