Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli il-ýurt möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürler merkezini gurmak hakyndaky resminamanyň taslamasy hödürlendi. Umumy meýdany 30600 inedördül metre barabar bolan täze işewürlik toplumyny Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer 27-nji noýabrda Aşgabatda Germaniýanyň ykdysadyýet gününiň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre ilkinji gezek geçen ýylda guraldy hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň ünsüni çekdi. Şu ýylda bu çärä 70-den gowrak nemes kompaniýalarynyň we şu ýurduň döwlete degişli düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen tarapyndan foruma ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we hususy kärhanalaryň 33-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşarlar. Bu çäräniň iş meýilnamasy tassyklamak üçin hödürlendi, şol çäräniň çäklerinde tanyşdyrylyş dabaralary, ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklary hem-de bölümlerde Türkmenistandaky maýa goýumlary we işewürlik boýunça mümkinçiliklere, özara söwdany ösdürmegiň geljegine, ykdysadyýetiň we durmuşyň dürli ugurlarynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan mejlisler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe söwda-dokma toplumyny ösdürmek baradaky pudaklaýyn maksatnamalarda bellenilen maksatlara önümçilik düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak arkaly ýetip boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmiek, onuň ornuny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda işewürlik üçin amatly bolan hem-de işewürlige, hojalyga degişli başlangyçlary höweslendirýän ýagdaýy döretmek barada durup geçdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürler merkezini gurmak hakyndaky Karara gol çekip, gurulýan binalaryň hiline, olaryň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Germaniýanyň ykdysadyýet gününüň geçirilmegi barada durup geçip, şunda milli ykdysadyýete degişli häzirki we geljekki wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly daşary ýurtlara, hususan-da, öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň innowasiýa boýunça toplan tejribesini öwrenmegiň esasy we maksadalaýyk çemeleşme bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýete eýedigini belläp, birnäçe möhüm ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglylykda täze maýa goýumly taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz bu çäre boýunça hödürlenen maksatnamany tassyklap, ykdysadyýet gününiň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini we degişli düzümleriň işiniň utgaşdyrylmalydygyny tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam bermek hem-de pudaklara täze tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmek üçin geçirilýän şunuň ýaly işewürlik forumlarynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň şu günler alyp barýan işi, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kanunçylyk-hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze kanunlaryň taslamalarynyň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Deputatlar tarapyndan işlenip taýýarlanylýan resminamalaryň milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolmalydygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasy düzgünlerine laýyklykda milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň yzygiderli ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bilim ulgamynda özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýän täze kanynçylyk namalary işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen hepdede Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komiteiň birinji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Abu-Dabi şäherine, şeýle hem “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleriniň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin Tokio şäherine bolan iş saparlarynyň jemleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki maslahatynyň netijeleri barada hasabat bermek bilen wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy forumyň gün tertibiniň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň ikitaraplaýyn maslahatlaşmalarynyň geçirilendigini aýtdy. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy diýip, ol belledi. Komitetiň mejlisiniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hakynda pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagy gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň netijeli gatnaşyklary, şol sanda işewür toparlaryň gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň BAE-de we Birleşen Arap Emirlikleriniň biziň ýurdumyzda söwda öýleriniň açylmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Bilelikdäki işewür geňeşi döretmek hakynda aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, Bilelikdäki komitetiň birinji mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň we BAE-niň ykdysadyýetiniň strategik pudagy bolan nebitgaz senagatynda, şeýle hem energiýanyň täzelenýän çeşmeleri ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.

Şeýle hem ulag, aragatnaşyk we poçta gatnaşygy ýaly geljegi uly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Taraplar medeni-gumanitar, şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, Bilelikdäki komitetiň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ikitaraplaýyn iş toparlaryny döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem 2013-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, 2014-nji ýylda bolsa Türkmenistanda BAE-niň medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky başlangyç öňe sürüldi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan maslahaty geçirmek we Dubaý şäherinde beýik türkmen şahyrynyň arap dilinde neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak bilen baglanyşykly meseleler hakynda maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, mejlisiň barşynda taraplar atçylyk sporty ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda aýtdylar.

Oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa we seýsmologiýa pudaklaryndaky özara peýdaly hyzmatdaşlyklar gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, taraplar Bilelikdäki komitetiň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

Soňra türkmeni wekiliýetiniň “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” görnüşde daşary işler ministrleriniň dördünji mejlisine gatnaşmagynyň jemleri hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Tokioda geçirilen duşuşykda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ugurda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, daşky gurşawy goramak, ýokary tehnologiýalar, şol sanda täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlyga degişli meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp we Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň birinji mejlisiniň meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, iň gowy dostluk däplerine, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we netijelilik esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň we köp ugurly özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň jähtinde ýokarda agzalan komitetiň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär we ol ägirt uly mümkinçilige eýedir. Bu bolsa dürli ugurlarda, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we ony hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin oňyn şertleri emele getirýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolup durýan hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyňorunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamundaky işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan bu maksatnamada döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň, ugurlarynyň, usullarynyň we tertibiniň hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň we möhletleriniň kesgitlenýändigi bellenildi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, bu maksatnamany üç tapgyrda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar, birinji tapgyr 2013-nji ýyl, ikinji tapgyr 2014-2015-nji ýyllar we üçünji tapgyr 2016-njy ýyl üçin niýetlenendir. Ony amala aşyrmagyň barşynda senagatyň dürli pudaklaryndaky, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, şeýle hem paýdarlar jemgyýetleriniň ösen düzümini döretmek bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, umumy döwlet ähmiýeti bolan we strategik taýdan möhüm desgalaryň hem-de kärhanalaryň hususylaşdyrylmaga degişli däldigi bellenildi we olaryň sanawy anyklanyp görkezildi.

Şu maksatnama laýyklykda “Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de beýleki kadalaşdyryjy- hukuk namalaryny we usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny umuman oňlap, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmagy bilen baglylykda, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça strategiýany üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky nobatdaky netijeli ädim hökmünde bu maksatnamanyň wajyp ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hususylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, senagat önümçiliginiň netijeliliginiň we düşewüntliliginiň artdyrylmagyna, şeýle hem ýurdumyzda hususy telekeçiligiň sazlaşykly ösdürilmegine degerli ýardam berjekdigini hem-de öz gezeginde munuň türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň 5-9-njy noýabry aralygynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň we 31-nji Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Makao ýörite dolandyryş etrabyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäreleriniň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah bilen duşuşyk geçirildi we onuň barşynda Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen V Aziýa oýunlarynyň resmi saýtyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler garaldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň we 31-nji Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabatda bina edilýän we Aziýa oýunlarynyň geçiriljek merkezi bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdyryldy.

Biziň ýurdumyz bütin dünýäde Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýar diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistan özüniň döwlet syýasatynda durmuş ulgamyna, şol sanda sportuň ösdürilmegie aýratyn ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamda gazananlarymyzy tutuş dünýäde işjeň wagyz etmelidiris hem-de Türkmenistanyň iri sport çäreleriniň we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ykrar edilen merkezine öwrülmegi babatda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmelidiris diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny, halkara derejesindäki beýleki iri sport çärelerini mynasyp geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sportuň, onuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegi, tälimçilik we usuly işleriň derejesini ýokarlandyrmak, dünýä derejeli sport hünärmenlerini taýýarlamak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Lideriimiz beýleki bir meselä degip geçmek bilen, türkmen halkynda aýdylyşy ýaly, sepgidiň, ýagny sowuk howa möwsüminiň gelýändigini nazarda tutup, sowuklamanyň we ilatyň arasyndaky beýleki dümewleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, 26-28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ukrainada Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer Ukrainada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada durup geçip, şol maksatnama türkmen medeniýetini we sungatyny, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň okgunly ösüş ýolunda gazanan üstünliklerini wagyz etmäge, iki ýurduň ynsanperwerlik ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesiniň girizilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, doganlyk halklaryň dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge we medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna hem-de milletiň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge ýardam edýän ynsanperwerlik ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly senelere bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede guralmagynyň we türkmen däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýän milli öwüşgine kybap gelmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, bütin dünýäde ajaýyp ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmek, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrmak işinde bu bäsleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Behişdi bedewleriň tebigy gözelligi, syratlylygy, wepadarlygy we täsin zehini sungatyň dürli görnüşleriniň eserlerinde wasp edilmäge mynasypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde gowaça meýdanlarynda hasyl ýygnamak işi dowam edýär. Şu güne çenli türkmen pagtaçylary Watan harmanyna 1 million 146 müň 939 tonna “ak altyn” tabşyrdylar. Dänelik ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki döwürde galla ekilen umumy meýdanyň 710 müň 301 gektarynda doly derejeli gögeriş gazanyldy.

Şeýle hem hasabatda Ruhabat galla önümleri kärhanasynyň we Çörek hem-de çörek önümleri boýunça önümçilik toplumynyň we “Bereketli” söwda merkeziniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyldy.

Mundan başga-da, wise-premýer şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Türkmenistanyň pagta önümleriniň II Halkara sergi-ýarmarkasyny we “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, özara tejribe alyşmaga we pagtaçylyk ýaly oba hojalygynyň geljegi uly pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu foruma dünýäniň 30 ýurdundan wekiller gatnaşarlar.

Biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk hakynda aýtmak bilen, wise-premýer esasy dabaranyň Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçiriljekdigini habar berdi. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde oba hojalyk toplumynyň önümleriniň, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileri guralar, dürli sport çäreleri, däp bolan milli oýunlar geçiriler we bagşy-sazandalaryň çykyşlary, at çapyşygy ýaýbaňlandyrylar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Balkan welaýatynyň ilatyny arassa agyz suwy, şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan suw süýjediji desgalaryň gurluşygy boýunça döwlet toparynyn döretmek hakyndaky Buýrugyň taslamasy hödürlendi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidiginiň derwaýysdygyna ünsi çekdi we daýhanlaryň zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli meýdanlardan ýygnalmagynyň, şeýle hem dänelik ekinlere degişli idegi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň pagta önümleriniň II halkara sergi-ýarmarkasy we tejribe alyşmalary, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şeýle hem biziň ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünliklerini beýan etmek jähedinde oňa bagyşlanan maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hasyl toýyny geçirmek bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki bu ajaýyp baýramçylyk türkmen daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň halal zähmetiniň alamaty bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem bu nurana baýram mähriban topragymyzyň sahylygynyň ýokarlanmagy, döwletimiziň oba zähmetkeşleri we tutuşlygyna alnanda, oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegi hakynda edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän ählihalk dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ruhabat galla önümleri kärhanasynyň we “Bereketli” söwda merkeziniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji desganyň gurluşygy boýunça döwlet toparyny döretmek hakyndaky Buýruga gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we welaýatlarda gurulýan hem-de ýakyn wagtda ulanmaga beriljek medeni-durmuş we senagat maksatly möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk senagatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Halk hojalygynyň beýleki köp sanly pudaklarynyň işiniň netijesi köp babatda gurluşyk ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine baglydyr. Şunda milli Liderimiz gurulýan desgalaryň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegini, şeýle hem olaryň ulanylmaga berilmeli möhletiniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini berk talap etjekdigini belledi.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň täze gurulýan binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň her biriniň özboluşly milli binagärlik keşbi bolmalydyr. Mahlasy, bu binalaryň ählisi bilelikde biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň özboluşly bezegine öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdmyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe deňiz, howa, awtomobil ulaglary hem-de ulaglaryň beýleki ugurlarynyň kärhanalarynyň işini häzirki döwruň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek we ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde ulaglar pudaklarynyň netijelei we sazlaşykly işiniň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we olaryň häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede hereket etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigi we pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmelidigi barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüde biziň ýurdumyzda bu ulgamyň toplumlaýyn ösdürilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň bu wajyp pudagynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda döwrüň talabyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegini üpjün etmäge we degişli meseleleriň oňyn çözülmegine ýokary derejede üns bermegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy –2012” atly halkara sergisiniň geçirilişi barada habar berdi. Bu sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Olar ýangyç çig malyny gözlemek, çykarmak we ugratmak, ony gaýtadan işlemek we senagat düzümini döretmek ulgamynda öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Daşary ýurtly işewürleriň energetika ulgamynda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasynyň artýandygy biziň ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda ornunyň berkeýändigi alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, şeýle nebitgaz forumlarynyň geçirilmeginiň bu ugurdaky çäreleri işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz energetika strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, ýangys serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmäge, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagatynda iň täze önümçilik tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi türkmen ykdysadyýetiniň bu strategiki ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatynyň geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärä dünýäniň 47 ýurdundan belli nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara energetika agentlikleriniň, önüm öndüriji kärhanalaryň we beýleki abraýly düzümleriň 250-siniň 700-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere, geljekki meýilnamalara seredildi. Daşary ýurtlaryň abraýly wekiliýetleri milli Liderimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatyna ýokary baha berdiler we dünýäniň iri işewürçilik toparlarynyň nebitgaz serişdelerini gözlemek, olaryň ýataklaryny işläp taýýarlamak we türkmen ykdysadyýetiniň bu pudagyny senagat taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga bolan meýillerini mälim etdiler. Maslahatyň mejlislerinden başga-da, onda çykyşlar we dürli maslahatlar guraldy. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynda “Nebitgaz pudagynda kanunçylyk binýady” atly iş maslahaty geçirildi diýip, wise-premýer belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň beýleki döwletleri, işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar diýip belldi. Biziň ýurdumyz hoşniýetli erke we özara peýdaly esaslara daýanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadynyň emele gelmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar diýip, döwdet Baştutanymyz aýtdy, Şu jähetden milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmakda, olary ýerlemekde syýasy gatnaşyklara däl-de, milli ykdysady bähbide daýanýandygyna çekdi. Türkmenistan öz gazyny serhetde ýerlemek bilen. uglewodorod serişdeleriniň eksport akymyny syýasylaşdyrmaýar, bu bolsa ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu mesele boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ornuny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýörelgäniň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz eksport ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegi, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we howpsuz döwletara ugurlary ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm ugur bolup durýar diýip belledi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.