Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin myhman hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň we Premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdoganyň milli Liderimize iberen mähirli salamlaryny ýetirdi hem-de türkmen döwletiniň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ol Türkiýäniň hökümet we işewür toparlarynyň milli ykdysadyýetini durnukly ösdürýän doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly we doganlyk ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýe bolup durýandygyny nygtady. Doganlyk döwleti Türkmenistan bilen gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-taryhy umumylyk baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi.
-Türkiýe Türkmenistan üçin ähli gatnaşyklarda, ilkinji nobatda bolsa, ykdysady ulgamda strategik hyzmatdaş bolup durýar. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri nazara alanyňda, ýurtlaryň ikisine hem biri-birine teklip eder ýaly zat köpdür—diýip, milli Liderimiz iki ýurduň söwda-ykdysady we telekeçilik düzümleriniň arasynda has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Köp ýyllyk işewür gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman täze taryhy eýýamda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan, öňden gelýän hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolup, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän iri möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapýar diýip, kanagatlanmak bilen bellediler.
Hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen dokma senagaty, gurluşyk, elektroenergetika senagaty, ýangyç-energetika toplumy ýaly ugurlaryndan başga-da, gürrüň, hususan-da, esasy türk kompaniýalarynyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri taslamalary amala aşyrmaga, deňiz, howa we ýerüsti ulaglaryň häzirki zaman düzümini ösdürmäge gatnaşmagyny giňeltmek hakynda bardy.
Oba senagat toplumy işewür hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň ýene biri hökmünde görkezildi. Şu gün Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda açylýan, türk hyzmatdaşlarymyz tarapyndan gurlan “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň kuwwatly önümçilik toplumy we “Bereketli” söwda merkezi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, möhüm ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmäge, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, netijede, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Türk önüm öndürijileriniň işewür duşuşyklarynyň, forumlarynyň we harytlarynyň sergileriniň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Jenap Rifat Hisarjyklyoglu özara bähbitleriň hatyrasyna üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge berýän goldawy we ünsi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna türk işewürleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy döwlet Baştutanymyz bilen hoşlaşan mahaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljiekdigine, özara bähbitli türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.