Ï Halkara işewürlik žurnaly ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara işewürlik žurnaly ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady

view-icon 748
Kiýewde neşir edilýän “IMAGE.UA” atly halkara işewürlik žurnalynyň ýörite sany “Ukraina-Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň ýollary” diýen meselä bagyşlandy.

“IMAGE.UA” diýen žurnal öz watanynda uly abraýa eýedir, şeýle hem daşary ýurtly syýasatçylar, ykdysatçylar, syýasaty öwrenijiler, diplomatik we işewür toparlar, dünýäniň maliýe-maýa goýum jemgyýeti üçin Ukrainanyň ýüzüni görkezýän žurnaldyr. Žurnal ABŞ-da, Russiýada, Beýik Britaniýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Braziliýada we beýleki ýurtlarda ýaýradylýar.

Sahabynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň fotosuratlary ýerleşdirilen žurnalyň nobatdaky sanynyň temasy syýasat we ykdysadyýet babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygyndan wajyp dünýä meselelerini çözmek babatda özara gatnaşyklara çenli dürli ugurlarda açylyp görkezilýär. Türkmen halkynyň medeniýeti hem-de däpleri hakyndaky makalalara uly orun berilýär.

Giriş böleginde Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, oňyn gazanylan tejribesi, esasy ugurlary, mümkinçilikleri hem-de geljegi hakyndaky aýdanlary getirilýär.

Türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhum ugurlary ýokary derejede kabul edilen hökümetara ylalaşyklarynyň we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, döwlet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň we iki döwletiň gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny kesgitlän beýleki wakalaryň senenamasynda beýan edilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary. Parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň filosofiýasy” atly makalada ýurdumyzyň içerki durmuş- ykdysady ösüşiniň wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşykda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary açylyp görkezilýär.

Žurnalyň şu sanynda çap edilen makalalarda Türkmenistanyň we Ukrainanyň söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary beýan edilýär-- Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalew, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ukrain-türkmen toparynyň, Ukrainanyň Söwda--senagat edarasynyň ýanyndaky ukrain-türkmen işewür geňeşiniň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik çap edilýär.

Iki ýurduň paýtagtlary Aşgabat we Kiýew şäherleriniň ajaýyp keşpleri žurnalyň sahypalarynda giňden görkezilýär. Ukrain we türkmen medenýetleriniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyna uly orun berliýär.

Türkmenistanyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp ýerlerine, milletiň nesilbaşysy Oguzhana we türkmenleriň gadymy taryhyna, Magtymgulynyň şygryýetine, Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanyldy.

“IMAGE.UA” halkara işewürlik žurnalynyň ýörite sanynda Ýangyç-energetika we obasenagat toplumy ýaly türkmen ykdysadyýetiniň möhüm binýatlyk ulgamlaryny ösdürmäge, täze ugra, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyna aýratyn üns berildi, şol pudagyň kuwwaty hakynda okyjylar Türkmenistanyň meşhur şypahanalary we sebitiň täze dürdänesi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky makalalaryň toplumyndan düşünje alyp bilerler.

Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly esasy pugta tutulýar, žurnalyň şu sanynda bu barada hem gürrüň berilýär.

Makalalaryň iň uly we ajaýyp toplumy türkmen halkynyň däplerine hem-de medeni gymmatlyklaryna—halylaryna, ahalteke bedewlerine, milli tagamlaryna, bakja ekinleriniň naýbaşysy bolan hoşboý ysly gawuna we başgalara bagyşlanandyr.

Rus we iňlis dillerinde çapdan çykan žurnalyň şu sanynda makalalara degişli aýdyň şekillendirilen suratlar onuň täsirliligini has-da artdyrýar.

Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda neşir edilen “IMAGE.UA” žurnalynyň ýörite sany bu waka ajaýyp sowgat hem-de biziň ýurtlarymyzyň däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň ýene-de bir nyşany boldy.