Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, Ruhabat etrabynda Galla önümleri önümçilik toplumynyň we “Bereketli” çörek önümleriniň söwda merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu waka milli Liderimiziň başyny başlan we türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş maksatnamalarynyň we özgertmeleriniň amala aşyrylmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi we onda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Oba ilaty üçin has gowy ýaşaýyş – durmuş şertleriniň döredilmegi ülkäniň ruhy taýdan galkynmagyna, onuň taryhy mirasyny aýawly saklamaga, medeni kuwwaty ýokarlandyrmaga, şeýle hem Ahaly innowasion ösüş ýoluna çykarmak üçin işgärler binýadyny pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýär. Ruhabat etrabynda täze döwrebap şäherçäniň döredilmegi bu ulgamdaky möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyz bu şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň ykdysady taýdan ösdürilmegini üpjün edýän şeýle taslamalara badalga berip, sebitlerde ösen önümçilik, ulag, inženerçilik – kommunikasiýa we durmuş düzümini döretmek wezipesini goýýar. Şeýle maksatnamalaýyn çemeleşme sebitleriň we ilatyň durmuşynyň ösüşiniň derejesini häsiýetlendirýän esasy ugurlaryň deňagramlylygyny şertlendirýär.
...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ruhabat etrabynyň çägine geldi. Şol ýerde ulanmaga beriljek desganyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçileri, köpsanly ýerli ýaşaýjylar garşyladylar.
Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.
Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyzy duz-çörek bilen garşylap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler, şeýle hem Watanymyzyň gülläp ösmegi, gün-günden täze keşbe girýän şäherlerimiziň we obalarymyzyň düýpli özgermegi barada edýän ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy.
Şu waka mynasybetli bu ýerde sungat ussatlary çykyş edýärler. Artistler edebi-sazly kompozisiýada ak bugdaýyň watany bolan türkmen topragynyň sahylygyny, bol hasyl ýetişdirýän daýhanlaryň zähmetsöýerligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlygyny , halkymyzyň öz Arkadagy bilen jebisdigini çeper keşpler arkaly ussatlyk bilen beýan etdiler.
Soňra milli Liderimiz Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň esasy girelgesine tarap ugraýar we ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toýbagyny kesdi. Täze iri kärhananyň düzümine elewator we un, çörek we çörek önümleri, unaş we unaş önümleri hem-de un haltalary öndürilýän bölümler girýär.
Döwlet Baştutanymyz çörek we çörek önümlerini öndürýän bölüme barýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz ýörite gurnalan enjamyň düwmesini basdy. Şeýlelikde, toplumyň ähli bölümlerindäki önümçilik işe girizildi.
Şol pursat ekranda täze önümçilik toplumy, bu ýerde enjamlaşdyrylan tehnologik ulgamlar, ulanylýan enjamlar barada gürrüň berýän film görkezilýär.
Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň tilsimat hereketleri dänäni kabul ediş nokadyndan başlanýar. Bu ýere getirilen däne uzak wagtlaýyn saklamaga kabul edilmezinden ozal ony doly arassalamak çäreleri geçirilýär. Däne arassalaýjy enjamlardan geçirilip, arassalanýar we ammarlara ugradylýar. Bu ammarlar bir wagtda 100 müň tonna däne saklamaga niýetlenendir.
Kabul edilen dänäni gaýtadan işlemäge bermeklik üçin ammarlaryň aşagynda gurnalan akdyryjylar ulanylýar. Bu akdyryjylar bir sagadyň dowamynda 100 tonna dänäni önümçilige bermeklige mümkinçilik berýär.
Önümçilik toplumynyň degirmen bölüminiň kuwwatlylygy bir ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Toplumyň degirmen bölümi iki sany özbaşdak ulgamlardan ybaratdyr. Olaryň biri ýokary hem-de birinji hilli un, beýlekisi bolsa unaş ununy öndürmek üçin niýetlenen ulgamlardan ybaratdyr.
Taýýarlanan däne çyglama enjamlaryndan geçirilýär we doly arassalanyp, üwemeklik üçin bugdaý üweýji enjamlaryna berilýär.
