Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 797
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow sport ulgamynda alnyp barylýan işler boýunça tejribe alyşmak we duşuşyklary geçirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we onuň hilini häzirki döwrüň ösen derejelerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine garamagyndaky “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini bellenen tertipde döretmäge, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň gymmatyny kesgitlemäge, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň gymmatyny kesgitlemek üçin ýerli kärhanalary işe çekmäge ygtyýar berildi.