Ï Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň ulag ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň ulag ministrini kabul etdi

view-icon 594
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri Aýwis Ronisi kabul etdi. Myhman bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.

Türkmenistana gelip görmäge çakylyk hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhman öz ýurdunyň Prezidenti Andris Berzinşiň mähirli salamyny hem-de bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Latwiýanyň Prezidenti türkmen kärdeşiniň ýakynda öz ýurduna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bolan aýratyn netijeli duşuşyk barada mähirli ýatlaýar diýip, myhman aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Latwiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Rigada ýokary derejede geçirilen gepleşikler taraplaryň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga hyjuwlydygyny aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz şol gatnaşyklar häzirki taryhy döwürde okgunly ösüşe we täze mazmuna eýe boldy diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda Baltika ýurtlary we Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Latwiýa bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň sentýabrynda ýokary derejede geçirilen türkmen-latwiýa duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berendigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar milli bähbitleriň we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň nazara alynmagy bilen guralýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň aýratyn ähmiýetli orny bellenildi. Bu toparyň birinji mejlisi hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň öň ýanynda Rigada geçirildi.

Latwiýanyň soňky ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan durnukly, ýokary depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Latwiýanyň ulag ministri ulag-aragatnaşyk pudagynda işewür gatnaşyklaryň berkidilmeginiň we giňeldilmeginiň söwda-ykdysady ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda, senagat pudaklarynda, şeýle hem medeni-gumanitar ugurda işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Syýahatçylyk we ulag ulgamyny, hususan-da, port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlygyň geljegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazaryň kenarynda deňiz derwezelerine eýe bolan Türkmenistan şol düzümiň kämilleşdirilmegine uly üns berýär.

“Latwiýa Respublikasynyň baý tejribesi Hazar deňzindäki porty döwrebaplaşdyrmak hem-de täze köpugurly porty gurmak boýunça meýilnamalary amala aşyrýan biziň ýurdumyz üçin uly gyzyklanma döredýär, “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag geçelgesini döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň çäklerinde oňa aýratyn orun degişlidir” diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň latwiýaly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan ähli teklipleri üns bilen öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Jenap Aýwis Ronis bu sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa resmi saparyndan soň görnetin işjeňleşen özara ykdysady gyzyklanmalaryň eýýäm ýakyn geljekde birnäçe bilelikdäki taslamalara öwrüljekdigine ynam bildirdi. “Biz bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň sebitde hyzmatdaşlygy ilerletmäge we özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga ägirt uly täsir edýändigine ýokary baha berýäris. Bu babatda Türkmenistan ähli halklaryň arasynda parahatçylygy we birek-birege hormat goýmagy üpjün edýän ýurt bolup durýar” diýip, ol belledi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynyň nyşanlaryna öwrülen ak mermerli Aşgabadyň hem-de Hazaryň türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligine juda haýran galandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlary we wezipeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyga Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Igors Apokins gatnaşdy.