Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri jenap Rostam Gasemi kabul etdi.
Myhman nebitgaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini özara söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň iberen hatyny gowşurdy hem-de mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edipdir.
Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde dostlukly ýurduň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki halkyň ruhy taýdan ýakynlygynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň gadymdan gelýän däpleriniň berk binýadynda guralýan köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi.
Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolan energetika ulgamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ulgamyň ösdürilmegine Türkmenistan hem, Eýran Yslam Respublikasy hem uly üns berýärler. Bellenilişi ýaly, geografik şertler bilen berkidilen ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolmak bilen, iki goňşy döwlet geljekde hem deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.
Türkmen Lideriniň ýöredýän energetika syýasatyna hem-de onuň çäklerinde ýurduň ägirt uly serişdelerini dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga gönükdirilip, yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýokary baha bermek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri goňşy ýurduň tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam edýän netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki möhüm taslamalaryň, şol sanda Eýran ugurda ikinji gaz geçirijiniň - Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijiniň gurulmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda şol gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad gatnaşdylar.
-Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň öz gaz geçiriji düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrmagynyň dowamy boldy we türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem Orta Aziýa sebitinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmäge hyzmat etdi - diýip, döwlet Baştutanymyz geçen ýyllaryň dowamynda türkmen tarapynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, öz tebigy gazyny Eýrana durnukly, uzakmöhletleýin esasda iberýändigini aýtdy.
Jenap Rostam Gasemi baglaşylan şertnamalaryň şertleriniň takyk berjaý edilýändigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, Eýranyň ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmäge jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda döwletara gatnaşyklarynyň has-da giňeldiljekdigine hem-de türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.
Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri jenap Rostam Gasemi Türkmenistanyň hökümetinde gepleşikleri geçirdi, şonda ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *