Şu gün bu ýerde, Köpetdagyň eteginde, uly umumyhalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwrebap önümçilikleriň -- Ruhabat dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Şanly senä gabatlanan bu waka Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň uly mümkinçiliklere eýe bolan we eksporta gönükdirilen pudaklarynyň biri hasaplanýan dokma senagatyna uly üns berilýändigini görkezýän nobatdaky aýdyň subutnama öwrüldi, soňky ýyllarda bu pudagyň ösüşine güýçli itergi berildi. Dokma senagatyna degişli iri desgalaryň ikisiniň – dokma we boýag fabrikleriniň ulanmaga berilmegi täsin galdyrýan taslamanyň – Ruhabadyň dokma toplumyny gurmak boýunça taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyny alamatlandyrdy. Boýalan we nah matalary öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzda öndürilýän önümleriň täze görnüşleriniň we taýyn dokma önümleriniň eksporta iberilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça döwlet derejesindäki wezipäni berjaý etmekde möhüm ädim ädilendigini görkezdi.
Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylyň oktýabrynda şu düzüme degişli ilkinji kärhananyň – Ruhabatda ýurdumyz boýunça hil taýdan täze önümi – pagta süýüminiň we dürli görnüşdäki poliester öndürýän fabrigiň ulanmaga berilmegi bilen, bu toplumyň düýbi tutuldy. Ýewropanyň tanymal öňdebaryjy önüm öndürijileriniň egriji enjamlary bilen üpjün edilen kärhananyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda 13 müň tonnadan gowrak önüm öndürmek bilen, diňe bir öz ýurdumyzyň dokma toplumlaryny däl-de, daşary ýurtly sarp edijileri hem ýokary hilli süýüm bilen üpjün etmäge mümkinçilik döretdi. Galyberse-de, häzirki wagtda bu fabrigiň gapdalynda ýerleşýän Ruhabadyň dokma toplumyny çig mal bilen üpjün eder.
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde Ruhabatda gurlan täze senagat toplumy dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny we onuň eksport kuwwatyny has-da artdyrmalydyr. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda uly dokma toplumy döredildi. Bu pudagyň düzümine eýýäm welaýatda bar bolan Gypjakdaky we Gökdepedäki toplumlarynyň, Ruhabat etrabyndaky Jinsi toplumynyň üstüne çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýyn önüm öndürýän ýene-de bir ýokary tehnologik önümçilikli toplum goşuldy.
Köpetdagyň eteginden Ruhabada alyp barýan uly awtoulag ýolunyň ugrunda panbarhat öndürýän fabrigi, Jinsi toplumy, süýüm öndürýän fabrikler ýerleşýär, bularyň üstüni täze önümçilik desgasy – dokma we boýag fabrikleriniň toplumy ýetirdi.
... Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni bu wakanyň bolup geçýän ýerine gelýär. Täze önümçilik binasynyň öňünde baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdançada şadyýan ýagdaý höküm sürýär. Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda milli parlamentiň deputatlary, köpçülikleýirn habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiliň wekilleri, hormatly ýaşulular bar.
Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurýarlar, däp boýunça hormatly ýaşulular duz-çörek hödürleýärler. Din wekilleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana rowçlyk dileg edýärler. Soňra döwlet Baştutany ýaşulular bitlen söhbetdeş boldy, şonda ýaşulular welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan milletiň Liderine adamlaryň bähbitleri, ata Watanymyzyň rowaçlygy we eziz halkymyzyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşulular bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda olaryň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şeýle şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin ýaşululara minnetlarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň halkyň bähbidine, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilendigini belläp, döwletimiziň mundan beýläk-de şunuň ýaly asylly işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we bu ýere ýygnananlary täze toplumyň açylyş dabarasy bilen gutlady.
Milletiň Lideri ýygnananlar bilen mähirli görşüp, girelgesi milli bezege mahsus alamatlar bilen bezelen täze önümçilik toplumyna barýar. “Dokmaçylar” atly folklor toparynyň çykyşy bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we dokma pudagynyň täze iri desgasy açylýar!
Döwlet Baştutany giň eýwana barýar. Bu ýerde milletiň Lideri limon we mandarin ekilen ösümlikler bilen bezelen ýeri synlaýar. 450 we 540 ýaşan we täsin galdyrýan zeýtun agaçlary bu ýaşyl baglygyň esasy bezegi hasaplanýar. Binanyň içindäki howanyň ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýän we owadanlygy bilen gözüňi dokundyrýan şunuň ýaly ösümlikleriň goýulmagy oňat däbe öwrüldi hem-de diňe bir edara jaýlaryny däl-de, gurluşyk kärhanalaryny gurmak boýunça döwrebap binagärligiň hökmany elementine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýwanyň bezelişine özboluşly çemeleşilendigini belläp, bu ýerde halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümi öndürmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologik önümler bilen jikme-jik tanyşýar. Dokma toplumy aşgarlanmadyk matanyň 20,3 million inedördül metrini we ýokary hilli reňklenen matalaryň 40 million inedördül metrini öndürmek üçin niýetlenendir. Pagtadan süýüm we poliestr öndürmek üçin niýetlenen özbaşdak egriji fabrik çig mal babatda tygşytlylygyň saklanmagyny üpjün eder. Şol fabrige ýyllyk zerurlygy 3 642 tonna barabar bolup durýar. Wekilbazaryň dokma fabriginiň hem-de bu toplumyň özünde öndürilýän nah matalar boýag önümçiliginiň aşgarlanmadyk matalar babatdaky islegini kanagatlandyrar.
