Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 691
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmen-rumyn işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, rumyn tarapyndan işewür duşuşyga saglygy goraýyş, gurluşyk, energetika, senagat, nebitgaz ulgamlarynda we beýleki pudaklarda işleýän döwlet guramalarynyň hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar. Türkmenistana käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik ederler.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly ykdysady kuwwaty barada aýdyp, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleriň geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guralydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçdi hem-de Aşgabatda geçiriljek duşuşyga ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek we degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Diwanyň dolandyryş işini kämilleşdirmek barada görkezmeleri berdi we eksport kuwwatyny giňeltmek, tanyşdyrylyş çärelerini hem-de maslahatlary we sergileri geçirmek, milli maýa goýum taslamalaryny ilerletmek we ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak arkaly halkara söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça guramaçylyk wezipelerini kesgitledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow 5-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Aşgabat duşuşygy Arkalaşygyň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän giň hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy. Mejlisiň jemleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şonda duşuşykda kabul edilen Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Jarnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Ol türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de Arkalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň hemmesiniň doly goldawyna eýe boldy.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Aşgabat duşuşygynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine ýokary baha berildi. GDA-nyň howandarlygynda biziň ýurdumyzda geçirilen ähli çäreleriň uly üstünlige eýe bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen döwletiniň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek işine uly goşant goşandygy hem bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň örän uludygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyşarnyksyz ýöredýän döredijilikli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hasabatyň çäklerinde 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Bu maslahat BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 5 ýyllygyna gabatlandy. Bellenilişi ýaly, bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu möhüm forumy taýýarlamaga gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, Arkalaşygyň halklary we ýurtlary bilen däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen çözgütleriniň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi umumy abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine doly gabat gelýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bitaraplyk we Öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä ünsi çekip, biziň ýurdumyz öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň netijeli halkara gatnaşyklaryna, ozaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyny tassyklady diýip nygtady. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil we many-mazmun taýdan has-da baýlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyryp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parlamentiniň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda deputatlar tarapyndan pudaklaýyn ministrlikler we edaralar bilen ýakyn gatnaşykda halkara tejribesini nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, halkyň saýlanlarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alan oňyn özgertmelere giňden gatnaşmagynyň, deputatlaryň ýerlerde öz saýlawçylary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagynyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew öz gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan işler, şeýle hem maliýe ykdysadyýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýer GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 56-njy mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk hakynda hem habar berdi, ol 14-nji dekabrda Moskwa şäherinde geçiriler. Bellenip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda Ykdysady geňeş Arkalaşygyň işine degişli maliýe we guramaçylyk meselelerine, durmuş-ykdysady häsiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze göwnejaý, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän milli ykdysady nusgany kemala getirmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan öňdebaryjy özgertmeleriň strategiýasynyň esasy taraplarynyň biridigini nygtady, maliýe-ykdysady ulgamynyň guramalarynyň işini kämilleşdirmek ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklary, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütlerini ýerine ýetirmegi üpjün edýän esasy ýerine ýetiriji edaranyň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, tutuşlygyna alnanda, Ykdysady geňeşiň işiniň döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi. Biziň ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, netijeli gatnaşyklary giňeltmek arkaly täze anyk çemeleşmeleriň başyny başlap, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, 18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň taryhçy alymlarynyň, arheologlarynyň gatnaşmagynda “Medeni miras halkyň hakydasynda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şonda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde guralýan maslahat paýtagtymyzyň muzeýlerinde we degişli ýokary okuw mekdeplerinde geçirilip, ol türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmegiň möhüm ugurlaryny öz içine alar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan has çuňňur öwrenmegiň we ony giňden dünýä ýaýmagyň aýratyn möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ylmy maslahata ýurdumyzyň taryhçy alymlary, medeniýeti öwrenijileri, sungatşynaslary, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri bilen bir hatarda, ýaş alymlary—aspirantlary we talyplary çekip, maslahata gatnaşyjylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek barada görkezme berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, gündelik oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şol sanda güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek, gowaçadan boşan ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we gazananlaryny, hususan-da, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam etjek tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar, ony çözmek üçin ähli ykdysady usullary we bar bolan ätiýaçlyklary ulanmak zerurdyr diýip belledi. Şol usullar obasenagat toplumynyň häzirki zaman düzümini döretmäge, daýhanlaryň we maldarlaryň işini höweslendirmäge, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we gaýtadan işlemäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz şeýle hem ähli ýerlerde geljek ýylyň bol hasylynyň esasyny düzýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmegiň, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga büremegiň we abadanlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk, gurluşyk materiallary senagatynda, elektrik energetikasynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzda we tutuşlygyna alnanda ýurdumyz boýunça gurulýan dürli maksatly möhüm desgalarda işleriň barşy hakyndaky habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde bu pudaklaryň ähmiýetli ornuny nazara almak bilen, olaryň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede işe girizmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilini we möhletlerine berk eýerilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, onuň ýerli çig malyň esasynda öndürýän önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan täze demir ýollaryň, howa menzilleriniň gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem üstaşyr ýükleri daşamak ulgamyna halkara ülňülerini ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzüminiň we iň täze maglumatlar – aragatnaşyk ulgamynyň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bu pudaklara innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan awtomobil, howa, suw we demir ýol ulaglary ulgamynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga, iň täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary we häzirki zaman enjamlaryny ulanmaga aýratyn üns berýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşlerinde edilýän hyzmatlaryň, şeýle hem ilata hödürlenilýän aragatnaşyk, şol sanda ykjam we Internet ulgamyndaky aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak babatdaky wezipeleriň derwaýysdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz hökümetiň Başlygynyň orunbsary S.Toýlyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyşda, ylymda we bilimde, sportda hem-de syýahatçylykda işleriň ýagdaýy hakyndaky çykyşynyň çäklerinde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahatyny 13-14-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy hakynda habar berdi. Maslahata dünýäniň 34 ýurdundan ylmy-barlag merkezleriniň görnükli alymlarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň 60-a golaýynyň, şeýle hem olaryň türkmen kärdeşleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluny seçip almak bilen öz mysalynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ygrarlydygyny görkezmek bilen, Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasyndaky giň medeni gatnaşyklara we ylmy alyş-çalşa taýýardygyny subut edýär, munuň özi tutuş adamzat üçin parahatçylygyň hem-de ösüşiň esasy bolup durýar diýip belledi.

