Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa medeniýetiniň meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary jenap Jeýms Mur bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Aşgabada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin geldi.
Duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň möçberli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň netijesinde bütin dünýäde biziň ýurdumyza bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we ABŞ ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan medeni hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýärler. Şol gatnaşyklaryň giňeldilmegi bolsa medeniýetleriň özara aralaşmagyna, iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy hem-de birek-birege düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde şu ýyl dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Şol çäreler eýýäm ýakyn günlerde ýurdumyzyň paýtagtynda we Mary hem-de Türkmenabat şäherlerinde geçiriler.
Duşuşyga gatnaşyjylar medeni-ynsanperwerlik ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine degip geçip, türkmen halkynyň baý we täsin taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça täze bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Taraplar bu ugurlarda tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan edip, hünär we ylym-bilim ulgamynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýulmagyň möhümdigini nygtadylar.
Jenap Jeýms Muruň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Bilim ministrliginde, Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklar göz öňünde tutulýar.