Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Ýerewanda iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleri uly üstünlige beslendi. Olaryň netijeleri boýunça özara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli gazanylan ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Taraplaryň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny türkmen we ermeni halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýillerini tassyk eden resminamalar toplumy Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen derejäni bermek dabarasy boldy. Bu waka milli Liderimiziň ýokary halkara abaýynyň, köp ugurly döwlet işiniň we ylmyň, bilimiň we bu möhüm ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly goşandynyň giň ykrarnama eýe bolýandygynyň alamatyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýanynda bolýan hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşarygy boýunça Ýerewanda Ermenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we iri döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçdiler. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň jähedinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri, şeýle hem ileri tutulýan ulgamlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň döwlet kabulhanasynyň çykyp, Ermenistanyň Prezidentiniň Köşgüne geldi. Köşgüň öňündäki meýdançada milli Liderimizi Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan mähirli garşylady. Birek-birek bilen görşenlerinden soň, döwlet Baştutanlary köşge girýärler we gysgaça jemleýji duşuşygy geçirmek üçin Ojak zalyna barýarlar.
Gürrüňdeşligiň barşynda düýn ýokary derejede geçirilen gepleşiklere ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri iki döwletleriň arasyndaky däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň bu gezekki sapara we onuň jemlerine syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-gumanitar pudaklardaky döwletara gatanaşyklaryň giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän bilelikdäki işler üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine bolan möhüm goşandydyr diýip bellediler.
Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny ugratmak dabarasy boldy. Gyrasynda hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülen haly ýoda bilen iki döwletiň baştutanlary ýörite taýýarlanan ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezildenti Serž Sargsýan iki dostlukly halklara parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz şu gün Ermenistanyň paýtagtynyň ýakynynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň ulag kerweni Ýerewandan çykyp, Türkmen emirleriniň muzeýi bolan binagärlik ýadygärligi ýerleşen Argawand obasyna tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy taryhy ýadygärlikler toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklanýar. Asylly däbe görä, belent mertebeli myhman duz-çörek bilen garşylandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ararat oblastynyň gubernatory Edik Barsegýan we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz bu ýerde bolmagynyň barşynda häzirki döwürde Ermenistanyň medeni ýadygärlikleriniň biri bolan aramgähiň döreýiş taryhy bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-ermeni gatnaşyklary Beýik türkmen-seljuk döwletiniň döwri bolan gadymy asyrlardan başlanýar. 1071-nji ýylda şu döwleti esaslandyryjylaryň biriniň agtygy soltan Alp Arslan Ermenistanyň çäginde birnäçe beglikleri döredýär. Şeýlelikde, ermeni topragyndaky birinji beglik bolan Ahdaby emirligi ХI asyryň 80-nji ýyllarynda döreýär.
Takmynan ХII- ХIII asyrlaryň birinji ýarymynda bu künjeklerde häkimlik eden ilkinji türkmen döwletiniň baştutany Meňgüýçli bolupdyp. Ol medeniýeti, ylmy we bilimi, edebiýaty we sungaty ösdürmäge uly goşant goşan döwlet baştutany hökmünde ermeni halkynyň arasynda uly şöhrata eýe bolupdyr. Döwleti esaslandyryjy Meňgüýçli Gazyny 1071-nji ýylda soltan Alp Arslan Ermenistanyň Ýerznik (Ýerzinjan) welaýatynyň häkimligine belleýär. Karin welaýatynyň Miýadan obasynda Meňgüýçli kowmunyň wekili Gazy Alynyň mazary häzirki güne çenli saklanypdyr.
1146-1225-nji ýyllarda ermeni topragynda Ildeňizler atabegligi höküm sürüpdir. Onuň düzümine Häzirbeýjan we Ermenistanyň günorta-gündogar Ermenistan giripdir. Gadymy ermeni şäherleriniň biri bolan Wande “Uly Jamy” metjidi bar. Bu ajaýyp binagärlik desgasy türkmenler tarapyndan bina edilipdir. Ony ХII asyryň ahyrynda Saltyk begiň nesilleri gurupdyr.
ХIII- ХV asyrlarda Ermenistanda we tutuş sebitde Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleri döräpdir. Birnäçe türkmen taýpalaryny öz düzümine jemlän bu döwletleriň baýdaklarynda gara we ak goýnuň şekili ýerleşdirilipdir. Şondan hem “Garagoýunly” we “Akgoýunly” atlary döräpdir.
