Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 698
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisini we olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde bellenmeginiň örän giň many-mazmuny bardyr. Bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öndüren bol hasylyna bolan buýsanjynyň, ene topraga söýgüsiniň we mähriniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr, bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna bellenýän halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň döwletimiz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge-de aýratyn üns berýär. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ussat babadaýhanlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde her ýyl ak bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilip, halkymyzyň rysgal-döwleti, her bir maşgala ojagynyň berekedi has-da artýar, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Pagtaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri hem guwandyrýar. Olaryň ýadawsyz zähmeti bilen şu ýyl pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama artygy bilen ýerine ýetirilip, Watan harmanyna 1 million 200 müň tonna golaý «ak altyn» tabşyryldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz babadaýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaklary, halal zähmetiň hözirini görüp, baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Munuň şeýledigine kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dokünler, ýokary hilli tohumlar bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan doly üpjün edilmegi, kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, kärendeçileriň we mülkdarlaryň netijeli işlemegi üçin oňat şertleriň döredilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan ussat daýhanlarymyza geljekde hem netijeli zähmet çekmekleri, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz başarjaň daýhanlarymyzyň mundan beýläk hem pagtanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip, guwandyryjy zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we mähriban halkymyzy bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, toprakdan bol hasyl alýan edermen babadaýhanlarymyza bolsa, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini yzygiderli kämilleşdirip, täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Diwanyň işini dolandyryş taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem dokma senagatyny we halyçylyk pudagyny, söwda ulgamyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Husususan-da, hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň “Altyn asyr” gündogar bazarynyň söwda düzümini kämilleşdirmek, şol ýerde täze binalary we desgalary gurmak barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma we söwda ulgamlaryny ösdürmegiň maksatlary, sarp edijileriň islegleriniň barha artmagy bilen baglylykda, şu ulgamlara degişli kärhanalaryň öňünde çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olaryň görnüşlerini artdyrmak baradaky wezipeleriň durýandygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça şertleri döretmek we ony höweslendirmek üçin önüm öndürijileriň tehnologik mümkinçilikleriniň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligiň möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigine hem-de onuň söwda-senagat ulgamynyň ösdürilmegine gatnaşygynyň deprejesiniň ýokarlandyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýdyp, häzirki wagtda söwda ulgamynyň hojalygyň has sazlaşykly ösýän ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu ýagdaýyň beýleki önümçilik pudaklaryna ýetirýän täsiri artýar hem-de isleg bildirilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini äşgär edip, satyn alyjylaryň islegleriniň has dolulygyna kanagatlandyrylmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz “Altyn asyr” gündogar bazaryny mundan beýläk-de ösdürimek boýunça taslamalary makullap, pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen birlikde, harytlar boýunça bildirilýän islegleriň we bazardaky teklipleriň öwrenilmegine, bularyň deňagramlylygynyň talap edilýän derejede saklanylmagyna, söwdanyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegine we satyn alyjylara hyzmat edilişiniň gowulandyrylmagyna üns berilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda parlamentiň alyp barýan işi, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we milli özgertmeleri amala aşyrmakda esasy gural bolup durýandygyny belläp, deputatlaryň ünsüni parlamentiň işiniň derwaýys ugurlaryna çekdi. Bu iş türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, demokratik hukuk döwletiniň ösdürmegiň ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki zaman gazananlary bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga ýardam edýän parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Milli bähbitleri nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzda hukuk, demokratik, ykdysady we innowasion ugurlary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek mejlisiň halkara derejesinde alyp barýan işiniň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň 29-30-njy noýabrda Ermenistan Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Ýerewana boljak saparyň çäklerinde ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçiriljekdigi bellenildi. Olaryň gün tertibine birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin ýörelgeler esasynda guralýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Bu sapar türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Şeýlelikde, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky duşuşyk Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim bolar.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem 2012-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Ermenistan Respublikasyna boljak saparyň ähmiýetini nygtap, ilkibaşdan oňyn, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy uly kuwwata eýedir. Munuň özi ähli ugurlarda, şol sanda gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bolan söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleriniň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ony döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň milli baýramynyň—Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek halkara maslahatynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň häzirki zaman ylmyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, döwletiň mundan beýläk hem ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly üns berjekdigini, düýpli we amaly barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berjek täze innowasion işläp taýýarlamalary döretmek barada öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek babatda türkmen alymlary üçin ähli zerur şertleri döretjekdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa dekabrda belleniljek milli baýramçylyklara bagyşlanan medeni çäreleriň we bulara gabatlanyp, durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýeriň hasabatynda dekabryň birinji ýekşenbesinde Goňşokara baýramyny bellemek, Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler, Täze ýyly garşylamak, şeýle hem beýleki medeni çäreler barada aýdyldy. Baýramçylyk maksatnamasyndaky wakalaryň arasynda pudaklaýyn ugurlara degişli sergileri, maslahatlary, sahnalaşdyrylan oýunlary, sirk we sport tomaşalaryny, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň döwlet konsertini hem-de ýurdumyzyň paýtagtynda, ähli şäherlerinde we obalarynda geçiriljek beýleki çäreleri görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, olaryň her biriniň milli ýörelgelere laýyklykda wajyp, baý many-mazmunly we täsirli bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki dabaralara mahsus bolşy ýaly, giňden we joşgunly bellenilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli baýramçylyga – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu möhüm taryhy senä bagyşlanan ähli çärelere göwnejaý taýýarlyk görülmelidigini hem-de guramaçylyk we many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirilip, türkmen döwletiniň umumadamzadyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan bitaraplyk syýasatynyň wajyp ähmiýetini äşgär görkezmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezleriniň biri hökmünde geljekde-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit we dünýä derejesinde oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermegi maksat edinýändigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyny paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýokary derejede miili öwüşginde guramak barada wise-premýere degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer kabul edilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ählisiniň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň esasynda maliýe guramlarynyň we bank edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň 25-27-nji noýabrda Fransiýa Respublikasyna iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary we köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbitlerine hem-de Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna hem-de netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiziň döwrüň talaplaryna laýyklykda demir ýol, howa, awtomobil ulaglary kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak bilen birlikde, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösdürilmeginiň milli aragatnaşyk düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda döwletiň ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň hilini ýokarlandyrmak babatda gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ulagyň we aragatnaşygyň ähli görnüşleriniň sazlaşykly we bökdençsiz işlemeginiň möhümdigini belledi. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň olrunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ugurlaryndaky – Türkmenistanyň nebitgaz toplumyndaky, himiýa senagatyndaky we balyk hojalygyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat bermegiň barşynda Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň ugrunda 12 gatly 72 öýli 3 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny we degişli durmuş-ýaşaýyş desgalarynyň düzümini – söwda merkezini, sport toplumyny, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin binany, abadanlaşdyrylan dynç alyş meýdançasyny we beýleki desgalary gurmak boýunça taýýarlanan taslamalar barada aýtdy, bulary “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça gurmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz çykyşy diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli özleşdirilmeginiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny, balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” göwnejaý amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça hödürlenen taslamalary umuman, oňlap, binalaryň içki we daşky bezegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berip, şol binalaryň milli öwüşginliligi bilen tapawutlanmalydygyny hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli derejede ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygy meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda nebithimiýa pudagyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Munuň özi, ilkinji nobatda, halk hojalygyny ýokary hilli nebit önümleriniň köp görnüşleri bilen doly möçberde üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak ýaly ýurdumyz üçin strategiki ähmiýete eýe bolan wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine söz berdi.

