Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 803
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Olar döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Maslahatda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasyny we ileri tutulýan milli maksatnamalary, şol sanda nebitgaz, ulag we aragatnaşyk, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Türkmenistanyň nebitgaz senagatyn we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji K.Abdyllaýewi çagyrdy, ol nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde maksatlaýyn taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy, ýangyç-energetika toplumynyň düzüm birliklerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde nebitgaz pudagynyň möhüm ornuny nygtamak bilen, ýangyç-energetika toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, onuň serişdeler hem-de senagat kuwwatyny artdyrmak häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Döwletimiz geljekde hem önümçilik kuwwatlyklaryny öňdebaryjy we ýokary netijeli enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň merdana nebitçilerine we gazçylaryna goldaw berer, bu öz gezeginde degişli ykdysady peýdany getirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we umuman, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak işleri durýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz K.Abdyllaýewi Energetiki Hartiýa boýunça maslahatyň 23-nji mejlisine gatnaşmak üçin Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, oňyn bitaraplyk syýasatyny ýöredýän we pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberiji, öndüriji-üstaşyr geçiriji-sarp ediji ýurt hökmünde oňyn halkara başlangyçlarynyň bardygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow çagyryldy. Ol bedenterbiýe we sport ulgamyndaky giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýluşy, ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny guramaga görülýän taýýarlyk, türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine işjeň gatnaşmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde hem-de ussat türkmen türgenlerini taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny belläp, sport mekdeplerine okuwçylaryň saýlanyp alynmagyna hem-de sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zehinli çagalaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Bu maksada ýetmek üçin häzirki zaman tehniki serişdeleri we sport enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlaryny netijeli peýdalanmak möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna Türkiýe Respublikasyna boljak gulluk iş saparynyň barşynda sport ulgamynda alnyp barylýan işler boýunça tejribe alyşmak we duşuşyklary geçirmek hem-de halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramagyň usullaryny öwrenmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hasabat bilen çykyş etmek üçin Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganowa söz berildi. Ol berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, 2016-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenilen pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hususan-da, “Bütindünýä syýahatçylyk bazary” atly halkara sergä hem-de Bütindünýä syýahatçylyk guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň şol serginiň çäklerinde geçirilen duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda şu ýylyň 5-7-nji noýabr aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hem habar berildi. Bu ýerde geçirilen sergä 187 döwletlden dürli derejedäki syýahatçylyk kärhanalarynyň öz ekspozisiýalaryny görkezendigi hem-de gurama agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna 90 ýurduň syýahatçylyk boýunça wekilleriniň gatnaşandygy aýdyldy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamynyň işini täzeçe guramak, täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak, syýahatçylygyň mümkinçiliklerini dünýäde giňden mahabatlandyrmak maksady bilen taýýarlanan Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň wajyp meseleleriniň üstünde durup geçdi hem-de şol wezipeleriň gaýragoýulman çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynyň has girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny oňlady. Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasynyň taýýarlanmagynyň bu ugurda oňat başlangyçdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz täze syýahatçylyk kartasynda eziz Diýarymyzyň aýratynlyklarynyň, dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde durýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, syýahatçylyk ugurlarynyň milli öwüşginde atlandyrylmagy we anyk şertli belgiler bilen görkezilmegi babatda oňa birnäçe düýpli bellikleri hem-de düzedişleri girizdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezowy göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna çagyrdy. Ol pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda görülýän çäreler hem-de bu düzümi döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Başgaça aýdylanda , “Türkmentelekom” döwlet elektro aragatnaşyk kompaniýasynyň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň işiniň hilini has-da gowulandyrmak, ykjam aragatnaşyk hyzmatlary boýunça milli dolandyryjynyň hereket ediş zolagyny giňeltmek, şeýle hem onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu maksatnamanyň öz wagtynda we gyşarnyksyz durmuşa geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtamak bilen, aragatnaşyk pudagynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtady. Aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyna ýokary netijeli öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de iň täze işläp taýýarlamalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ilata edilýän ykjam, internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny hem-de gerimini giňeltmek, şol bir wagtyň özünde hem hyzmatlaryň hilini düýpli gowulandyrmak boýunça yzygiderli toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Karara gol çekip, degişli meseleleriň öz wagtynda oňyn çözülmegi babatdaky işleri pugta gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmnnistanyň awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Gurbandurdyýewi çagyrdy. Ol özüne ynanylan ulgamyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak we düzüm birlikleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, Aşgabat şäherinde halkara derejeli ýolagçy awtomenzilini gurmak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde awtomobil ulgamynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady, munuň özi öňde goýlan belent wezipelere, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna örän oýlanyşykly çemeleşmek esasynda pudagyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurlygyndan gelip çykýar. Döwletimiz degişli pudagy döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerine uly üns berýär, onuň tehniki parkynyň üsti dünýä belli önüm öndürijileriň häzirki zaman tehnikalary bilen birsyhly ýetirilip durulýar. Döwlet Baştutanymyz ulagyň bu görnüşiniň paýynyň içerki we daşarky ýük dolanyşygynda hem-de ýolagçy gatnadylyşynda yzygiderli artýandygyny belläp, bu pudagyň düzümlerini kämilleşdirmek hem-de ähli degişli meseleleri öz wagtynda çözmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli ýolagçy awtomenziliniň taslamasy bilen içgin tanşyp, onuň binagärligiň milli öwüşginleri bilen baýlaşdyrylmalydygyny aýtdy hem-de taslama birnäçe düýpli belliklerini we düzedişlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçylara göreldeli hyzmat etmegiň we olaryň howpsuzlygyny gyşarnyksyz üpjün etmegiň ýokary derejesiniň esasy talap bolup durýandygyny bellemek bilen, bu meselelere we tutuşlygyna alnanda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylýewi çagyrdy. Ol öz hasabatynda paýtagtymyzda şäher gurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we täze binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk, şeýle hem şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada jikme-jik habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine we olaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyryp, ýurdumyzyň paýtagtynda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleiň göwnejaý ýola goýulmalydygyny belledi. Ilatymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem gyşky möwsume göwnejaý taýýarlyk görmek işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy barada ahyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Hormatly Prezidentimiz şäher häkimine ýurdumyzda uly dabaralara beslenjek baýramçylyklar mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görülmeginiň zerurdygy barada aýdyp, olarda degişli inženerçilik ulgamynyň döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagy, Aşgabat şäherinde arassaçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, gök zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ilatynyň gündelik hajatlary üçin örän möhüm bolan agyz suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de yzygiderli üpjün edilmegi bilen baglynyşykly wajyp meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz öňde duran gaýragoýulmasyz derwaýys wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin paýtagtymyzda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň esasy talap bolup durýandygyna şäher häkiminiň ünsüni çekdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdirýetiniň başlygy T.Japarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol özüne ynanylan düzümdäki işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işinde dolandyryşyň döwrebap görnüşleri we usullary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar, işgärleriň, ilkinji nobatda bolsa, şu ugur boýunça ýolbaşçy işgärleriň hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegine dahylly meselelere uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe edaralaryny we banklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, munuň döwletiň mundan beýläk-de ykdysady taýdan durnukly ösüşini, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna döwrebap ulgamda goşulyşmagyny üpjün etmek üçin wajyp şertleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda halkara ülňülerini ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň, iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmegiň milli bank ulgamyny ösdürmegiň baş ugry bolup durýandygyna ünsi çekip, Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi, ol özüne ynanylan ulgamda durmuşa geçirilýän işler, birnäçe düzümleriň we guramalaryň maliýe-ykdysady işine geçirilen barlaglaryň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we pajarlap ösmegine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly wezipeleriň durýandygyny belläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen pudaklaýyn ösüş maksatnamalarynyň hemmesiniň, aýratyn hem şol maksatnamalaryň medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we inžener-tehniki ähmiýetli desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilişiniň barşyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kanunçylygyň üpjün edilmeginde, döwlet emläginiň we maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynda, häzirki ýagdaýa we strategik taýdan meýilleşdirmek işleri geçirilende döwlet gözegçiliginiň ýokary edarasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, B.Atdaýewe seljerme ugurlaryny işläp taýýarlamakda barlag-syn beriş çäreleriniň usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemläp, Garaşsyz we hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýşaýyş-durmuş derejesini mundan-buýana-da gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadan, eşretli, bolelin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berer diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine işde, durmuşda hem-de öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.