Şol döwürde Ermenistanda hökümdarlyk eden türkmen emirleri hakyndaky maglumatlar dürli çeşmelerde, şol sanda mukaddes Mesrop Maştosyň adyny göterýän gadymy golýazmalar ojagy bolan Matenadaranda saklanýan ХV asyra degişli ermeni ýylýazgylarynda beýan edilipdir. Olaryň hatarynda Nedir şahyň hatlary, Hatifiniň “Teýmirnamasy”, Isgenderiň “Ykbalnamasy” we beýlekiler bar.
Gadymy golýazmalarda aýdylyşy ýaly, Garagoýunly döwletiniň emirleri aziýa-kawkaz sebitinde kuwwatly basybalyjy Teýmiritler serkerdeleleriniň nesillerinden bolan Teýmire, şeýle hm Gruziýanyň we beýleki döwletleriň hökümdarlaryna garşy durupdyrlar. Şeýle uruşlaryň netijesine garagoýunlara öz hökümdarlyk edýän çäklerini giňeltmek başardypdyr.
Gara Ýusup emir (ol 1388-1420-nji ýyllarda) hökümdarlyk edipdir, häzirki Ermenistanyň merkezi böleklerini basyp alypdyr we ol “Şahu-Ermen”-- “Ermenileriň patyşasy” diýen derejä eýe bolupdyr. Ermeni ýylýazgylary Gara Ýusup begi paýhasly we kuwwatly syýasy işgär hökmünde häsiýetlendiripdirler. Ol gysga döwrüň içinde güýç toplap, özüniň köp sanly duşmanlaryndan üstün çykypdyr. Onuň tagallasy bilen ermeni topragynda uzak garaşylan parahatçylyk höküm sürüpdir.
Gara Ýusup begiň ogly Isgender özüniň hökümdarlyk eden 16 ýylynyň döwründe ermenileriň söweşjeň ukyplaryna bil baglap, olar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edipdir. Senenamaçylar ýurtda dikeldiş işleriniň alnyp barylýan döwründe ermeni buthanalarynyň kemala gelendigini hoşallyk bilen belleýärler. Arçeşe şäherinde Isgender begiň ogly Ýaraly beg garagoýunlynyň ýagty ýadygärliginiň hatyrasyna gurlan aramgäh ýerleşýär.
Isgenderden soň tagta onuň dogany Jahan şa çykýar. Ol 1437-1467-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir. Şonda Garagoýunly döwletiniň çäkleri Hazar deňzinden Gara deňze çenli we günorta-- Pars aýlagyna çenli uzapdyr. Ýylýazgylarynda aýratyn bellenilişi ýaly, Jahan şanyň aýratyn tagallasy netijesinde 1441-nji ýylda Mukaddes Prestol Apostol buthanasy Sis şäherinden (şol döwürde synan Kiliki Ermenistanyň paýtagty) ozalky ilki başky binasyna Eçmiadzine gaýtarylyp berilýär. Munuň özi ermeni halkynyň durmuşynda ägirt uly syýasy, ruhy we medeni ähmiýete eýe bolupdyr.
“Matenadaran” ylym-barlag institutunda saklanýan gymmatlyklaryň içindäki Jahan şanyň çykaran permanlarynyň käbiri onuň dürli dinlere howandarlyk edendigi hakyndaky maglumata şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, şol döwürde ermeniApostol buthanasy ähli görnüşli salgytlardan boşadylypdyr. Jahan şanyň ýanýoldaşy Begim Hatyn 1462-nji ýylda ermeni buthanasynyň Katolikasynyň hukugyny tassyk edýär we ýerli döwlet guramalaryna bu künjeklerde onuň hökümdarlygynyň berkidilmegine ýardam bermegi teklip edýär. Jahan şa adalatly hökümdar bolmak bilen, medeniýetiň ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw beripdir, ol edebiýaty söýüpdir we onuň özi hem belli şahyr bolupdyr. Onuň goşgular ýygyndysy “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynda saklanýar.