Häkimler ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň adyndan milli Liderimizi ýetip gelýän Hasyl baýramy bilen gutlap, gezekli-gezegine döwlet Baştutanymyza welaýatlaryň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy, şeýle hem pagtanyň galan hasylyny ýygnamagyň hem-de ýerleri “ak altynyň” geljekki hasylynyň düýbüni tutmak üçin taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdiler. Bulardan başga-da, häkimler maldarçylyk hojalyklarynyň gyşky döwre taýýarlygy barada aýtdylar.

Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň oba senagatyny özgertmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny, tohumçylyk işiniň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek bilen bagly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça maksada okgunly çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Welaýatlaryň häkimleri Obany ösdürmegiň milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýerleri abadanlaşdyrmak, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak, sebitlerde inženerçilik we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça işleriň barşy hem-de şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga beriljek täze binalardaky ýagdaý barada hasabat berdiler.

Ulanmaga beriljek desgalaryň arasynda Ruhabat etrabynda däneli önümleri öndürmek boýunça toplum, şeýle hem çörek önümleriniň “Bereketli” söwda merkezi hem bar, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow bulary ulanmaga bermek üçin taýýardygy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem welaýatlaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanyna ähli welaýatlarda 420 orunlyk saglygy dikeldiş merkezli mekdep-internatynyň gurluşygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, geljekki desgalaryň taslamalaryny hödürledi. Çäklendirilen mümkinçilikli çagalar üçin niýetlenen täze durmuş desgalary ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary tarapyndan Abadan, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde we Wekilbazar etrabynda gurlar.

Galyberse-de, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri bu ýerlerde köp ugurly söwda bazarlarynyň gurluşygyna degişli taslamalary hödürlediler.

