Şu gün türkmen paýtagtynda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçirilýän mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasizade, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Joomart Otorbaýew geldiler.
Ozal habar berlişi ýaly, duşuşygyň öň ýanynda – düýn günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyny—Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi.
Şu gün Oguz han köşkler toplumynda mejlis başlanmazdan öň türkmen döwletiniň Baştutany Ukrainanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirdi.
Şu günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhmanlar paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne bardylar. Köşgüň eýwanynda olary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Şu ýerde, Ruhyýet köşgünde forum başlanmazdan öň türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrleri we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi.
GDA-nyň duşuşygynyň resmi banneriniň hem-de Arkalaşygyň agzasy bolan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe görä bilelikde surata düşenlerinden soň foruma gatnaşyjylar çäkli düzümdäki mejlisiň geçirilýän ýerine çagyryldylar.
GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp we duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, olara ysnyşykly gatnaşyklar hem-de hyzmatdaşlyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu gatnaşyklar 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasyny düzen ähli pikirleri we başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda we GDA-nyň beýleki döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirilen forumlar we çäreler bellenilen möhletinde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
GDA-nyň duşuşyklary Arkalaşygyň durmuşynda döwürleýin ähmiýete eýe bolan wakalaryň toparyna degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Olar GDA-ny ösdürmegiň ýagdaýyny we geljegini bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga, döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu gün GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli bolan meselelere serediljekdigini aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutany olaryň düýpli ara alnyp maslahatlaşylmagy özara kabul ederlikli ylalaşyklary gazanmaga ýardam berer diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşyny tamamlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyk diýip yglan edýär.
Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol guramaçylyk meseleleri boýunça habar bilen çykyş etdi.
Mejlisiň gün tertibi tassyklanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti söz alyp, çäkli düzümdäki duşuşygyň işiniň tertibine degişli teklipleri foruma gatnaşyjylaryň garamagyna hödürledi.
Hususan-da, milli Liderimiz Türkmenistanyň Hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň Jarnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak barada teklibini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany degişli meseleleriň çäklerinde mejlise gatnaşyjylary GDA-nyň işleriniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmaga çagyrdy.
Çäkli düzümdäki mejlisiň gün tertibi tassyklanandan soň, döwlet Baştutanymyz Hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda GDA gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň Jarnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi boýunça çykyş etdi.
Soňra GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň teklip eden Jarnamasyny goldamak barada aýtdylar.
Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen bagly mesele boýunça çykyş etdi.
Degişli mesele boýunça mejlise gatnaşyjylar tarapyndan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdi biragyzdan kabul edildi.
Soňra 2013-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda meselä garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň kabul eden çözgüdine laýyklykda geljek ýylyň ýanwar aýyndan başlap GDA-da başlyklyk etmegi Belarus Respublikasy amala aşyrar.
Mejlisiň barşynda meseleleriň birnäçesi, şol sanda guramaçylyk häsiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra mejlis Ruhyýet köşgüniň uly zalynda GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary tüýs ýürekden mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkmenistan üçin şu ýylyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan tarapyndan teklip edilen degişli Konsepsiýany goldandyklary üçin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýylyň dowamynda Arkalaşygyň şertnamalaýyn guramalarynyň göz öňünde tutulan ähli mejlisleri geçirildi. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde biziň ýurdumyzda, şeýle hem GDA-nyň beýleki döwletlerinde çäreleriň tutuş toplumy geçirildi. Ilkinji nobatda biziň tagallalarymyz Arkalaşygyň giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak we berkitmek, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek, giň medeni, gumanitar, ylym, bilim we sport gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işlere ýardam etmäge gönükdirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti käbir möhüm meselelere ünsi jemledi. Mysal üçin, 2012-nji ýylda energetika ulgamynda netijeli gatnaşyklar dowam etdirildi. Şunda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynda döwletleriň ygtybarly halkara-hukuk usullaryny döretmek we işleriniň anyk we takyk ýörelgelerini işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. GDA-nyň Elektroenergşetika geňeşiniň maý aýynda geçirilen mejlisinde we Arkalaşyga girýän ýurtlaryň sentýabr aýynda geçirilen Halkara nebitgaz maslahatynyň barşynda şu meseleler boýunça pikir alşyldy. Olar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda örän peýdaly boldy. Biz şeýle tejribäniň geljekde hem dowam etdiriljekdigine umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
GDA-nyň ulag we aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegini bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bilen, milli Liderimiz Arkalaşygyň giňişligi “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça halkara söwda-ykdysady geçelgelerini döretmek üçin oňaýly şertlere eýedir diýip belledi. Şunda GDA döwletleriniň arasynda eýýäm bar bolan awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollaryny netijeli peýdalanmak we olaryň täzelerini döretmek boýunça işleriň geljegi uly bolup durýar.
GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüş depgininiň hyzmatdaşlygyň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Baştutany özara iberilýän we getirilýän harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek arkaly daşary söwda mümkinçiliklerini artdyrmagyň ýollaryny bilelikde öwrenmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şunda ýokary tehnologiýaly pudaklaryň önümlerine, önümçiligiň we hyzmatlaryň täze ugurlaryny özleşdirmäge üns bermek gerek. Bu meseleler GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisleriniň barşynda gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlarda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň Halkara ýarmarkasynyň jemleri hem söwda-ykdysady kuwwatynyň uludygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalyk pudagy hem üns merkezinde boldy. Bu ugurdaky bilelikdäki işlere GDA-nyň Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisinde garaldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen birlikde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy-amaly maslahat ähmiýetli waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa meselesi häzirki zaman ählumumy ösüşiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar, ol GDA ýurtlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu jähtden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerine Türkmenistany bu ugurda goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň ýurdumyzyň öňe süren teklibi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýörite düzümleri bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 2013-nji ýylyň GDA-da Ekologiýa medeniýetiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň jähetinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy has-da möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu geçen döwürde Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni-gumanitar ulgamdaky ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Ýylyň dowamynda GDA döwletleriniň medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirildi, bilim, ylym, sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlyk ösdürildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu jähtden hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn belledi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda yglan edilen Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ýylynyň çäklerinde geçirilen çäreler GDA ýurtlarynyň arasynda, öňi bilen bolsa ýaşlaryň arasynda sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine we giňeldilmegine kuwwatly itergi berdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklara ygrarlydygyny, Arkalaşygyň döwletleriniň gyzyklanmalary esasynda ýola goýulýan köpugurly gatnaşyklaryň uly geljegine ynam edýändigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäkli düzümde geçen mejlisinde 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesiniň Belarus Respublikasyna geçýändigi barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko söz berdi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, türkmen tarapyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüne Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen uly işler, şeýle hem Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda belarus lideri biziň ýurdumyzda şol döwürde geçirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, duşuşyga gatnaşyjylaryň bu pikiri goldaýandygyny aýtdy.
Ajaýyp keşbe giren türkmen paýtagtynda şu ýyl diňe Arkalaşygyň guramalarynyň resmi mejlisleri däl-de, eýsem, GDA ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam eden ylmy, döredijilik, sport we beýleki çäreleriň geçirilendigini bellemek ýakymlydyr diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko nygtady. Şunda Türkmenistanyň ýolbaşçylary uly işleri bitirdiler diýip, Belarus Respublikasynyň Baştutany belledi.
2013-nji ýylda Belarusyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, Prezident Aleksandr Lukaşenko belarus tarapy giň netijeli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, GDA-nyň giňişliginde medeni gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam eder diýip belledi. Belarus Lideriniň habar berşi ýaly, Belarus Respublikasy 2012-nji ýylyň ahyryna çenli başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny hödürlär. Prezident Aleksandr Lukaşenko öz çykyşyny tamamlap, Belarus Respublikasyna bildirilen ýokary ynam üçin mejlise gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan Belarus Respublikasyna Arkalaşyga başlyklyk edýän döwründe GDA-nyň giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda durmuşa geçirjek çärelerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol öz çykyşynda çäkli düzümde geçirilen mejlisde garalan meseleler we olar boýunça kabul edilen kararlar barada habar berdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, çäkli düzümdäki mejlisiň barşynda Türkmenistanyň teklip eden Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Jarnamasyna garalandygyny we kabul edilendigini habar berdi. Şu meseläniň çäklerinde Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek hakynda çözgüt kabul edildi.