ХV asyryň ikinji ýarymyndan başlap, Garagoýunly döwleti beýleki bir kuwwatly Akgoýunly döwletine birikdirilýär. Ol ХVI asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. 1468-nji ýylda bu ýerleri basyp alan Uzyn Hasan Akgoýunly hoşniýetlilik syýasatyny dowam edipdr we dürli dinleriň parahatçylykly hereket etmegine goldaw beripdir. Mundan başga-da, onuň kabul eden kanunyna laýyklykda ýer eýelerinden we täjirlerden salgyt almak gadagan edilipdir, bu bolsa oba hojalygynyň we söwdanyň ösmegini şertlendiripdir. Türkmen emirleriniň bu döwleti aziýa-kawkaz sebitinde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, 1514-nji ýyla çenli dowam edipdir.
Ermenistanyň taryhynda bolup geçen şol döwür dürli gurluşyklaryň we medeniýetiň ösen döwri bolandygyny ýylýazgylar tassyk edýär. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda we günorta-günbatarynda Akgoýunly türkmenleriň hökümdarlyk edendigine şaýatlyk edýän köp sanly ýadygärlikler saklanypdyr. Olaryň hatarynda Ermenistanyň Rumsaraý obasynda ýerleşýän we şol döwletiň nesilbaşysy hasaplanýan Turaly begiň kümmetini görkezmek bolar.
Baberdiniň (onuň häzirki ady Çaýyrýoly) ýanynda ýerleşýän Sinor obasynda Turaly begiň ogly Fahreddin Gutlug begiň gubury ýerleşýär. Gutlug begiň gurduran “Hajy Gutlug” metjidinde hem degişli ýazgy bar. Akgoýunly döwletiniň üçünji wekili Gutlug begiň ogly Piraly beg Kehi obasynda ýaşapdyr. Onuň ady şol obadaky metjidiň minarasyna ýazylypdyr.
Ýerewanyň golaýyndaky türkmen emirleriniň aramgähleri barada aýdylanda bolsa, olar Sadly döwletiniň türkmen begleriniň guburlaryndan ybaratdyr. 12 metr beýikligi bolan binanyň ýokary çetindäki arap hatynda ýazylan ýazgyda aramgähiň 1413-nji ýylda emir Pir Hüseýn tarapyndan bina edilendigi baradaky maglumat bar. Garagoýunly eýýamynda Ararat jülgesiniň hökümdary bolmak bilen, ol özüniň ägirt uly şäher gurluşyk işi bilen şöhrat gazanypdyr. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Ýewropada “Demir agsak” adyny alan ýowuz Teýmirleňiň çozuşy netijesinde weýran bolan Kars şäherini dikeldipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sekizburç şekilli bezegli girelgesi bolan Aramgäh bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde alnyp barylýan abatlaýyş işlerini synlady. Şeýle çäreleriň netijesinde bu täsin medeni ýadygärligi glejek nesiller üçin saklamak başardypdyr.
Ermenistanyň wekilleri bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynla milli Liderimiz Türkmenistanda hem ýurduň çäginde bar bolan gadymy binagärlik desgalarynyň taryhynyň müňýyllyga uzalyp gidýändigini we olary öwrenmegiň meselelerine aýratyn üns berilýändigini belledi. Şeýle taryhy ýadygärlikleri ygtybarly saklamak maksady bilen olarda abatlaýyş hem-de goramak boýunça maksada laýyk işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, şeýle hem ýakyn wagtda birnäçe derwaýys taslamalary ýerine ýetirmäge taýýarlyk görlendigi barada gürrüň berdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda arheologiýa, binagärlik we taryhy ýadygärlikleriniň iki müňden gowragynyň döwlet sanawda durýandygy türkmen halkynyň baý maddy we ruhy medeniýetinden, hususan-da, gadymy döwürde türkmenler tarapyndan döredilen Parfiýa, Marguş, Seljuklar döwleti ýaly kuwwatly döwletleri döredendiginden habar berýär. Olary aýawly saklamagy üpjün edýän degişli kanunlar toplumy kabul edildi.
UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilen Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki Döwlet taryhy-medeni goraghanalary açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeýler bolmak bilen, dünýäniň dürli döwletlerinden köp sanly syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň gelýän ýerine öwrüldi hem-de şol bir wagtyň özünde ylmy-barlaglar, milli taryhymyzyň we medeniýetimiziň täze açyşlary üçin barlaghana bolup durýar.