Hasabat bermegiň barşynda guruljak beýleki desgalaryň birnäçesi, şol sanda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgany hem-de Türkmenabatda welaýatyň obserwatoriýaly kitaphanasyny, deňziň ýakasyndaky welaýatda suw süýjedýän desgalary we beýlekiler barada aýdyldy.

Häkimler şeýle hem Hasyl toýuna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň we medeni çäreleriň maksatnamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdiler. Şol maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl ýokary netijeler gazanan oba hojalygynyň öňdebaryjylaryna uly hormat-sarpa goýular we olar sylaglanylar.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň ýakynda belleniljek Hasyl toýunyň şu ýylda bugdaýy we pagtany ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, göwnejaý netijeler we ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýandyklaryny nygtap, ýokary netijeli we her bir welaýatyň ýurdumyzyň azyk gorlaryna goşýan goşandynyň artdyrylmagyny üpjün edýän oba hojalyk önümçiligini döretmegiň milli oba syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, şunuň bilen baglylykda häzirki wagtda welaýatlaryň öňünde bu pudak boýunça birnäçe möhüm wezipeleriň durýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda ýygnalan hasylyň aýawly saklanmagyny üpjün etmek, ony gaýtadan işlemek, oba hojalyk tehnikasyny ulanmak üçin göwnejaý ýagdaýda saklamak, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek, ekerançylygyň medeniýetini we netijeliligini artdyrmak üçin ylmy we tejribäni oňaýly utgaşdyrmak ilkinji nobatda aýratyn üns berilmeli meseleleriň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda uly möçberli maýa goýumly we gurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy barada aýdyp, welaýatlaryň häkimlikleriniň ministrlikler we pudak edaralary bilen özara arkalaşykly hereket etmeginiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz guruljak desgalar boýunça hödürlenen taslamalara garap we umuman, oňlap, bularyň durmuşa gönükdirilendigini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny äşgär edýändigini aýtdy. Mekdep-internatlarynyň ulanmaga berilmegi maýyp çagalara ýatymlaýyn we durmuş taýdan hyzmat etmek babatdaky hajatlary doly kanagatlandyrmaga hem-de durmuş, lukmançylyk, saglygy dikeldiş boýunça hyzmatlary döwrebap we toplumlaýyn görnüşde berjaý etmäge badalga berer. Munuň özi kemisli çagalar üçin göwnejaý şertleri döretmäge we olaryň jemgyýete goşulyşmagyna ýardam etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti şu günki mejlisde garalan hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda nusgalyk şäherleriň, etrap merkezleriniň we obalarynyň döredilmegine gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine degişli meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hasyl toýy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, häkimlere göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi, ol paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem bu ýerde gurulýan desgalar, ulag-aragatnaşyk we durmuş-ýaşaýyş düzüminiň gowulandyrylmagyna, toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde halkara derejeli awtomenzili gurmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy. Hususan-da, häkim bu awtomenziliň her gije-gündizde 2000 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendigini hem-de onuň çäginde 50 orunlyk myhmanhanany, edara binasyny we tehniki toplumlary, duralgalary, awtobuslar üçin awtoserwisiň binasyny gurmagyň we awtoulaglaryň ýuwulýan ýerini taýýarlamagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi.

Häkim Aşgabat şäherinde 420 orunlyk saglygy dikeldiş merkezli mekdep-internaty gurmak boýunça geçirilen işler barada hem aýtdy. Hususan-da, iki gatly binany B.Annanow we Oguzhan köçeleriniň çatrygynda 5,7 gektar meýdanda gurmak göz öňünde tutulýar, mümkinçiligi çäkli çagalar üçin niýetlenen saglygy dikeldiş merkezinde sport zaly, suwa düşülýän howuz, naharhana we beýlekiler bolar.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýollaryň durkuny täzelemek, baş şäherimizde arassaçylygy we düzgün - tertibi gyşarnyksyz berjaý etmek, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek boýunça işleriň netijeliligini artdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde saglygy dikeldiş merkezli mekdep-internatynyň gurulmagynyň möhümdigini hem-de munuň türkmen döwletiniň ýaş nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegine, bu ugurda ähli şertleriň döredilmegine içgin üns berilýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz bilim ulgamyna ýurdumyzyň her bir welaýatyny ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belläp, beýleki möhüm ähmiýetli desgalar ýaly, täze bilim edaralary gurlanda hem işleriň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny hem-de ýurdumyzda şunuň ýaly binalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, täze binalar boýunça potratçylaryň saýlanyp alynmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebit we halkara derejesindäki ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýändigine ünsi çekip, ulaglaryň gatnawlaryny, şol sanda awtoulaglar ulgamyny ösdürmek boýunça bar bolan ähli mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmak bilen bagly wezipäni öňde goýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara derejeli awtomenziliň gurulmagyny oňlap, bu baradaky Karara gol çekdi hem-de şu desganyň Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem halkara ugurlar boýunça awtoulaglaryň gatnawlarynyň ykdysady netijeliligini artdyrmakda wajyp ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz awtomenziliň ýokary derejede ulanylmagyny üpjün etmek üçin innowasion we ýokary tehnologik çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlarynyň peýdalanylmalydygyny nygtady.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler we gündelik meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň meýdanlarynda “ak altynyň” hasylyny ýygnamagyň tamamlanyp barýandygy bellenildi. Güýzlük bugdaýa ideg etmek agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli 755 müň 926 gektar ýerde göwnejaý gögeriş alyndy. Şunda ýerlerde suwaryş, topragy haşal otlardan arassalamak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar.