Mundan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky meselä garaldy, bu babatda edil ýaňy habar berildi diýip, jenap Sergeý Lebedew belledi. Belarusyň Prezidentiniň teklibi boýunça GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2013-nji ýylyň oktýabrynda Belarus Respublikasynda geçirmek barada çözgüt kabul edildi.
Russiýa Federasiýasynyň başlangyjy boýunça çäkli düzümdäki mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy hakynda mesele ara alnyp maslahatlaşyldy we çözgüt kabul edildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň häzirki Başlygynyň ygtyýarlyklary 2016-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.
Mejlisiň barşynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümdäki mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça oňyn çözgütler kabul edildi.
Soňra dürli ugurlar boýunça GDA-nyň çäklerinde, şol sanda ykdysady we gumanitar ugurlarda, howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda, şeýle hem käbir beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Olaryň arasynda Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Jarnamasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek hakynda, “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” diýen Döwletara maksatnamasy hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2013-nji ýyly Ekologiýa medeniýetini we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýip yglan etmek hakynda çözgütler bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary hakynda Çözgütlere, şeýle hem beýleki birnäçe resminamalara gol çekildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, sammitiň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny we Aşgabat duşuşygynyň netijeleriniň hem-de onda gazanylan ylalaşyklaryň GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini, Arkalaşygyň döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdi.
Netijeli işländikleri üçin sammite gatnaşyjylaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Soňra metbugat maslahatynda Aşgabat forunymyň jemleri beýan edildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metbugat maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Arkalaşygyň döwlet baştutanlaryna Aşgabat mejlisiniň işine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyna --Ýerine ýetiriji sekretaryna bu duşuşygyň ýokary derejede guralmagyna goşan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Sammitiň gün tertibiniň çäklerinde netijeli pikir alyşmalaryň bolandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz gazanylan ylalaşyklaryň GDA-nyň işine oňyn täsir etjekdigine, onuň okgunly we maksadalaýyk ösdürilmegini şertlendirjekdigine, öňe sürlen işjeň başlangyçlaryň we teklipleriň Arkalaşygyň giňişliginde ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasyny düzjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, GDA döwletleri bilen dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşdäki ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldaýar, bu bolsa hyzmatdaşlygyň has amatly usullaryny tapmaga, onuň döwrüň talaplaryna hem-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň meýillerine laýyk gelýän täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Şu ýyl GDA başlyklyk ediji ýurt bolan Türkmenistan üçin has-da ähmiýetli boldy. Şu jähetden milli Liderimiz Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryna türkmen tarapynyň öňe süren we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge gönükdirilen Konsepsiýasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Arkalaşygyň tertipnama guramalarynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriň Geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň, Elektroenergetika geňeşiniň, GDA-nyň agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiň, şeýle hem demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiň 57-nji maslahatynyň we beýlekileriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady.
Ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň jähetinde döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlarynyň “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara maslahyty, GDA agza ýurtlarynda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň Halkara ýarmarkasy, GDA-da azyk howpsuzlygynyň üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy-amaly maslahaty we başga-da birnäçe çäreler möhüm ähmiýetli wakalardyr diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumlar biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin oňyn tejribäni toplandygyny we gowy mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny görkezdi diýip belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň GDA ýurtlary boýunça daşary söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşe eýedigini, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilýändigini, önümçilik pudagynda, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamakda we olary durmuşa ornaşdyrmakda özara tejribeleri alşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň giňişliginiň ählumumy ykdysadyýetiň ähmiýetli ugry bolup durýan ulgamlaýyn ýük akymlaryny kemala getirmek we ýolagçy gatnadylmagyny artdyrmak üçin uly geljeginiň bardygyny belledi.