Türkmenistanda UNESKO-nyň Sanawyna mynasyp başga-da birnäçe taryhy-binagärlik we tebigy ýadygärlikler bar. Olaryň hatarynda Ýewraaziýa medeniýetiniň kemala gelmeginde, yklymyň dürli sebitlerinde ýaşaýan halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orna mynasyp bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen orta asyr şäherleriniň galyndylaryny görkezmek bolar.
Türkmen-ermeni we tutuşlygyna alnanda halkara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan gumanitar hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we abatlamak boýunça Milli müdirliginiň ulgamy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmelidigi barada aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda bilelikdäki netijeli işi alyp barmak, esasan-da Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynyň birnäçe ýüzýyllyklara uzap gidýändigini nazara almak bilen, bu ugurda giň mümkinçilikler açylýar.
Döwlet Baştutanymyz Ermenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini Türkmenistanda guralýan we halkara ylmy gatnaşyklarnyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen halkara çärelerine, maslahatlara we beýleki forumlara gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ermeni tarapynyň wekillerine örän gyzykly we netijeli syýahat üçin hem-de türkmen we ermeni halklarynyň umumy taryhynyň ýeten derejesi bolan gadymy ýadygärliklere uly üns berýändikleri hem-de olary aýawly saklaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ermenistanyň ajaýyplyklary bilen tanyşlygyň hormatly Prezidentimiziň bu ýurda resmi saparynyň maksatnamasyna tötänden goşulmandygyny bellemeli. Medeni-gumanitar gatnaşyklary türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Hut şonuň üçin hem bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizildi.
Türkmen halkynyň baý hem-de ajaýyp taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek we ony dünýä giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň gadymy medeniýetiň we däp-dessurlaryň ýurdy bolan dostlukly Ermenistanyň tejribelerine gyzyklanma bildirmegi kanunalaýyklykdyr. Taryhy ýadygärlikleriň aýawly saklanmagyna biziň ýurdumyzda hem uly ähmiýet berilýär.
Soňra hormatly Prezientimiziň ulag kerweni Ýerewandan 20 kilometr günbatarda ýerleşýän Wagarşapat şäherine tarap ugrady. Ol ýerde “Mukaddes Eçmiadzin” we Ermenistanyň Apostol buthanasynyň baş ybadathanasy we ruhy merkezi bolan Eçmiadzin kafedral ybadathanasy, Ýokary Patriarhyň prestoly we ähli ermenileriň Katolikosy ýerleşýär.
Wagarşapat şäheri biziň eýýamymyzdan ozalky II asyryň birinji ýarymynda gadymy Wardgesawan obasynyň ýerinde esaslandyrylýar. 163-nji ýylda rimliler tarapyndan Artaşat weýran edilenden soň, Wagarşapat Ermenistanyň paýtagty diýip yglan edilýär. Şäheriň syýasy ähmiýeti galanyň gurluşygyny talap edýär. Onuň çägi esasan Eçmiadzin ybadathanasynyň häzirki çäklerine gabat gelýär.
Ybadathananyň taryhy IV asyryň ilkiräk döwründen başlanýar. Şol wagt hristiançylyk Ermenistanyň döwlet dini bolýar. Eçmiadzin kafedral ybadathanasy onuň hakyky binagärlik nusgasy bolýar. Ybadathana dünýäniň iň gadymy binalarynyň biri bolmak bilen, 2000-nji ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy “Mukaddes Eçmiadziniň” howlusyna girýär we Ýokary Patriarhyň we ähli ermenileriň Katolikosy Garagin Ikinjiniň wagtlaýyn kabulhanasynyň ýerleşýän binasynyň öňünde saklanýar (häzirki döwürde Ýokary Patriarhyň resmi kabulhanasynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar).
Döwlet Baştutanymyzy garşylaýyş dabarasy tamamlanansoň milli Liderimiz we türkmen wekiliýetiniň agzalary bina girýärler hem-de onuň ikinji gatyndaky Maslahatlar zalyna barýarlar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Onuň Alyhezreti Ýokary Patriarh we ähli ermenileriň Katolikosy Garagin Ikinji mähirli garşylady.
