Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Joomart Otorbaýew bilen duşuşdy.
Duşuşyk başlamazdan öňürti Türkmenistanyň Prezidenti we Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary GDA duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlag sözlerini ýetirip, goňşy dostlukly döwletiň paýtagty Aşgabatda bolýandygyna şatdygyny belledi, biziň ýurtlarymyzy mäkäm taryhy hem-de ruhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany öz nobatynda hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň birinji orunbasary ähli ugurlar boýunça Türkmenistan döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge Gyrgyz Respublikasynyň ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny, bu haýran galdyryjy üstünlikleriň türkmen Lideri tarapyndan yzygiderli ýöredilýän öňdebaryjy syýasatyň netijesi bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ruhy-medeni umumylyk gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamda oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýandygyny hem belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ähli ugurlar boýunça özara peýdaly netijeli türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge soňky ýyllarda göze ilen meýil kanagatlanmak bilen bellenip geçildi.
Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hem-de halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebitleýin gatnaşyk etmekde hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýän möhüm çäreleri görýändiklerini nygtadylar. Bellenip geçilişi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary we gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek bu bähbitleriň çägine girýär, şolarda dostlukly döwletler baý oňyn tejribe topladylar.
Iki doganlyk halklaryň taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda olary milli bähbitlere hem, halkara hyzmatdaşlygynyň täze wezipelerine hem laýyk gelýän täze derejä çykarmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi we taýýardygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.