Türkmen paýtagtynda halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2012” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu iri nebitgaz forumyna Ýewropa Bileleşiginiň, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň, Norwegiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň birnäçesiniň we beýlekileriň wekilçilikli toparlarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy onuň wekilçilikli derejede geçirilendigini görkezýär.
Däp boýunça her ýylda geçirilýän sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň iri kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 30-sy sergä ilkinji gezek gatnaşyp, öz kompaniýalaryna we kärhanalaryna wekilçilik etdiler . Üç günüň dowamynda olar berjaý edýän hyzmatldary we öndürilýän önümler, şol sanda uglewodorod çig malyny gözlemek, agtarmak, çykarmak, daşamak, çuň burawlamak, deňizde gözleg-agtaryş işlerini geçirmek hem-de kenardaky ulgamlary gurmak, ulanylýan ýangyç geçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täze ýangyç geçirijileri çekmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, guýulary guramak we ulanmak, dolandyryş we ýangyç geçirijiler boýunça anyklaýyş ulgamlaryny ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan işleýän çeşmeleri hem-de kärhanalarda ekologiýanyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça döwrebap tehnologiýalary we soňky gazanylanlar bilen tanyşdyrdylar.
Aşgabatdaky sergä nebitgaz ulgamynda baý iş tejribesini toplan dünýäniň iri kompaniýalarynyň giňden gatnaşmagy halkara işewür toparlarynyň soňky ýyllarda ygtybarly we işjeň hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda bildirýän gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.
Geçirilen forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada doly we jikme-jik maglumatlar berildi hem-de birnäçe duşuşyklar geçirildi, bu duşuşyklar ýurdumyzyň ýangyç-energetika gorlarynyň netijeli özleşdirilmegine we rejeli ulanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň binýadyny döretmek üçin guraldy.
Däbe öwrülen gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýan firmalar we kärhanalar bilen birlikde, bu ýerde Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýänler hem giň ekspozisiýalary guradylar. Olaryň arasynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy, “Gazprom”, “Itera” (Russiýa), “Chevron”, Exxon Mobil, Honeywell, Halliburton, Weatherford (ABŞ), Petronas (Malaýziýa), RWE, Zeppelin (Germaniýa), OMV (Awstriýa), Eni (Italiýa), BP ( Beýik Britaniýa), britan-arap Dragon Oil, Schlumberger, Sifal, Total (Fransiýa), Itochu, Komatsu (Ýaponiýa) we geljegine uly umyt bildirilýän türkmen bazarynda indi birnäçe ýyldan bäri üstünlikli işleýän beýleki köp sanly kompaniýalar bar. Ýeri gelende aýtsak, sergide metallurgiýa, himiý, maşyn gurluşyk, energetika senagaty bilen tanyşdyryldy.
Ýurdumyzyň nebitgaz boýunça pudaklaýyn edaralar hem özleriniň mümkinçilikleri hem-de ýangyç-energetika toplumynda gazanylan uly üstünlikleri, bu toplumyň ýakyn döwürdäki we geljekki ösüşi hem-de bu ugurdaky ýagdaý bilen aýdyň tanyşdyrdylar.
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşan wekilleriň 700-den gowragy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, bu toplumda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, serwis hyzmatllaryny berjaý etmek boýunça toplanan tejribe hem-de ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanma bildirmegi ilkinji nobatda milli ykdysadyýetiň bu pudagynda düzümleri özgertmegiň giň gerimde alnyp barylmagy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejä ýetirilmegi bilen şertlendirilendir. Hususan-da, ulanyşda burawlamagyň barşynda önümli gatlaklary anyklamak, guýularda suw we örtmek bilen bagly abatlaýyş işlerini geçirmek, bilelikdäki geofiziki ylmy-barlaglary amala aşyrmak, ulag infrastrukturasynyň desgalarynyň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak hem-de gözleg-agtaryş işlerini geçirmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek hem-de nebithimiýa we beýlekiler ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen baglylykda şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna badalga berip biljek has möhüm ähmiýetli taslamalaryň hatarynda görkezildi. Gazhimiýa senagatynda “mawy ýangyjy” ulanmak boýunça tehnologiýalar hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şu ugur boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri käbir taslamalara gatnaşmaga isleg bildirilmeginiň sebäplerini delillendirdiler.
