Ï Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk geçirildi

view-icon 718
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň daşary işler ministri K.Grişenko bilen duşuşyk boldy. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ertir geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Gepleşikleriň çäklerinde iki dostlukly ýurduň eýe bolan kuwwatyny we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen ähli ugurlarda üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ukraina Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ozaly bilen iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, hususan-da, GDA ugry boýunça hemmetaraplaýyn berkidilmegine uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny esas edinýän syýasatyna ýokary baha bermek bilen, ukrain wekiliýetiniň agzalary soňky ýyllarda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň özara bähbitlere gabat gelýän, hil taýlan täze derejä çykandygyny kanagatlanmak bilen bellediler.

Iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda bolsa söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gyşarnyksyz giňeltmäge özara taýýarlygyň bardygyny beýan etdiler. Şol ulgamlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has bähbitli diýlip hasaplanylýar.