Sammitiň gün tertibinde medeni-gumanitar meseleler boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz GDA ýurtlarynyň medeniýet ulgamynda, sungat, bilim we ylym, bedenterbiýew we sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine bolan oňyn meýilleriniň bardygyny nygtady. Şu jähetden şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy iri hem-de ähmiýetli waka boldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylda Mary şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini belledi we Maryda halkara derejesinde geçirilen bilelikdäki medeni çärelere GDA agza döwletleriň belli alymlarynyň, taryhçylarynyň, muzeý işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşandygyny aýtdy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň aýdym we saz toparlarynyň konserti köpleriň ýadynda bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döredijilik duşuşyklarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeni we ruhy taýdan baýlaşmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Şeýle hem 2012-nji ýyl Arkalaşygyň sport durmuşynda uly üstünliklere beslenen ýyly boldy. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde şu döwürde GDA-nyň ähli ýurtlarynda dürli sport bäsleşikleri ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky Aşgabatda geçirilen futbol boýunça Halkara açyk ýaryşy bar.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň GDA başlyklyk eden ýylynyň netijeli bolandygyny belledi we ol hyzmatdaşlygyň saýlanan ugurlarynyň dürsdüginiň tassyk bolandygyny, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin onuň täze mümkinçilikleri açandygyny aýtdy. Munuň özi Arkalaşygyň halklarynyň rowaçlygyna we ösüşine biziň umumy goşandymyz hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, Belarus Respublikasyna geljek ýylda GDA-da başlyklyk etmek derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigi bilen gutlady we belarus hyzmatdaşlarymyza uly üstünlikler arzuw etdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine ýokary baha berdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşan uly goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary sammitiň jemlerini beýan edip, mejlise gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň jarnamasyny kabul edendigini habar berdi. Bu resminamada sebitleýin we sebitara gatnaşyklarynyň ulgamyny kemala getirmekde hyzmatdaşlygyň, döwrüň talabyna laýyk gelýän durmuşa ukyply we netijeli usulyny döretmekde Arkalaşygyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taraplaryň çalyşýandygy beýan edildi.
Jenap Sergeý Lebedewiň belleýşi ýaly, GDA döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlygyň tertibini kesgitleýän resminama tassyklanyldy. Hususan-da, kabul edilen çözgütde Hormatly ordeni we “1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy” atly ýubileý medalyny döretmek göz öňünde tutulýar. GDA-nyň ýurtlarynda degişli milli maksatnamalar hem işlenip taýýarlanylar we kabul ediler, olaryň binýadynda şanly senä we Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça esasy çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň işi hakynda onuň başlygy Walentina Matwiýenko tarapyndan berlen habary diňläp, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Assambleýa tarapyndan geçirilýän işi makullandygyny we ony dowam etdirmegi teklip edendigini hem habar berdi.
Mundan başga hem mejlise gatnaşyjylar “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamasy hakyndaky Düzgünnamany tassykladylar. Degişlilikde Gabala, Gýumri we Mogilýew şäherlerini Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýip yglan etmek bilen, 2013-nji ýylda bu maksatnamany Azerbaýjan Respublikasynda, Ermenistan Respublikasynda we Belarus Respublikasynda durmuşa geçirmek barada çözgüt kabul edildi.
Jenap Sergeý Lebedewiň habar berşi ýaly, döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde esasy tagallalary bu möhüm tema jemläp, Garaşsyz Döwleitleriň Arkalaşygynda 2013-nji ýyly Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt hem kabul edildi.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlarda, howpsuzlygy üpjün etmek babatda, şeýle hem beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge degişli resminamalara gol çekildi.
GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek boýunça işjeň iş alyp barandygy üçin Ermenistanyň, Belarusyň we Ukrainanyň döwlet işgärleriniň birnäçesiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Haty bilen sylaglanandygy hem bellenip geçildi.
Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2013-nji ýylyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Belarus Respublikasynyň başlyklyk etjekdigi, gezekleşikli başlyklarynyň bolsa Türkmenistan we Ukraina boljakdygy hakynda çözgüt kabul edildi. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2013-nji ýylyň oktýabrynda Belarus Respublikasynda geçirmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň hormatyna resmi kabul edişlik gurady hem-de belent mertebeli myhmanlaryň öňünde çykyş etdi. Sammitiň işine gatnaşandyklary we özara düşünişmek hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine düýpli çemeleşmeleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de GDA-nyň çäklerinde Arkalaşygyň halklarynyň we döwletleriniň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.
Soňra belent mertebeli myhmanlar Aşgabatdan ugradylar.