Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyny—Ýerine Ýetiriji sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygyny—Ýerine Ýetiriji sekretaryny kabul etdi

view-icon 740
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy-- Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişligindäki netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze işjeň ädime öwrüljek bu möhüm forumyň geçirilmegine ýokary guramaçylyk dereejsinde taýýarlyk görlendigini belledi. Sergeý Lebedew Türkmenistanyň şu ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşygyň giňişligindäki däp bolan hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bitarap Türkmenistan GDA assosirlenen agza bolmak bilen, Arkalaşygyň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmen halky bilen Arkalaşygyň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Arkalaşygyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi özüniň möhüm wezipesi hökmünde kesgitländigini belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen we dürli ugurlar, şol sanda ykdysady pudaklar boýunça we medeni-gumanitar ulgamlardaky sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalary öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu jähetden Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwründe öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine bolan jogapkärli çemeleşmelerine ýokary baha berdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, forumyň geçirilmegine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de GDA-nyň giňişliginde Türkmenistanda geçirilen çäreleriň we forumlaryň uly üstünlige eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hut özüniň gözegçiliginde amala aşyryldy diýip, myhman belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine meýillidigini bellemek bilen, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Aşgabat sammitiniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly dostluk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.