Türkmenistanyň Hazaryň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny özleşdirmek barada beýan edilen meýiller hem maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Deňziň türkmen böleginde nebitiň we tebigy gazyň uly gorlary bar. Türkmenistanyň tebigy gazy ýurdumyzyň islendik ugurda serhetdeş döwletler bilen serhetde satmak baradaky maksada eýerýändigi nobatdaky gezek tassyklandy hem-de ýurduň içinde gaz geçirijileriň halkalaýyn ulgamynyň muňa ýardam berjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde bitarap türkmen döwletiniň uglewodorod çig malynyň eksporty üçin özara hasaplaşyklarda hem şu garaýşa eýerýändigi hemmelere mälimdir hem-de munuň ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen diňe işewürlik söwda -- ykdysady gatnaşyklarynyň syýasatlaşdyrylmagynyň aradan aýrylmagyna esaslanýan ýörelgä berk eýerýändigini aýdyň tassyklaýan subutnamalaryň biridigini bellemek gerek.
Forumda çykyş eden myhmanlar – birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri ozal baglaşylan ylalaşyklary basym berjaý etmek hem-de bilelikdäki täze işewürlik taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşdylar hem-de özleriniň iş ýüzünde amala aşyrmak isleýän meýillerini aýdyňlaşdyrdylar.
Foruma gatnaşan kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň ýangyç-energitiki toplumynyň ýolbaşçylygy bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Myhmanlar energetika boýunça özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin netijeli ulanmak barada uly möçberli başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagy babatda içgin gyzyklanma bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara energetika başlangyçlarynyň hem-de “açyk gapylar” syýasatynyň uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi, bu syýasat bar bolan kanunçylyk binýady, salgyt salmak boýunça ýeňillikli şertleriň döredilmegi, şeýle hem tutuş ykdysadyýetiň batly depginde ösdürilmegi bilen birlikde hyzmatdaşlaryň türkmen bazary babatda uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirýär.
Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurduň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artldyrmak, Aziýadaky we Ýewropadaky ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt öndürijileriň dünýä bazarlaryndaky işiniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak – bularyň ählisi ýakyn ýyllarda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berýär. Türkmenistan şu syýasaty yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirmek arkaly deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda giň we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.
“Uglewodorod serişdeleri hakynda” kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanan kadalara, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen bagly maksatlara we talaplara laýyk gelmek arkaly daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Kanun milli we daşary ýurt maýadarlary hem-de kompaniýalar üçin oňaýly şertleri we kepillendirmeleri döredýär, bularyň işini düzgünleşdirýär hem-de iň esasysy, nebitgaz ulgamynda köp ugurly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine badalga berýär.
Hususan-da, türkmen uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlaryna ýetirilmegini diwersifikasiýa etmek forumyň gün tertibine goşulan meseleleriň biri boldy. Şunda dünýä derejesinde uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryna eýe bolup durýan Türkmenistanyň öz mümkinçilikleriniň tutuş halkara bileleşiginiň bähbitleri üçin netijeli ulanylmagyna degişli meseleleriň çözülmegine jogapkärli we peýdaly çemeleşýändigini görkezendigi we görkezýändigi bellenildi.
Foruma gatnaşan daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyga, özara bähbitlilige we borçlara ygrarly bolunmagyna mahsus şertlerde ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirilýändigi anyk beýan edildi.
Şeýlelikde, serginiň we maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň häzirki ýagdaýy we onuň ösüşiniň esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berildi hem-de tagallalary birikdirmek arkaly, bar bolan serişdelerden we maýa goýumlardan bilelikde peýdalanyp boljak ugurlar aýdyňlaşdyryldy hem-de özara arkalaşykly hereket edip toplanan tejribe barada pikir alşyldy. Maslahatyň işiniň barşynda türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrýan hem-de ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna zerur bolup biljek zatlaryň aglabasy barada pikir alşyldy hem-de Aşgabada özleriniň soňky işläp taýýarlamalaryny getiren iri kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklarynda görkezildi.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy—2012” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahat öz işini tamamlandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberip, onda myhmansöýerlik hem-de energetika boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolunda täze möhüm ädime öwrülen bu forumyň göwnejaý guralandygy üçin hoşallyk bildirdiler.