Ï Türkmenistan-BMGÖM: durmuş ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMGÖM: durmuş ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 650
Şu gün paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen giňelýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuş ulgamynda hyzmatdaşlygyň nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝUNISEF-iň, Ýewropa Öýüniň (Ýewropa Bileleşigi), beýleki dürli halkara guramalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, biziň ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mümkinçilikleri çäkli adamlaryň durmuş-ykdysady taýdan uýgunlaşmagyna degişli möhüm meselelere bagyşlanan mejlisleriň altysynyň işiniň barşynda çykyş eden milli hünärmenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy ugurly syýasatyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, abadan hem-de bagtly durmuşy üpjün etmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işiň esasy pursatlaryny beýan etdiler.

Bellenip geçilişi ýaly, durmuş babatda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, şol sanda täze, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen okuw mekdepleriniň, lukmançylyk, sagaldyş, sport desgalarynyň gurulmagy, mekdepleriň we internatlaryň açylmagy hem-de beýleki ençeme çäreleri maksat edinen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda edilen işler boldy.

“Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, bu üstünlikleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň her bir raýatynyň abadançylygy hakynda ýadawsyz alada etmegi netijesinde mümkin boldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin dikeldiş merkezli 420 orunlyk mekdep internatlarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak baradaky çözgüt, halkara guramalarynyň we wekilleriniň pikiriçe, biziň ýurdumyz tarapyndan ozal kabul edilen halkara borçnamalaryny hem-de şertnamalaryny, şol sanda BMG-niň maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, bütin dünýäniň jemgyýetçilik hem-de syýasy toparlarynda oňyn seslenme tapdy, şol çözgüt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edildi.

Türkmen Lideriniň şu we beýleki başlangyçlary, döwlet tarapyndan görülýän çäreler, zähmet çekmäge ukyby çäkli adamlary durmuş gurşawyna doly derejede çekmegi, olary özbaşdak hünär işine taýýarlamagy, durmuş taýdan goraglylyk çärelerini hem-de lukmançylyk hyzmatlaryny etmegi göz öňünde tutmak bilen, olaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň döwlet kepillendirmeleriniň toplumlaýyn ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

“Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşyjylar onuň jemlerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistan-BMGÖM ugry boýunça bu ulgamda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada pikir aýtdylar.