Şu gün bilelikdäki türkmen-awstriýa toparyň bäşinji mejlisi öz işini tamamlady. Oňa Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň işine gatnaşmak üçin düzüminde Awstriýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bolan wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýete Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, maşgala we ýaşlar baradaky federal ministrliginiň daşary ykdysady syýasat we Ýewropa integrasiýasy baradaky departamentiniň baş direktory jenap Frans Wessig ýolbaşçylyk edýär.
Mejlise gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bilelikdäki toparyň işiniň iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Bu ýere ýygnananlar geçen ýylyň sentýabr aýynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen bilelikdäki türkmen-awstriýa toparyň dördünji mejlisinden bäri geçen döwrüň içinde edilen işleriň netijelerini, şeýle hem şertnamalaýyn–hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy seljerildi hem-de iki tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen, onuň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin çäreler ylalaşyldy. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyny belläp, iberilýän harytlaryň sanyny artdyrmagyň, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemegiň hem-de degişli teklipleri işläp taýýarlamagyň möhümdigi baradaky pikire geldiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen önümlerini, hususan-da, dokma önümlerini Awstriýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlaryna işjeň ibermegiň, uly möçberlerde haryt almaga isleg bildirýän awstriýa kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.
Energetika, dokma senagaty, gurluşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Awstriýa Respublikasynyň işewür toparlary oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk önümlerini öndürmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini satyn alýan daşary ýurtly alyjylaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň bu ugrunyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen döwleti öz taryhynda ilkinji gezek bugdaýy eksport edýän ýurtlaryň umumydünýä sanawyna girdi.
Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň azyk senagaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň köp görnüşlerini çykarýar we şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu babatda awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistanda maldarçylyk toplumlaryny gurmak, et-süýt önümleriniň önümçiligi üçin enjamlary getirmek baradaky taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny kanagatlanmak bilen belläp, ynsanperwerlik ulgamynda gatnaşyklaryň ähmiýetini we olary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi ýene-de bir gezek bellenildi we toparyň şu mejlisiniň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Toparyň agzalary bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň altynjy mejlisini 2013-nji ýylda Awstriýa Respublikasynda geçirmek barada ylalaşdylar.