Ï Aşgabatda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy

view-icon 662
Şu gün türkmen paýtagtynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ertir 5-nji dekabrda boljak mejlisine taýýarlygyň jemleýji tapgyryna öwrülen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Aşgabada GDA ýurtlarynyň-- Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geldiler. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň wekiliýetine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi GDA-nyň ýerine ýetiriji guramasydyr. Ol döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleriniň esasynda agza ýurtlaryň daşary syýasat we halkara guramalarynyň işini utgaşdyrýar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän dünýä syýasatynyň meseleleri boýunça geňeşmeleri guraýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň gün tertibine gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we beýleki ugurlara gönükdirilen resminamalaryň 10-dan gowragynyň taslamalary girizildi.

Içerki ösüşiň üstünlikli çözgütlerini sazlaşykly alyp barýan we halkara derejesinde guralýan çärelere işjeň gatnaşýan Türkmenistan GDA-nyň ýurtlary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar. Ol Bitarap döwlet bolmak bilen, özüniň bu derejesini Ýer ýüzünde durnuklylygyň we howpsuzlygyň, ählumumy ykdysady, syýasy we medeni ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine durmuşa geçirmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýar diýlip, mejlisiň barşynda bellenildi.

Halkara gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryny erkin, taraplaryň gyzyklanmalaryny doly derejede nazara almak, uzakmöhletleýin we ygtybarly hyzmatdaşlyk, hoşniýetlilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, medeni, öňdebaryjy tejribeler we oňyn pikir alyşmak esasynda ýola goýýar. BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda we türkmen hem-de dünýä halklarynyň düýpli bähbitlerine görä ýola goýulýan bu ýörelgeler daşary ýurtlar, esasan-da, goňşy ýurtlar bilen ynanyşmak hem-de pugta dostluk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirýär diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministri belledi.

GDA-nyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyna, sebitleýin we sebitara gatnaşyklaryň ütsüniň täze mazmun bilen ýetirilmegine Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählumumy ýagdaýlara işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýysdygy jähedinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ugurlary häsiýetlendirildi.

Şonuň bilen baglylykda, halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky Orta Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerinde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy—Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mejlise gatnaşyjylaryň adyndan çykyş etmek bilen, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygy, şeýle hem forumyň geçirilmegine goldaw berýändigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň gün tertibine degişli meseleler toplumyna we resminamalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanyşyna seredildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilelikdäki uzakmöhletleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde, GDA-nyň döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynda we Arkalaşygyň döwletara birleşme hökmündäki ornuny mundan beýläk-de ösdürmekde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 5-nji dekabrda boljak mejlisiniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Onda kabul ediljek çözgütler derwaýys we geljegi uly ugurlaryň giň toplumy boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we işjeňleşdirmegiň maksatnamalaryny hem-de onuň anyk usullaryny kesgitlemäge gönükdiriler.

Mejlisiň barşynda GDA-da hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky jarnamanyň taslamasyna serediler. Ol Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlener. GDA-ny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasy we ony durmuşa geçirmegiň hereketleriniň meýilnamasy boýunça birnäçe çözgütler ylalaşylar. Şeýle hem 2013-nji ýyl üçin GDA ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köptaraply esasdaky geňeşmeleriň meýilnamasy tassyklanar.

Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeler mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, mejlisiň barşynda geljek ýylda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” Döwletara maksanamasyny we 2013-2014-nji ýyllarda GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň möhüm çäreleriniň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň wezipelerine seredildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 yyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly çözgüdiň taslamasyna garaldy we ol oňlanyldy.

Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak, bilim, ylym we ylmy- mugallymçylyk işgärleri taýýarlamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň taslamalary goldanyldy. GDA-nyň döwlet we jemgyýetçilik teleradio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň işi hakyndaky hasabat diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýyl Arkalaşykda ekologiýa medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýlip yglan edildi hem-de GDA-da döwletara ekologiýa geňeşini döretmegiň teklibi öňe suruldi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Häzirki zaman wehimleriniň we howplarynyň transmilli häsiýete eýe bolmagy köptaraplaýyn gepleşikleriň we toparlaryň hereketleri netijesinde halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny öňe sürýär. BMG bu babatda utgaşdyryjy wezipäni ýerine ýetirýär. Bu gurama köpugurly häsiýete eýe bolmak we halkara parahatçylygyny üpjün etmek işinde uly tejribe toplamak arkaly hut şu wezipäni ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Mejlisiň çäklerinde howpsuzlyk ulgamynda we terrorçylyga garşy göreşmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlyşyldy. GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga we ekstremizmiň beýleki zorlukly hereketlerine garşy göreşi amala aşyrýan ygtyýarly edaralary ylalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň okuw mekdeplerinde terrorçylyga garşy düzümleriň hünärmenlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşygyň taslamalary makullanyldy.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça ýörite karar kabul edildi. Şol Kararda bu şanly senäni bellemek boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň milli maksatnamalaryny taýýarlamak, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan Ýeňşiň 70 ýyllygyna taýýarlyk görmek we bu baýramçylygy bellemek boýunça esasy çäreleriň umumy meýilnamasynyň işlenip düzülmegi bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň işiniň netijesinde Arkalaşygyň giňişliginde goşulyşmak bilen bagly ýagdaýlara täzeden badalga berilmegine gönükdirmek üçin taýýarlanan resminamalara gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş neşirleriniň, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Metbugat ýygnagynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda kabul edilen anyk çözgütler barada aýdyldy.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew öz çykyşynda forumyň göwnejaý guralandygyny we taraplaryň sazlaşykly işländigini belledi.

Foruma gatnaşyjylaryň ählisi GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Aşgabatdaky mejlisiniň netijeli häsiýetde geçirilendigini hem-de biziň halklarymyzyň bähbidi üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýolunda wajyp ähmiýetli ädime öwrülendigini biragyzdan bellediler.