Gürrüňdeşligiň barşynda medeni-gumanitar häsiýetdäki meselelere, bu ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryna deglip geçildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bu ugurda ägirt uly maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Giň möçberli gumanitar ulgama degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli medeni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertler döredilýär.
Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki dinleriň wekillerine bolan hoşniýetlilik, hormat goýmak gatnaşyklary umumadamzat ýagşy niýetlerine ýokary baha berýän türkmen halkynyň milli häsiýetleriniň esasy aýratynlyklarynyň biridir diýip belledi. Türkmenistanyň halky ýurtdaky milletara we dinara sazlaşygyna aýratyn gadyr goýýar, biziň halkymyz şeýle ýörelgede parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň möhüm şertleriniň bardygyna düşünýär. Munuň özi halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň pugtalanmagynyň baş binýadydyr. Yslamyň, hristiançylygyň we dünýäniň beýleki dinleriniň esasynda hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we birek-birege hormat goýmak esaslary bar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, milli Liderimiz onda gumanitar meselelere, ilkinji nobatda bolsa raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, şol sanda erkin ynanç- ygtykatlarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, bilim we ylym, türkmen we ermeni halklarynyň baý taryhy-medeni mirasynyň öwrenilmegi we onuň wagyz edilmegi babatda ýola goýulýan gatnaşyklary artdyrmagyň derwaýysdygyny bellemek bilen, söhbetdeşler bu gatnaşyklar Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň döwletara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam edýär diýip bellediler.
Milli Liderimize çuňňur nyşany hormat hökmünde Onuň Alyhezreti Garegin Ikinji hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mukaddes Eçmiadziniň Kafedral buthanasyny görmäge çagyrdy. Dünýä binagärliginiň taryhynda şeýle desgalaryň iň irki nusgalarynyň biri bolan bu bina IV asyryň başlarynda gurlupdyr. Onuň bina edilenine 1700 ýyldan hem gowrak wagt geçipdir. Ybadathana birnäçe gezek täzeden gurlupdyr. VII asyryň birinji ýarymynda ybadathana täze görnüşe eýe bolupdyr we häzirki döwre çenli saklanypdyr. ХVII asyrda onuň ýokarsynda täze gümmez gurlupdyr. Günbatar girelgesiniň öňünde bolsa üç derejeli jaňhana bina edilipdir. 1869-njy ýylda ybadathananyň gündogar tarapyndan buthana enjamlary we mukaddes zatlar saklanýan giň desga gurlupdyr.
VII asyrda Eçmiadzin ybadathanasynyň töwereginde mukaddes Ripsimiň (618-nji ý.) we mukaddes Gaýanyň (630-njy ý.) ybadathanalary gurlupdyr. Olar ermeni binagärliginiň kämillik derejesine ýeten nusgawy ýadygärlikleridir. Şeýle hem ybadathananyň çäginde “Trdat şanyň derwezesi” (ХVII a.) ýerleşipdir. Aýdylyşyna görä, onuň ornunda gadymy döwürlerde şa köşgi, ybadathana naharhanasy (ХVII a.), myhmanhana (ХVIII asyryň ortasy), dini akademiýa we beýleki desgalar bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiz tanyşlyk syýahatynyň barşynda Kafedral Ybadathananyň buthana-taryhy muzeýine baryp gördi we ol ýerde surat, grafika eserleri, ikonlar , buthana enjamlary we IХ-ХХ asyrlaryň sungat eserleriniň baý gymmatlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde muzeýiň zallarynda altyndan, kümüşden, bezeg daşlaryndan, haçlardan, guşaklardan, halkalardan, täçlerden, dürli gaplardan, şeýle hem kümüş sahaby bolan golýazma kitaplaryndan, gadymy teňňelerden we beýleki baýlyklardan ybarat bolan gymmatlyklaryň 800-den gowragy saklanýar.
Muzeý bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyhezretine örän gyzykly hem-de netijlei maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirdi we Ýokary Patriarh hem-de ähli ermenileriň Katolikos bilen mähirli hoşlaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni “Mukaddes Eçmiadzin” ybadathanasyndan Ýerewana tarap ugrady.
“Zwartnos” halkara howa menzilinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyry esaslandyran ýokary derejedäki gepleşikleriň netijelerine baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan mähirli hoşlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşyp duran uçara mündi we Aşgabada tarap ugur aldy.
Şu günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline gondy.