Ï Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleri

view-icon 864
Ruhy diplomatiýa – kalplara ýol açýan sungat

Şu gün Ukrainanyň Milli ylmy lukmançylyk kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu waka mynasybetli bu ýere Kiýewiň ylmy jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri, Ukrainanyň saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we diplomatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri, ukrain okuw mekdeplerinde ýokary bilim alýan türkmen talyplary hem-de Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet gunlerine gatnaşýan biziň ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Milli ylmy lukmançylyk kitaphanasy – bu Ukrainada lukmançylyk edebiýatynyň esasy kitap saklanýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, alymlary we tejribeli lukmanlary, ylmyň beýleki ugurlarynyň we senagatyň, işleri saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly bolan ýaş alymlary we hünärmenleri özüne çekýän ylym – maglumat merkezi hökmünde ykrar edilýär. Ol ýurduň lukmançylyk kitaphanalarynyň müňlerçesi üçin esasy usulyýet binady bolup durýar, şunda ol her ýyl okyjylaryň 72 müňe golaýyna hyzmat edýär.


Şonuň üçin bu ýerde bolup geçýän her bir uly waka diňe bir Kiýewiň däl-de, eýsem, tutuş ýurduň ylmy toparlarynda uly seslenme döredýär. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ukrain diline terjime edilen kitabyň uly tapgyrynyň Milli lukmançylyk kitaphanasyna sowgat berlendigi baradaky habar hem lukmançylyk ylmynyň beýleki pudaklarynyň alymlarynyň – fitoterapewtleriniň we hünärmenleriniň arasynda uly seslenme döretdi. Munuň özi köp babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň ylmy işiniň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilmegi netijesinde halkara meşhurlygyna eýe bolmagy bilen şertlendirilendir.

Dünýäniň ýörite edebiýatynyň täzelikleri bilen gyzyklanýan ukrain alymlarynyň köpüsi eýýäm bu täsin monografiýanyň aýry-aýry kitaplarynyň mazmuny bilen rus dilinde tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Ynha indi Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri baradaky düýpli ensiklopediýa ukrain okyjylaryna öz ene dillerinde elýeterli boldy.

Kiýewiň binagärlik genji-hazynalarynyň biri hasaplanýan lukmançylyk kitaphanasynyň gadymy jaýynda tanyşdyryş dabarasynyň geçirilmegi bu waka aýratyn öwüşgin çaýdy. Sebäbi bu ýeriň taryhy Ukrainanyň görnükli şahsyýetleriniň, meşhur lukmanlarynyň, belli fiziologlarynyň, mikrobiologlarynyň, terapewtleriniň atlary bilen baglydyr. Häzir kitaphana häzirki zaman elektron tehnologiýalaryna eýe bolup, onuň diwarlary bilim we ýagşylyk ýaly parasatly sözi özünde saklaýan kitaba uly hormat bilen garaýşy özünde jemläp, bu ýerde indi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem işi öz mynasyp ornuny eýelär.

Kitaba bolan bu garaýşy dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hemmesi doly derejede duýdular. Dabarany kabul edýän tarapyň hukuklarynda ynha eýýäm onlarça ýyllaryň dowamynda kitaphana ýolbaşçylyk edýän Raisa Pawlenko ajaýyp guramagy başardy. Ol türkmen döwletiniň Baştutanyna lukmançylyk ylmyny ösdürmäge goşan goşandy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. Lukmançylyk ylmynyň milli çäkleri ýokdur, sebäbi adamlaryň saglygy diňe bir döwlet ähmiýetli däl-de, eýsem umumy siwilizlenen derejä degişli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp işi üçin hem-de hakyky alym hökmünde tutanýerliligine çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Alymyň ylma we adamlara wepaly gulluk etmegi oňa egindeşleriniň, tarapdarlarynyň we pikirdeşleriniň köp bolmagyny şertlendirdi.