Ulgamyň tapgyry boýunça öndürilýän ýokary hilli unlar toparlanyp, howa transportunyň kömegi bilen taýýar önümler ammaryna ugradylýar. Ulgamdan çykan taýýar unlar ýörite 10, 25 we 50 kilogramlyk un haltalaryna we awtomatlaşdyrylan gaplama enjamlaryndan ownuk gaplara gaplanýar.
Önümçiligiň her tapgyrynda – çig maly taýýarlamakdan başlap, taýýar önümiň çykarylyşyna çenli önümleriň hiliniň barlagy geçirilýär. Umuman, bu kärhanada 300 iş orny döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çörek we çörek önümleriniň öndürilişi bilen içgin tanyşýar. Bu bölümiň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Onda dürli çörekler, süýji köke, süýjüli çörekçe, petir halkajyk hem-de dürli çörek önümleri öndürilýär. Şunda çörek we çörek önümlerini öndürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de bütin dünýäde ykrar edilen enjamlaryň utgaşdyrylmagy ýokary hilli we örän tagamly önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýylda 18 million sany un haltalaryny öndürmäge niýetlenen bölüme barýar we şol ýerde tehnologik işler bilen tanyşýar. Bu ýerde un haltalary taýýarlanylanda ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Munuň özi önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli peseldýär. Şeýle gaplaryň ulanylmagy örän amatlydyr, çünki haltalar harydyň daşalmagyny ep-esli ýeňilleşdirýär, önümiň hilini bir durkunda saklaýar we ony daşarky täsirlerden goraýar. Bu gaplar örän berkligi we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz galla önümleri önümçilik toplumynyň unaş we unaş önümleri öndürilýän bölümine barýar. Milli Liderimiz şol ýerde Ýewropanyň meşhur kompaniýalaryndan, esasan hem Italiýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan getirilen häzirki zaman enjamlaryny gözden geçirýär.
Bu bölümde döwlet Baştutanymyz dürli tehnologiki amallar bilen jikme-jik tanyşdy. Bu ýerde önümçilik işleri birnäçe tapgyrda, ýagny hamyr garmakdan başlap, dürli görnüşli önümleri taýýarlamaga çenli işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, unaş önümleri ilatyň köp sarp edýän gündelik önümleriniň biri bolup durýar. Bu önümleriň meşhurlygy olaryň ýokumlylygy hem-de uzak wagtlap saklamaga ukyplylygy bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 48 tonna önüme barabar bolan täze önümçilik ýurdumyzda çykarylýan ýokary hilli önümleriň hasabyna ilatyň bu önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz önümçilik bölümlerine baran mahaly, kärhananyň hünärmenleri şeýle häzirki zaman önümçilik toplumyny gurduryp berendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Bu toplumda hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin örän amatly şertler döredildi, önümçilikler ýokary tehnologiýaly awtomatlaşdyrylan ulgamlar bilen üpjün edildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem täze toplumda önümçiligi ýola goýlan çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.
Gadymdan gelýän çörek bişirmek usulynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini görkezen sergide Ruhabat toplumynyň önümleriniň ähli görnüşleri: dürli gaplardaky unlar, dürli görnüşli çörekler—“Altyn asyr”, “Petir”, “Ruhubelent”, “Melhem”, “Ruhabat” çörekleri, “Gatlakly”, “Gülälek”, “Kömelek”, “Şöhle” süýjüli çörekçeleri, petir halkajyklar, unaş we unaş önümleri hem-de beýleki köp görnüşli önümler görkezildi. Aýratyn hem nur saçyp duran Güne meňzeş we ýüzünde “Ruhabat-2012” diýlip ýazylan örän uly çörek hemmeleri haýran galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplum bilen tanyşlygy tamamlap, häzirki zaman önümçiliginiň ýokary tehnologik derejesini kanagatlanmak bilen belledi hem-de Ruhabat toplumynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Milli Liderimiz toplumdan çykyp, awtoulagynda täze açyljak nobatdaky desga—Ruhabat etrabynda Aşgabat-Gökdepe awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan “Bereketli” çörek önümleriniň söwda merkezine tarap ugrady.
Bu ýerde hem döwlet Baştutanymyzy gül desseleri, aýdym-sazlar we joşgunly tanslar bilen garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda toýbagyny kesip, täze söwda merkezini açýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde binanyň içine girýär we bu ýerde söwdanyň guralyşy, alyjylar we satyjylar üçin döredilen şertler, dükanlaryň bezelişi, şeýle hem tekjelerde ýerleşdirilen harytlaryň görnüşleri bilen tanyşýar.
