Şu gün türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde “Tapgyrlaýyn çemeleşmäniň üsti bilen Merkezi Aziýada suw serişdelerini köpugurly peýdalanmagyň özara bähbitli usullary” atly taslamanyň çäklerinde bilermenleriň iki günlük duşuşygy açyldy.
Bu duşuşyk taslamanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Oba hojalyk we azyk maksatnamasy tarapyndan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine Ýetiriji komiteti bilen hyzmatdaşlykda guralan jemleýji çäresi boldy.
Orta Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan bilermenleri, şeýle hem BMG-niň düzümleriniň wekillerini bir ýere ýygnan duşuşykda sebitde suw serişdelerini has netijeli dolandyrmagyň möhüm meseleleri, taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda toplanan iş ýüzündäki tejribe ara alyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, umumy abadançylygyň, dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň hatyrasyna özüniň ähli syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini peýdalanýar. Biziň ýurdumyz sebitde suw serişdelerini netijeli dolandyrmak babatda hem täsirli başlangyçlary öňe sürýär. Olaryň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň hoşniýetli erk-islegine we bähbitleriň özara ykrar edilmegine esaslanan halkara hem-de sebitleýin guramalar bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly orun degişlidir.
BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi Birleşen Milletler Guramasynyň deňi-taýy bolmadyk sebitleýin düzümidir. Ştab-kwartirasy türkmen paýtagtynda ýerleşen merkez parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça uly işleri geçirýär. Birnäçe halkara guramalarynyň howandarlygynda durmuşa geçirilen, suw serişdelerini peýdalanmagyň doly derejede netijeli usullaryny işläp taýýarlamagy maksat edinen “Tapgyrlaýyn çemeleşmäniň üsti bilen Merkezi Aziýada suw serişdelerini köpugurly peýdalanmagyň özara bähbitli usullary” atly taslamasy sebitiň döwletlerinde oňyn gatnaşyklary ýola goýmakda ýene-de bir uly ädim boldy.
Şu taslama tapgyrlaýyn çemeleşmäni ulanmak arkaly Aral deňziniň sebitinde suw, energetiki we oba hojalyk şertleriniň özara baglanyşygyna ykjam baha bermegi, onuň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen sebitiň suw meselelerini çözmegiň göwnejaý ýollaryny agtarmagy üpjün eder.
Bu ýere ýygnananlar ara alnyp maslahatlaşylan meseläniň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtap, suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmagyň özara ýaramly usulyny işläp taýýarlamagy üpjün etmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran möhüm meseleler babatda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdylar. Ertir türkmen paýtagtynda halkara maslahaty öz işini tamamlar.