Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 620
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow bilen duşuşdy.

Duşuşyk başlamazdan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti GDA duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Döwlet Baştutanlary biri-biri bilen mähirli, doganlarça görşüp, söhbetdeşlikde, gadymy wagtlardan bäri taryhy kökleriniň, medeni –ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşykly bolan türkmen we özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän hem-de üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebitleýin syýasatynyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşylmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Islam Karimow Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň üstünlikli tamamlanmagy bilen türkmen Liderini gutlady. Doganlyk ýurduň Baştutany Özbegistanyň iki halklaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara goldaw bermek gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde hem Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem ähli ugurlar boýunça oňyn döwletara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz giňeltmäge çuňňur gyzyklanýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halky hemişe ýakyn goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklara sarpa goýdy, olar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini köp babatda häzirki wagtda sebitde bar bolan amatly syýasy-ykdysady ýagdaý kesgitleýär. Şunda türkmen-özbek döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi ýardam edýär diýlip bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça, şol sanda ykdysady ugurda hem, gumanitar ugurda hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ony işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri halkara gatnaşyklaryna ýene-de has uly depgin we köpugurly häsiýet bermäge taraplaryň özara çalyşýandygyny tassyklap, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan uzakmöhletleýin oňyn hyzmatdaşlyga tarap alnan umumy ugra ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda döwletleriň Liderleri iki doganlyk ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlary aýdyp, mizemez dostluk we hoşniýetli gatnaşyklary bilen berkidilen türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.