Dabarada şeýle hem Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýko çykyş etdi. Ol Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi hökmünde bäş ýyl işledi. Şol döwrüň içinde men häzirkizaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygynyň – onuň mizemez agzybirligi, halkyň öz milli Lideriniň daşynda jebisleşmegi bolup durýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldym, ol garaşsyzlyk we bitaraplyk ýörelgelerine, ruhy däplere, medeni mirasa daýanýar diýip, Wiktor Anatolýewiç belledi. Tebigata bolan garaýyş bolsa bu mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasynda, öz ylmy beýanyna garamazdan, içinden janly tebigatyň mizemez gymmatlyklary eriş-argaç bolup geçýän kitapda öz beýanyny tapdy. Şonuň üçin bu neşir hünärmenleriň toparyna niýetlenen ýöne bir monografiýa däldir. Ol ene topragyň tebigaty barada gürrüň berýän kitap hökmünde ähli adamlar üçin açyk bolup, bütin dünýä gönükdirilendir. Bu dünýä arkaly Türkmenistany has gowy duýmaga we oňa düşünmäge, bu bereketli ülkäni söýmäge ýardam edýär. Bu ülkede paýhasly we hoşniýetli halk tebigat dünýäsi bilen sazlaşykly ýaşaýar.

Bu pikir dabarada beýan edilen beýleki çykyşlarda hem aýdylyp, oňa Ukrainanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Aleksandr Tolstanowyň, Ukrainanyň lukmançylyk klubynyň prezidenti, Milli lukmançylyk baýragyny bermek baradaky guramaçylyk komitetiniň başlygy Iwan Sorokiniň, diplomdan soňky bilimi berýän Milli lukmançylyk akademiýasynyň professory Rahman Taşşiýewiň, akademik, görnükli alym farmakolog Iwan Çekmanyň we beýlekileriň çykyşlarynda jemgyýetçilik lukmançylygy nukdaý nazaryndan garaldy. Olaryň her biri bu kitabyň köp taraplaýyn ähmiýetini özüçe açyp, onuň gurluşynyň ylmy yzygiderliligini, köp asyrlyk halk lukmançylygynyň häzirki zaman gazananlary we açyşlary bilen arabaglanyşygyna çuňňur seljermäni, Türkmenistanyň seýrek duş gelýän we endemiki ösümlikleri babatda maglumatlaryň täsinligini bellediler. Ukrain dilinde ensiklopediýanyň dowamyny, nobatdaky kitaplaryny görmek islegi hem beýan edildi.

Hünärmenleriň köpüsi şu günki dabaranyň iki dostlukly ýurduň alymlarynyň we ylmy merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge giriş bolandygyny belläp, türkmen tarapyna täze lukmançylyk neşirlerini sowgat berip, olaryň Türkmenstanda öz okyjylaryny we pikirdeşlerini tapjakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň barşynda bilelikde işlemek hem-de möhüm taslamalar, mysal üçin, nano we bio tehnologiýalar, farmasewtika babatda taslamalar üçin geljegi uly bolan teklipler aýdyldy. Innowasion lukmançylygynyň ukrain – türkmen merkezini döretmek barada hem pikir aýdyldy. Häzir onuň kuwwatyny ýaş, zehinli we ukyply hünärmenler düzýär. Ýeri gelende aýtsak, dabarada çykyş eden ukrain ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary türkmen talyplary hakynda oňat seslenmeleri aýdyp, olarda okuwa bolan yhlaslylyk, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri aýratyn görkezlider.

Duşuşyk şeýle dostlukly we mähirli ýagdaýda geçdi, şol duşuşyk tamamlanan mahaly Raisa Pawlenkonyň “Jennete çalymdaş kitaphanany gördüm” diýip mysal getiren sözleri muňa gabat geldi. Bütin dünýäniň kitaphanaçylary üçin Horhe Borhesiň bu giňden mälim bolan söz düzümi özboluşly wesýete öwrüldi we häzirki wagtda ol dostlugyň ajaýyp şygary hökmünde ýaňlandy. Sebäbi, jennet diýen düşünje biziň häzirki düşünişimize görä parahatçylyga hem-de ylalaşyga, gözelligiň, hoşniýetliligiň we hakykatyň dabaralanmagyna düşünmekdir, ony bize kitaplar eçilýär, şol kitaplar bolsa biziň elektronika we Internet asyrymyzda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Munuň özi tanyşdyryş dabarasynda lukmançylyk nanotehnologiýasy boýunça hünärmenleriň biriniň belleýşi ýaly, adam kitap ýazan mahaly ol şol kitaba öz zehinini siňdirýär, onuň mährini we nuruny okyjy wagtyň hem-de aralygyň üstünden duýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowiň kitabynyň tanyşdyryş çäresiniň türkmen medeniýetiniň Ukrainadaky günlerine gabatlanmagy biziň iki halklarymyzyň özara ruhy ýakynlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy, şol kitabyň nusgalary bu ýurduň beýleki lukmançylyk kitaphanalarynyň 25-sine hem berildi.

