Ï Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 753
Şu gün Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň Türkmenistan we başga-da birnäçe ýurtlar boýunça direktory jenap Werner Gruberiň ýolbaşçylygynda Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýeti bilen geçirilen iki taraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň birinji ýarymynda dünýäniň bu iri bankynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümetinde we Daşary itşler ministrliginde kabul edildi, şonda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary, hususan-da, Türkmenistanyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.

Şol meseleler Türkmenistanyň Merkezi bankynda we “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda milli ykdysady ulgamy yzygiderli ösdürmegiň we onuň mundan beýläk-de halkara ykdysady giňişlige goşulyşmagynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň wajyp ähmiýetli jähedi bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe edarasynyň, şol sanda Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanmagy maksat edinýändigi nygtaldy, bu bank bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.

Myhmanlar şu ýyllarda tutuş dünýäde bolup geçen ählumumy maliýe çökgünliginiň ýaramaz netijelerine garşy durmaga ukyplydygyny görkezýän türkmen ykdysadyýetiniň gazananlaryna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça makroykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ykdysady ösüş derginleriniň ýokarlandyrylmagyna gös-göni ýardam berýändigini nygtadylar. Şol uly möçberli özgertmeleriň çäklerinde bank maliýe ulgamyny we degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygy boýunça halkara standartlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem hususy ulgamyň işiniň gerimini giňeltmek boýunça maksada laýyk gelýän çäreler durmuşa geçirilýär hem-de bular bilelikde türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly möçberi milli we halkara taslamalarynyň çäklerinde işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny, oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçiligi, gurluşygy we gurluşyk materiallarynyň önümçiligini, ättiýaçlandyryş ulgamyny, ylmy we bilimi hyzmatdaşlygyň oňaýly ugurlary hökmünde görkezdiler.

Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyny oňlap, bu iri maliýe edarasynyň sazlaşykly ösýän hem-de tutuş sebitiň yzygiderli ösüşinde möhüm ähmiýetli orny eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdylar.