Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 524
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde Awstriýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Banýaý bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleler barada pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda Aşgabatda we Wenada ýokary derejede geçirilen duşuşyklar hem-de gepleşikler iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berdi.

Awstriýaly diplomat Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň berkidilmegi ýaly ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegi ugrunda halkara bileleşiginiň tagallalarynyň birikdirilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny öz ýurdunyň hemmetaraplaýyn goldaýandygyny mälim etdi.

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginde bolşy ýaly, halkara abraýly guramalaryň, öňi bilen bolsa BMG-niň hem-de ÝHHG-niň çäklerinde işjeňleşdirilmegi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar, hususan-da, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ulgamynda has ýygjam hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler we bu babatda daşary işler ministrlikleriniň ozal ýola goýlan geňeşmeleriniň sazlaşykly guralyny ulanmagyň derwaýysdygyny aýtdylar.