Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

view-icon 574
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasizade bilen duşuşdy.

Duşuşyk başlamazdan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri GDA duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy we mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Iiham Aliýewiň türkmen Liderine tüýs ýürekden iberen salamyny ýetirip, Azerbaýjanyň goňşy Türkmenistan bilen birek-birege özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ösüşe çalyşmaga esaslanan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli apzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz azerbaýjan kärdeşine iň gowy arzuwlary ýollady we türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyga berk eýerip, Azerbaýjan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Azerbaýjan bilen döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Premýer-ministr Artur Rasizade Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini hem-de halkara derejesinde özara goldaw bermek we ynanyşmak bilen häsiýetlendirilýändigini belläp, maksatlaryň we wezipeleriň birdiginiň, çäksiz ykdysady hem-de serişdeler kuwwatynyň, şeýle hem ählumumy ösüşe we rowaçlyga çalyşmagyň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň esasyny düzýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlary we geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän beýleki käbir halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar.

Dünýä syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň köpüsi boýunça syýasy garaýşlaryň ýakyndygy bellenildi, munuň özi sebitleýin we giň möçberli howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Azerbaýjan Respublikasy ýakyn we ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen,Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasy, giň möçberli energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy ýaragsyzlanmak, Orta Aziýa we Hazar deňzi sebitlerini parahatçylyk we durnuklylyk zolagyna öwürmek babatda wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlaryny hemişe goldaýar diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri nygtady.

Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlary bolup durýarlar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň gatnaşyk edýärler. Dünýäde energiýa serişdelerini köp öndürýänleriň we iberýänleriň biri bolan biziň döwletlerimiziň öňünde, ozaly bilen, iki ýurduň geografiki ýakynlygy nazara alnanda, ýangyç-energetika ulgamynda uly mümkinçilikler açylýar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk halklaryna bagt hem-de abadançylyk baradaky iň ýagşy arzuwlaryny aýtmak bilen, birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdiler.