Ï Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammiti geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammiti geçirilýär

view-icon 729
Şu gün Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolar. Türkmenistan bu möhüm syýasy çärä 2012-nji ýylda GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde iri möçberli, köptaraplaýyn taýýarlyk işlerini geçirdi.

Biziň ýurdumyzyň bu özboluşly, halkara düzümine onuň 20 ýyllygynyň bellenilen ýylynda ýolbaşçylyk edýändiginiň çuňňur many-mazmuny bardyr.

Bu örän iri sebitleýin gurama 1991-nji ýylyň dekabrynda ozal Sowet Soýuzynyň düzümine giren döwletleriň arasyndaky däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen döredildi we şu ýyllaryň içinde döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly guralyna öwrüldi. Bu guramanyň işi oňa gatnaşyjy döwletleriň deňhukuklylyk we özygtyýarlylyk ýörelgelerine esaslanyp, bilelikde hereket etmegiň dürli görnüşlerdäki hyzmatdaşlyklaryna milli bähbitleri hasaba almak bilen özbaşdak meýil esasynda gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Bu babatda Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň öz bitaraplyk derejesine laýyklykda Arkalaşygyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine GDA-nyň işine işjeň hem-de gyzyklanma bildirmek bilen gatnaşýandygy örän nusga alarlyk ýagdaýdyr. Türkmenistanyň 2011-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbede (Täjigistan Respublikasy) geçirilen GDA-nyň sammitinde kabul edilen çözgüde laýyklykda Arkalaşyga başlyklyk ediji ýurt hökmünde saýlanylmagynyň özi guwançly waka bolup, biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarynyň bu gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan doly goldanylýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

“Türkmenistan GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça toplanylan oňyn tejribäni berkitmegi we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagy öz esasy maksady edinýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol sammitde eden çykyşynda aýtdy. GDA-nyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, türkmen Lideri häzirki döwürde şol mümkinçilikler dürli ugurlar boýunça üstünlikli amala aşyrylyp biliner diýip nygtady.

Biziň ýurdumyzyň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyny we özara ylalaşykly bilelikdäki hereketini ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi üýtgewsiz ugur edinendigini Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem doly derejede tassyklady.

Türkmenistan GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem däp bolan medeni, gumanitar, ylym-bilim, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary höweslendirmäge we goldamaga gönükdirilen ileri tutulýan wezipeleriň toplumyny kesgitledi.

GDA-da başlyklyk etmek hormatly dereje bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde hem Türkmenistan üçin örän uly jogapkärçilikdir. Bu jogapkärçiligi biziň ýurdumyzyň mynasyp amala aşyrýandygyny ozaly bilen GDA-nyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi hem tassyklady. Olaryň üçden biri gönüden-göni Türkmenistanda geçirildi.

Türkmenistanyň guramagynda geçirilen, Arkalaşygyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda örän möhüm wakalar bolan çäreler dünýä bileleşiginiň örän ýokary bahasyna mynasyp boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini, GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisini, aragatnaşyk ulgamynda Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça administrasiýalaryň ýolbaşçylar geňeşiniň 46-njy mejlisini, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” Halkara maslahatyny, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisini, GDA-nyň azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy amaly maslahatyny, GDA-nyň agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara mejlisini we beýlekileri görkezmek bolar.

Şu ýylyň 20-nji sentýabry – 10-njy oktýabry aralygynda türkmen paýtagtynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi beren GDA agza ýurtlarynda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň ilkinji Halkara ýarmarkasy geçirildi. GDA-nyň çäklerinde sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýilip yglan edilen 2012-nji ýylda Türkmenistan Arkalaşyga başlyklyk ediji ýurt hökmünde GDA ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň we beýleki sport guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berdi, şeýle hem iri sport çärelerini, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda däp bolan gumanitar hyzmatdaşlyga täze öwüşgin bermäge gönükdirilen GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII Forumy örän üstünlikli geçdi. Beýleki möhüm çäreler, şol sanda 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýilip yglan edilen Mary şäherinde uly üstünlik bilen geçen “Gadymy Merw – dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” atly halkara maslahaty we şol ýerde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň belli artistleriniň hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda guralan uly konsert, Hazaryň kenarynda, Awazada geçirilen halkara çagalar festiwaly hem şol asylly ýörelgeleri ösdürmäge gönükdirilendir.

Bularyň ählisi öňki Sowet Soýuzynyň giňişliginde hereket edýän döwletara düzümi bolan GDA üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan özüniň başlyklyk edýän döwründe özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, toplanan tejribäni baýlaşdyrmaga we ählumumy bähbitler üçin öňyn gatnaşyklary giňeltmäge örän uly goşant goşdy.

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň sammiti ýurdumyzda alnyp barylan iri möçberli guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ajaýyp jemlenmesi bolar. Eýýam düýn agşam Aşgabadyň halkara howa menzilinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hökümet wekiliýetleriniň baştutanlary gelip başladylar. Olar Arkalaşygyň giňişliginde syýasy, ykdysady we medeni gumanitar hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşygyň gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda ylalaşyklaryň birnäçesiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi giriziler. Arkalaşyga girýän döwletleriň liderleri halkara meseleleri boýunça pikir alşarlar, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Arkalaşykda özara goşulyşmak hereketini pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri hakyndaky maglumatyny diňlärler, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işlerini we ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Sammiti ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin görülen taýýarlyk işleri we GDA-nyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň 30-dan gowragynyň hem mynasyp derejede geçirilendigi Türkmenistanyň tamamlanyp barýan 2012-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek bilen bu guramanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy, onuň dünýä we sebit syýasatynda eýeleýän oňyn ornunyň artdyrylmagy ugrunda aňyrbaş tagallalary durmuşa geçirendigini görkezýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň esasy we üýtgewsiz ileri tutulýan ugry hökmünde ählumumy bähbitleriň hatyrasyna deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelge edinýän daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.