Şeýle hem wise-premýer indiki ýylda ekiljek gowaçanyň tohumyny dermanlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýankeşleriň garşysyna ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Galyberse-de, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin Azyk senagaty assosiasiýasy we maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenmallary” assosiasiýasy tarapyndan potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşikleriň netijeleri barada aýdyldy.

Şolaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýylda 700 tonna et we 1780 tonna süýt öndürmek üçin niýetlenen döwrebap maldarçylyk toplumyny görkezmek bolar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 8 million ýumurtga barabar bolan guşçulyk toplumyny, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýylda 8 million ýumurtga we 1000 tonna guş eti öndüriljek guşçulyk toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, azyk bolçulygyny döretmegiň, sarp ediş bazaryny öz ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşdäki we ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm jähedi bolup durýandygyny we onuň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we adamlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz milli azyk maksatnamasynyň oba hojalygyna, azyk pudagynda işleýän döwlet we hususy kärhanalara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn godaw berilmegine esaslanýandygyny aýtdy. Bu maksatnamada däneçiligiň, maldarçylygyň we guşçulygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we azyk senagatynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iň esasy-da, täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän toplumlary gurmak bellenilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisiniň oňat hilli we bellenilen möhletde geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, güýzlük bugdaýa ideg etmek, täze ýylyň baharynda gowaçanyň ekişine taýýarlyk görmek, şeýle hem şu ýylda ýygnalan pagtany göwnejaý saklamak we gaýtadan işlemek boýunça çäreleriň tutuş toplumynyň ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Ilki bilen çykyş etmek üçin Ahal welaýatynyň häkimi M.Nürmämmedowa söz berildi. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatyň çäklerinde sebiti senagat taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem alnyp barylýan gurluşyk işleri, mundan başga-da, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň maldarçylyk pudaklarynda gyşky möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ähli görnüşleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ekerançylyk meýdanlarynda durmuşy geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara berk laýyk gelmelidigini, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün edýän ähli zerur çäreleriň ýola goýulmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow özüniň hasabatynda welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň arassa agyz suwy, elektroenergiýa we beýleki durmuş ulgamlary bilen yzygiderli üpjün edilmegi boýunça düzülen maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz sebitiň senagat taýdan ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, bu ugruň sazlaşykly ösdürilmegi welaýatyň durmuş ulgamynyň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hut şonuň üçinem welaýatda ähli ugurlaryň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem häkim welaýatda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakyda aýtdy. Mundan başga-da, ol sebitde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly senelere görülýän taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk pudagyny täze sepgitlere ýetirmek üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, bellemek bilen, bu pudagyň işiniň ilerlemegi ugrunda ähli tagallalaryň görülmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz oba hojalyk pudagy bilen bir hatarda beýleki ugurlarda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli zerur çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriň barşy, hususan-da, däne ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigi barada belläp, kärendeçi daýhanlaryň netijeli işi üçin ýurdumyzda ähli amatly şertleriň döredilýändigini, pudagyň işini ilerletmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň kärhanalarynyň işini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur tagallalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi

Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, şanly seneleri mynasyp garşylamak maksady bilen görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitiň medeni-durmuş we senagat düzümini ösdürmek bilen bir hatarda hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýygnalan hasyly saklamak we olary gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän derejede üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň medeni dynç alşyny göwnejaý guramaga, şol sanda baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz häkimleriň Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, olaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen gyzyklandy we häkimlikleriň degişli düzümlerinde taýýarlanan taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy.

Milli Liderimiz ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna degişli meseläniň üstünde jikme-jik durup geçip, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleriniň göwnejaý, dabaraly we ýokary derejede, ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtady.

Döwdet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň esasy wezipesiniň adamlaryň göwnejaý dynç alyp, baýramçylyklary oňat bellemegi üçin tutuş ýurdumyz boýunça düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde uly üstünlikleri gazanmagy we baýramçylyga mahsus şähdaçyklygy arzuw etdi.