Ï Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

view-icon 584
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ginek Peýhadan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ýokary wezipeli myhmany jogapkärli diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistanyň we Çehiýanyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi öz nobatynda hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Waslaw Klausyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny gowşurdy.

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şol syýasat bolsa Türkmenistany dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykardy.

Ilçi häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. “Siziň ýurduňyz mende iň ýakymly duýgulary galdyrýar, çünki Türkmenistana ençeme gezek gelip görüp, bu ýerde mähirli kabul edişligiň hem-de açyk we oňyn gepleşikler üçin islegiň bardygynyň şaýady bolýaryn” diýip, doly ygtyýarly wekil aýtdy we iki ýurduň hem-de halklaryň abadançylygynyň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin diplomatik tejribesini we bilimini ulanmaga şatdygyny nygtady.

“Düýn “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2012” atly halkara sergisiniň we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we siziň ýurduňyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen, men häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň miwesini öz gözüň bilen görmäge mümkinçilik aldym” diýip, jenap Ginek Peýha belledi we döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Türkmen-çeh gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Medeni-bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Özara düşünişmek we birek-birege ynanyşmak ýagdaýlaryny pugtalandyrmak, iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigi hem bellenildi.

* * *

Şu gün Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.