Şol harytlaryň arasynda çörek we çörek önümleriniň köp görnüşleri, şeýle hem ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň beýleki görnüşleri, şol sanda süýt önümleri, ösümlik ýagy, etleriň dürli görnüşlerinden gaplanan önümler, miwe suwlary we beýlekiler bar. Umuman, bu ýerde ilatymyza zerur bolan azyk önümleriniň örän köp görnüşlerini satyn almak bolýar. Şol önümleriň bolçulygy bolsa biziň edermen daýhanlarymyzyň, önüm öndürijileriň we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýänleriň tutanýerli zähmeti bilen döredilýär.
Bu ýerde azyk önümleriniň köp görnüşleriniň hödürlenilmegi Ruhabat etrabynyň ýaşaýjylaryna uzaga gitmän, bir ýerden azyk önümlerini satyn almaga mümkinçilik berýär. Şunda çörek we çörek önümleriniň söwdasy gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylar. Munuň özi alyjylaryň bu ýerde islendik wagtda täze bişirilen çörek we çörek önümlerini alyp biljekdigini aňladýar.
Ruhabat toplumynyň önümlerinden başga-da, bu ýerde söwda merkeziniň öz sehiniň önümleri hem hödürlener. Gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli süýji köke önümleriniň 5 tonnasyny öndürmäge niýetlenen ýerli önümçiligiň kuwwatlylygy alyjylaryň ýörite buýurmalary boýunça taýýarlanan önümlere, mysal üçin, maşgala dabaralary we beýleki wakalar hem-de baýramçylyklar mynasybetli taýýarlanan önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Täze söwda toplumynda jemi 66 adam işlär. Hormatly Prezidentimiz “Bereketli” söwda merkeziniň dükanlarynda söwdanyň guralyşy hem-de alyjylar we satyjylar üçin döredilen şertler bilen tanşyp, binanyň ikinji gatyna galýar, şol ýerde amatly garbanyşhana ýerleşýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza we myhmanlara – daşary ýurtly diplomatlara we işewürlere söwda toplumynyň çörek bişirijileri tarapyndan taýýarlanylan önümlerden dadyp görmek teklip edilýär.
Milli Liderimiz çaý başynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny, ýurtda azyk bolçulygyny we dürli önümleriň görnüşleriniň artmagyny üpjün edýän şeýle desgalaryň ýurdumyzyň çar künjeginde yzygiderli guruljakdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurduň durmuş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan türk işewürlerine minnetdarlyk bildirdi.
Işewürler, öz gezeginde, daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri babatda ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, ygtybarly hem-de borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Türk işewürleri gönüden-göni döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere we taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryna we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz dabara gatnaşýan daşary ýurtly ilçilere, köp sanly myhmanlara, hususan-da, täze binalaryň gurluşygyna gatnaşan türk işewürlerine ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz “Bereketli” söwda merkeziniň işgärlerine mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we täze toplumdan çykyp, Aşgabada ugrady.
...Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman durmuş-ykdysady, inženerçilik – tehniki we ulag – aragatnaşyk hem-de söwda-hyzmat düzümini döretmek boýunça ägirt uly toplumlaýyn işler alnyp barylýar, iri desgalaryň onlarçasy, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, döwrebap çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, zawodlar we fabrikler guruldy. Ýurdumyzyň uly we kiçi şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbi düýpli özgerdilýär.
Ruhabat etrabyndaky täze desgalaryň ulanmaga berilmegi hem ilatyň, şol sanda oba zähmetkeşleriniň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Ahal topragyny ýurdumyzyň galla mekany diýip atlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde ýokary netijeli oba hojalyk önümçiligini döretmek, şeýle hem serişdeler, medeni we düzümleýin kuwwaty toplumlaýyn ösdürmek, oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, sebitiň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeler hasaplanylýar.
Bularyň ählisi düýpli we oňyn özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Şol özgertmeleriň esasy maksady Türkmenistany abadan we gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr. Biziň ýurdumyzda bolsa ähli raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, netijeli zähmet çekmegi we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin deň şertler döredilendir, olaryň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlandyrylýar.