Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy we ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralan hem-de adam hukuklary, şol sanda çagalaryň hukuklary boýunça ählumumy halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga döwletimiziň dürili ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda halkara bilermenleri hökmünde UNISEF-iň wekilleri jenap Oýunsaýhan Dendewnorow, hanym Emi Farkas, jenap Daýnius Puras, şeýle hem UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Alýona Sýalçonak çykyş etdiler.
Şonda Türkmenistanyň köp sanly abraýly halkara guramalary, şol sanda UNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly ýaş nesli üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine degişli meselelere örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä äşgär edýändigini hem-de ýaş nesliň abadançylygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.
Çagalyga, enäniň we çaganyň hukuklarynyň goralmagyna degişli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şol sanda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin niýetlenip, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalaryň, lukmançylyk, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, sungat mekdepleriniň açylmagy we başga-da birgiden işler şu ugurdaky anyk ädimler bolup durýar.
Döwletimizde türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däp-dessurlaryna we ýörelgelerine eýermek arkaly, ilatyň has ejiz gatlaklaryna, şol sanda beden taýdan mümkinçiligi pes bolan çagalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine aýratyn üns berilýär, şunda hukuk boýunça kepillendirmeleriň toplumy, maksada laýyk ykdysady we durmuş çäreleri amala aşyrylýar.
Türkmenistan şu ugur boýunça esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goragyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýasyna, çagalara degişli Gaaga konwensiýalaryna goşuldy. “Çaganyň hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, “Durmuş taýdan üpjünçilik hakyndaky” Kodeks, kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda ýurdumyzda çaga dogulan mahalynda, çagalara seredilende tölenýän, maýyplyk boýunça, şol sanda çagalygyndan maýyplar üçin kömek pullarynyň möçberleri birnäçe esse artdyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli pikir alşylandygyny belläp, şu möhüm ugurda işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini bellediler.