Ï Türkmenistan – Türkiýe: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Türkiýe: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 761
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, “Arzuw” myhmanhanasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde döredilýän myhmanhana toplumlarynyň işgärleri üçin tejribe okuwlary başlandy. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Maýa goýum jemgyýeti bilen bilelikde guraldy.

Türkmen hünärmenleri bilen halkara bilermenleri gatnaşýan bu tejribe okuwlarynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudagyna – syýahatçylyga we dynç alyş – şypahana ulgamyna häzirki zaman ülňülerini, şeýle hem bu ugurda dünýä tejribesini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Ýygnananlar tejribe okuwlarynda çykyş edip, daşary ýurtly işewürleriň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda täze halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslama uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde kaşaň myhmanhanalaryň, pansionatlaryň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hem-de beýleki dürli maksatly desgalaryň ençemesi guruldy we ulanmaga berildi. Şol desgalar türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň we biziň ýurdumyzda uly geljegi bolan tutuş syýahatçylyk ulgamynyň yzygiderli hem-de okgunly ösdürilmeginiň geljegi uludyr. Bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy, daşary ýurt maýadarlarynyň işjeň çekilmegi häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Tejribe okuwlarynyň umumy mejlisiniň we bölümlerdäki mejlisleriň barşynda myhmanhanalaryň işiniň möhüm ugurlaryna, şol sanda hünär etikasy, hyzmat etmegiň standartlary, marketingiň usullary ýaly ugurlara hem-de syýahatçylyk işewürliginiň milli mekdebini çalt depginler bilen ösdürmek üçin derwaýys bolan myhmanlary kabul etmegiň beýleki meselelerine garaldy. Maksatnamada şeýle hem menejerler we hyzmat ediş ulgamynyň beýleki hünärmenleri üçin okuwlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Tejribe okuwlary birnäçe tapgyrda geçiriler we 2013-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli dowam eder. Umuman, bu ýerde 500-den gowrak adam okuwlary geçer.

Tejribe okuwynyň birinji gününiň çäklerinde oňa gatnaşýan daşary ýurtlylar üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň taslamasynyň we geljeginiň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem gezelenç guraldy. Onuň barşynda myhmanlar hereket edýän desgalar we deňiz şypahanasynyň köp sanly täze gurluşyklary bilen tanşyp, “Gündogaryň şypahana merjenine” haýran galýandyklaryny aýtdylar.