Ï Türkmenistan-ABŞ: ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek arkaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek arkaly

view-icon 561
Şu gün başlanan okuw maslahatynyň gün tertibine oňyn türkmen-ameniikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler goşuldy. ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bileliukde guralan bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri we hünärmenleri ýygnandylar.

Türkmenistan dünýäde toplanan iň oňat tejribeden işjeň peýdalanmagyň hasabyna öz ykdysadyýetini düýpli döwrebaplaşdyrmagy ugur edinip, köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplanan tejribä hem-de iki ýurduň arasyndaky dostluga mahsus ýörelgelere esaslanýan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Şol sanda bank-maliýe ulgamynda-da şunuň ýaly ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly, bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesi amala aşyryldy, maliýe hasabatlylygy, bankyň üsti bilen karz bermek boýunça hünärmenler üçin dürli okuw maslahatlary we treningler geçirilýär.

Ýurdumyz dünýädäki ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna ykdysady taýdan doly möçberde goşulyşmaga gönükdirilen işjeň syýasaty ýöredip, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda USAID bilen uly gyzyklanma bildirilýän we özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň dolulygyna diwersifikasiýa edilmegine, onuň yzygiderli ösüş gazanmagynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň ýöredilmeginiň netijesi bolup durýandygy bellenildi. Milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşine degişli makroykdysady görkezijiler şol strategiýanyň netijelidigini äşgär edýär.

Köp sanly abraýly halkara agentlikleriniň we düzümleriň, şol sanda Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankygyň we beýleki iri maliýe edaralarynyň türkmen döwletiniň bank—maliýe uldgamynda-da uly ösüşe eýe bolýandygyny ykrar edip, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler.

Okuw maslahatynda USAID-iň hem Türkmenistanyň makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe ulgamyny özgertmek hem-de uzak möhletleýin we yzygiderli ösüşiň gazanylmagynyň üpjün edilmegi üçin hususy pudagyň işiniň gerimini giňeltmek ugrundaky tagallalaryny oňlaýandygy bellenildi.

Ýakynda ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllardaky döwürde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine saýlanylmagy türkmen döwletiniň öz ösüşiniň häzirki tapgyrynda ählumumy derejedäki durmuş-ykdysady ýagdaýlara strategiki taýdan gatnaşyjy hökmündäki statusyny has-da berkitdi.

Okuw maslahatynyň birinji iş gününiň çäklerinde bilermenler maslahata gatnaşyjylary dünýä derejesinde halkara söwda arbitražynyň iş ýüzünde ulanylýan kadalary, halkara telekeçilik geleşiklerini resmileşdirmegiň düzgünleri we taraplaryň arasyndaky işewürlik şertnamasyna degişli meseleleri çözmegiň dürli usullary bilen tanyşdyrdylar.

Ertir okuw maslahaty öz işini dowam eder.