Dünýä siwilisasiýasynyň taryhynda has ähmiýetli üstünlikleriň biri bolan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek taglymy hem giň möçberli ösüş meýillerine laýyk gelýär. Milli Liderimiz gadymy türkmen şäherleriniň hem bu ýoluň kerwen ugurlaryny ösdürmäge we onuň täsirini ýokarlandyrmaga öz uly goşandyny goşdygyny belläp, täze taryhy eýýamda Türkmenistan sebitiň ykrar edilen parahatçylygy üpjün ediji, iri medeni we syýahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edilip, siwilizasiýanyň çatrygynda, şol sanda ýurdumyzyň häzirki zaman ulag aragatnaşyk ulgamynda özüniň taryhy wezipesini dikeldýär diýip sözüni dowam etdi.

Beýik Ýüpek ýoly gudratyny giňden we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçünji müňýyllygyň başynda ilkinji nobatda ylym we bilim ýaly gumanitar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynda, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek ulgamynda medeniýetleriň hem-de halklaryň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze usullary döretmäge kömek eder diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň ähmiýetini nygtap, maslahaty ýokary guramaçylyk we many-mazmun derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda alnyp barylýan işler, şeýle hem bu ulgamlarda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şertidir diýip ngytady. Şol maksatnamalar bolsa türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada durup geçip, täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, nebitgaz çykarýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, täze häzirki zaman gazhimiýa toplumlaryny gurmak babatdaky işi ilerletmegiň möhümdigini belledi.

Milli ykdysadyýetimiziň himiýa senagaty we balyk hojalygy ýaly geljegi uly pudaklarynyň düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gözegçiligindäki guramalaryň işi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, biziň ýurdumyzyň çäginde işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksadynda anyk ädimler ädilýär. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gazy çykarmak, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde pudagyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça netijeli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň esasylary nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakdan, ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlarynyň giňeldilmegini üpjün etmekden, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premeýre nebitiň we gazyň täze gorlaryny gözlemäge gönükdirilen geologiýa-gözleg hem-de burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we rowaçlyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.