Kiýewden elli kilometrlikde ýerleşýän Obuhow şäherinde ýene-de bir simwoliki waka boldy. Has takygy, bu meýilnamalaşdyrylan wakadyr. Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda türkmen artistleriniň topary ýerli ýaşaýjylaryň öňünde konsert bilen çykyş etmek üçin Obuhow şäherine tarap ugradylar. Bu ýerde köp sanly etniki türkmenler ýaşaýan ekeni, munuň özi duşuşygyň örän tolgundyryjy bolmagyna getirdi.

Ýerli medeniýet merkeziniň uly konsert zaly tomaşaçylardan hyryn-dykyn doldy. Türkmen mukamlarynyň ilkinji owazlary bilen zaly we sahnany iň ýürekdeş duýgular gurşap aldy. Sazandalar, tansçylar, aýdymçylar zaly synlap, tomaşaçylaryň gözlerinde şatlyk, tolgundyryjy, söýgi gözýaşlaryny gördüler. Olar iki esse köp wagtlap dowam eden konsertde wagtyň nähili geçendigini hem duýmadylar. Tomaşaçylaryň käbiri gadymy hüwdini, başgalary bolsa göwün halaýan dessanyny diňlemek, ýene-de bir gezek joşgunly tanslardan, türkmen halk saz gurallarynyň mukamlaryndan lezzet almak islediler. Türkmen topragynyň gözelligini, mähriban halkyň ruhy mährini eçilip, joşgunly derýa ýaly aýdym-saz şirinlik bilen ýaňlandy.

Konsert tamamlanandan soň tomaşaçylar bu ýerden gitmäge howlukmadylar, haçan-da artistler medeni merkeziň binasyndan çykanlarynda olary gurşap aldylar. Olar özlerinde galan täsirlerini tolgunyp beýan etdiler we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýurdy bolan Türkmenistan hakynda uly gyzyklanma bilen soraşdyrdylar. Olar biziň ýurdumyz, onuň gazanýan üstünlikleri barada örän habarly ekenler. Ýöne bu ýerde has möhüm ýagdaý ýüze çykdy, öz watandaşlary bilen duşuşyk olar üçin taryhy Watanlaryna, ata-babalarynyň hoşniýetli ýörelgelerine ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi, olar türkmen sungatynyň täsin dünýäsi bilen duşuşmakdan örän uly lezzet aldylar.

Olaryň hemmesi Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň dowam edýänligi gowy zat diýen bir pikiri aýtdylar.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň birinji kitabynyň ukrain dilindäkisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň we halk melhemçiliginiň täsin ensiklopediýasynyň dostlukly ýurduň dilinde çap edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işiniň üç ýyl mundan ozal çapdan çykan birinji kitaby diňe bir hünärmenleriň – lukmanlaryň ýankitabyna öwrülmän, eýsem, biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden meşhurlyga eýe boldy. Bu çuň manyly we ylmy barlaglara esaslanýan kitabyň dünýäniň halklarynyň ençeme dillerine neşir edilmegi onuň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň lukmançylyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin neşiriň teoretiki we amaly ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşleri, bejerijilik häsiýetleri hakyndaky maglumatlary umumylaşdyrýan, keselleri bejermek üçin melhem serişdelerini taýýarlamagyň usullaryny özünde jemleýän neşir türkmen döwletiniň Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-barlag işiniň netijesidir. Bu düýpli iş bilen tanyşmak türkmen topragyna tebigatyň jomartlyk bilen eçilen baýlyklary hakynda has doly düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Tanyşdyryş dabarasynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap W.Şewalýow çykyş edip, türkmen Lideriniň bu ajaýyp ylmy işiniň dünýä ylmyny ösdürmäge uly goşant bolup durýandygyny belledi we onuň ukrain diline neşir edilmeginiň iki dostlukly halkyň arasyndaky öňden gelýän gatnaşyklary, ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize türkmenistanlylaryň rowaçlygy we saglygy hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.