Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň barşy we täze taslamalar bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň barşy we täze taslamalar bilen tanyşdy

view-icon 545
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz onuň barşynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň, gurluşyk taslamalarynyň we Aşgabadyň günorta künjegini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz soňky döwürde täze edara ediş—işewürlik we medeniýet merkeziniň döreýän künjegi bolan Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän iri gurluşyk desgalarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna syn etdi. Ýakyn geljekde bu ýerde ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň baş binalarynyň açylyş dabaralary guralar. Olaryň hatarynda Maslahat merkeziniň, 3 müň orunlyk Teatr we konsertler merkeziniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şol sanda Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň binalary we beýleki desgalar bar. Bu ýerde gurulýan döwrebap binalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik dörediji ruhunyň aýdyň beýanyna öwrülmek bilen, olar özünde häzirki zaman tehnologiýalaryny we dünýä ylmynyň täze gazananlaryny özünde jemlär we milli binagärlik däpleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer.

Paýtagtymyzyň günorta künjeginde täze şäheriň kemala gelmegi Aşgabadyň ХХI asyr binagärliginiň derwaýys meýilleriniň aýdyň alamaty bolar. Häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän döwrebap Arçabil şaýolunyň ugrunda birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ajaýyp edara ediş binalary emele geldi. Häzirki döwürde bu ýerde Köpetdagyň etegindäki gözel künjegiň bezegine öwrüljek binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynyň ýanynda saklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimiziň ýanynda boldular. Döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desganyň işi bilen jikme-jik tanyşdy. Täze binanyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ol ýakyn wagtda paýtagtymyzyň edara ediş—işewürlik we medeniýet merkeziniň binalary bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirer. Bu ýerde gurulýan desgalaryň häzirki zaman binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütler bilen bir hatarda oňyn milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemlemelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylardan täze desganyň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagyny üpjün etmegi talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde ugurdaş düzümleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulýan suw çüwdüriminiň ýerleşiş tertibi, yşyklandyryş sütünleriniň döwrebaplygy we binanyň ýanynda işgärler üçin gurulmagy meýilleşdirilýän awtoduralgalaryň çäkleri bilen içgin gyzyklandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýoluny dowam edip, ýurdumyzyň ykdysady toplumy üçin niýetlenen edara binasynyň ýanyna geldi. Ýeri gelende aýtsak, bu toplumda Türkmenistanyň Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň edara binalary ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, binanyň Arçabil şaýolunyň ugrundaky jaýlar bilen göwnejaý utgaşmalydygyny, onda milli usullaryň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de binanyň içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna ýokary derejede ähmiýet berilmelidigini, şeýle hem bu ýerde seýilgäh zolagyny döretmek, binanyň ýanyndaky ugurdaş desgalaryň zerur düzümini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Täze desgada işgärleriň öndürijilikli işlemekleri we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, milli Liderimiz bu wezipeleriň häzirki döwrüň baş talaby bolup durýandygyny aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu binalaryň gurluşygynda hil ölçegleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz onuň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmelidigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Adalat ministrliginiň edara binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň ähli pudaklaýyn düzümleri, edara - kärhanalary üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap binalaryň gurulmagy we olaryň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary, kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bina edilýän desgalary göwnejaý saklamak, olary dolandyrmak boýunça kämil hünärli işgärleri taýýarlamak, bu ýerleriň tebigy aýratynlyklaryny nazarda tutup, degişli düzümleri üpjün etmek, şeýle hem bag nahallaryny oturtmak işini ylmy esasda alyp barmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem binanyň otaglarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyny, olarda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän zerur şertleriň döredilmegini tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz bu künjekde gurulmagy meýilleşdirilýän 3 müň orunlyk Teatr we konsertler merkeziniň binasynyň ýerleşjek ýerini synlady we onuň ýokary hilli hem-de öz wagtynda bina edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ruhy taýdan has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti boljak bu binada Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän eserleri döretmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýan sungat ussatlary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmegiň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýolugra ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak, binada ähli zerur düzümleri döretmek hem-de onda netijeli işlemegi üpjün edýän häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň edara binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz binanyň ýanynda bag nahallarynyň oturdyljak ýerlerini synlady we degişli ýolbaşçylary paýtagtymyzyň ekologiýa babatda göwnejaý şertler bilen üpjün edilmeginiň kepili bolan gök zolaklaryň, suw çüwdürimleriniň döwrebap derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, edara binalarynyň gurluşygynyň depginleri bilen içgin gyzyklandy. Täze taryhy eýýamda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýan bu binalaryň paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz milli maksatnamadan gelip çykýan wajyp wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalary görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berip, bu ýerden nobatdaky bina tarap pyýadalap ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra birnäçe ýyl mundan ozal gurlan ýanýodanyň bir böleginiň çöken ýerine ünsi çekip, şeýle ýagdaýyň gurluşyk işleriniň talap edilýän derejeden pes alnyp barlandygynyň, onda gurluşygyň kadalaryna laýyk gelýän ölçegleriň berjaý edilmändiginiň netijesidigini belledi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz her bir desga gurlanda döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini, oňa ummasyz zähmet siňdirilýändigini aýtmak bilen, ýoluň şeýle ýaramaz ýagdaýa düşmegine ýol beren jogapkär adamlary ýüze çykarmak boýunça ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň degişli ýolbaşçylaryndan zerur işleri alyp barmagy talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň gurluşygynyň gidişine gözegçilik edýän degişli ýolbaşçylaryň netijeli iş alyp barmagynyň hökmandygyny nygtady.

Şu jähetden, binalar gurlansoň onuň hil derejesi bilen baglanyşykly işlere degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik etmegini we oňa dahylly adamlaryň her bir nogsanlyk üçin jogap bermelidigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň bellenen kada laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze gurulýan edara binasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz binanyň gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda birnäçe bellikleri aýtdy, hususan-da, milli Liderimiz binada dünýäniň öňdebaryjy

önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen başlanyşykly çärelere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz desgalaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny bellemek bilen, bu babatda hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigini aýtdy. Biziň ýurdumyzda alnyp barylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi adam hakdaky aladanyň, iň häzirki zaman düzümi özünde jemleýän şäher gurşawynyň kemala getirilmeginiň, adamlar üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň kepilidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra milli Liderimiz Maslahat merkeziniň guruljak ýerine geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, onda ýokary hil derejeleriniň üpjün edilmelidigini, ýakyn wagtda bina ediljek toplumyň köpugurly häsiýetde bolup, onda halkara derejesindäki sergileriň, maslahatlaryň we beýleki medeni - köpçülik çäreleriniň ýokary derejede guralmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde bina edilýän döwrebap desgalaryň Köpetdagyň tebigy gözelligi bilen sazlaşmagyny şertlendirýän usullaryň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, tebigy bezeg bilen baglanyşykly dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi we olary biziň ýurdumyzda giňden ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanmalydygyny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýanynda bolýan orunbasarlaryna, Aşgabat şäheriniň häkimine we beýleki degişli ýolbaşçylara desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi we olaryň özlerine ynanylan düzümlerde alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.