Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Harada Tikahitonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň barşynda netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar Ýaponiýada Türkmenistanyň soňky ýyllarda durmuş – ykdysady ösüşiň ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünliklerini kanagatlanma bilen kabul edýändiklerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny goldaýandyklaryny bellediler. Wekiliýetiň agzalarynyň pikirine görä, şol başlangyçlar diňe bir Ýaponiýanyň syýasy we işewür toparlarynda däl, eýsem, tutuş halkara jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe boldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň taryhynda Türkmenistan we Ýaponiýa üçin möhüm seneler – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen alamatlandyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, ýyl-ýyldan has berkeýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk jähtinden bu toparyň işiniň ilerledilmegi möhüm ugurlaryň ençemesi boýunça, şol sanda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ulagda, innowasion tehnologiýalarda, lukmançylykda, maliýe-bank ulgamynda we beýlekilerde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyna ýardam eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, dünýäniň tejribesini hem-de esasy iri konsorsiumlaryň we kompaniýalaryň, şol sanda Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ýapon kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny berkitmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.
Garaşylyşy ýaly, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümetinde hem duşuşyk geçiriler.