Döwlet Baştutany dokma önümçiligindäki taýýarlaýyş bölümine barýar. Bu ýerde milli Liderimiz ýokary tehnologik materiallaryň – poplin, köýnek üçin niýetlenen ştapel, penjeklik matalar (gabardin) matalary öndürmek üçin niýetlenen aşgarlanmadyk taýýarlamak üçin ýüplügiň öndürilişiniň tapgyrlaryny uly üns berip synlady.
Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde dünýäde dokma bilen bagly işewürlikde niýetlenen maksadyna baglylykda, elin we sintetiki süýümler dürli görnüşlerde ulanylyp taýýarlanylýan ýüplüklere we matalara uly isleg bildirilýär. Ýüplügiň her bir garyşyk görnüşi haýsy-da bolsa bir zat üçin niýetlenendir. Pagta çyg çekijiligi we organoleptiki alamatlary babatda durnuklylyk, yssy döwürde salkynlygy saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. Poliestr berkligi hem-de taýyn önümleriň öz durkuny we reňkini saklaýandygy bilen bellidir. Şeýlelikde, şunuň ýaly süýümden dokalan matalar hil babatdaky häsiýetnamalary boýunça berkligi, daşyndan synlanyňda has owadan görnüşi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ilkinji gezek köýneklik, penjeklik we kamuflýaž, şeýle hem ranfors, kriton, pomazy ýaly matalaryň uly önümçiliginiň ýola goýulmagy bildirilýän isleglere laýyk geler.
Soňky döwürlere çenli daşary ýurtlardan getirilýän, ýokary hilli gymmatly matalaryň öndürilmegi ýurdumyzda dokma senagatynyň tikinçilik ugrunyň ösdürilmegine, içerki bazary öz ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ýerini tutýan owadan we ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylmagyna güýçli itergi berer.
Toplumyň täze fabrikleriniň Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň 200-den gowragyndan ybarat bolan tutuş toplumy güwänama berlen we önümleriň halkara bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy boýunça bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Häzirki wagtda Ruhabadyň dokma toplumy dokma we boýag önümçiligi boýunça tehnologiýalaryň we täze gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde GDA goşulýan ýurtlaryň çäginde şunuň ýaly ilkinji kärhanalaryň biri bolup durýar. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrde goýlan we aňrybaş derejede awtomatlaşdyrylan, üznüksiz işleýän liniýalar we maşynlar ýylmanak, dykyz we dürli reňkdäki materiallary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanyna fabrikde işleýän zenan önümçiligiň barşy baradaky planşetiň ýanynda Germaniýada öndürilen “Karl Maýýer” kysymly maşynlarda Türkmenistanda ilkinji gezek dokma önümçiligi üçin pagtadan we poliestrden öndürilýän süýümden taýýarlamagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bu ýerde süýümiň egrilýän sapaklar ýylylyk we ýörite erginler bilen himiki taýdan gaýtadan işlenip taýýarlanylýar, şonuň netijesinde bu sapaklar has berk bolýar. Soňra şunuň ýaly görnüşde taýýarlanan sapaklar ýörite bölümde 3 derejeli görnüşde dolanýar hem-de dokma bölümine iberilýär.
Gözden geçirmegiň barşynda fabrigiň hünärmenleri milletiň Liderine Belgiýanyň “Picanol” firmasynyň 144 sany dokma stanoklarynyň üç görnüşdäki işi: ini 190 sm we 280 sm barabar bolan iki reňkli matalary howa – pnewmatiki usullar dokaýan, şeýle hem 6 reňkli sapaklardan tehnologik babatda has çylşyrymly matalary dokaýan rapira görnüşinde önümiň taýýarlanyşyny görkezýärler. Bu önümçilikleriň kuwwatlylyklary her gije-gündizde aşgarlanmadyk matalary 68 müň inedördül metrine çenli möçberde öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gellende aýtsak, dokma enjamlaryny öndürmek boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda durýan belgiýalylar bilen öňden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. 2005-nji ýyldan bäri Wekilbazarda hereket edýän dokma fabriginde “Picanol” firmasynyň enjamlarynda öndürilýän aşgarlanmadyk matalar ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da giňden bellidir.
Şeýle hem dokmaçylyk işiniň barşynda howada göze görünmeýän bölejikleri arassalamak üçin niýetlenen asma innowasion ulgam goýlupdyr.
Soňra dokma önümleri boýag fabrigine barýar, bu ýerde öňünden hiline gözegçilik edilenden soňra, önüm bilen bagly tehnologiýa degişli dürli amallar berjaý edilýär. Ýeri gelende aýtsak, matanyň her bir görnüşi özbaşdak işlenip taýýarlanýar we reňklenýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa agartmagyň, ýumşatmagyň, belli bir görnüşde reňklemegiň ýa-da üýtgeşik reňk bermegiň netijesinde matanyň owadan, ýüpege mahsus ýylmanak ýa-da gorag üçin niýetlenen goşmaça alamatly kamuflýaž görnüşe eýe bolmagy barada gürrüň berilýär. Şu ýerde “Monforst” kompaniýasynyň öndüren has täze “Thermeh 6500” kysymly enjamynyň bu önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýändigini aýtmak gerek. Şu enjamdaky programma reňk berilmegini we “Thies” firmasynyň maşynlary (Germaniýa) ýüplügiň reňklenmegini üpjün edýär.
Bu önümçiligiň tehnologik kuwwatlylygy her gije-gündizde reňklenen matanyň 134 müň inedördül metrine çenlisini öndürmäge mümkinçilik berer. Şunda daşky bezege, reňkleriň öwüşgünliligine we suratlaryň has owadan bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen kärhanada barlaghana hereket edýär. Onda täze kompýuter tehnologiýalarynyň we “Fotoshop” ýörite maksatnamanyň kömegi bilen alyjylaryň teklip eden islendik şekilini almak bolýar. Şeýle buýurma alnan halatynda maglumat ýörite enjama geçýär we onuň kömegi arkaly materiala gerek bolan surat çekilýär, soňra bolsa ol surat matanyň ýüzüne geçirilýär.
Şu maksat bilen fabrikdäki barlaghanada lazeriň kömegi arkaly belli bir nusgada printiň üsti bilen surat çekilýär. Italiýaly önüm öndürijileriň “Reggiani” kysymly maşynlary mata 12 sany reňk berýär. Gaýtadan işlemegiň ýörite usullary arkaly reňkleriň ýagtylyga, howanyň üýtgemegine garşy berkliginiň saklanmagyna mümkinçilik berýär.
Suwa, ýagyň siňmegine, gyzgynlyga garşy häsiýetleriň gazanylmagy üçin komuflýažly ýa-da ýylmanak, ýumşak we has ýuka matalar Şweýsariýanyň “Benninger”, Italiýanyň “Arioli”, “Mario Crosta”, “Fimat”, “Ramiseh Guarneri”, Gollanidiýanyň “Stork” kompaniýalarynyň we beýlekileriň maşynlary we enjamlary arkaly işlenip taýýarlanýar.
Soňra taýyn mata uzynlygy 300-den 400 metre çenli rulona dolanýar, gaplanýar we ýurdumyzyň tikinçilik fabrikleriniň biçimçilik bölümlerine ibermek üçin ammarlara eltilýär. Şol fabrikler harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin belli bir nusgadaky egin-eşikleriniň, erkekleriň penjeklerini we köýneklerini, çagalaryň egin-eşiklerini tikmek boýunça ýöriteleşdirilendir. Sarp edijileriň bildirýän ölçeglerine laýyklykda önümleriň belli bir bölegi buýrujylaryň islegleri boýunça eksporta iberiler.
Guralan sergi bu senagat toplumynda öndürilen matalardan taýýarlanan dürli görnüşdäki önümlere synlamaga mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutany bu ýerde türkmen dizaýnerleriniň we ussat zenanlaryň taýýarlan işleri – poplinden erkekler üçin taýýarlanan köýnekleri we gabardin matalardan taýýarlanan penjekler, zenanlar üçin geýimler we köýnekler, harbylar üçin kamuflýaž we belli bir nusgadaky egin-eşikler, nebitgaz, ýol – ulag pudagynyň işgärleri üçin ýörite geýimler, dürli reňkdäki ýorgan-düşek daşlyklary we beýlekiler bilen tanyşdy.
Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň iri kärhanalary: Gypjakdaky dokma toplumy, Gökdepedäki dokma toplumy, “Türkmenbaşy tekstil kompleksi”, “Ýeňiş” we “Ahal” tikinçilik fabrikleri, Bereket tikinçilik fabrigi, Dokma sengagaty ministrliginiň Modeller öýi öz önümlerini görkezdiler. Ulular we çagalar üçin niýetlenen özboluşly geýimler owadanlygy we oňaýlylygy, milli öwüşgünleri we häzirki zaman modasynyň ýörelgelerini özünde jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, Ruhabat toplumynda taýýarlanan matalardan öndürilen dürli öwüşginli owadan geýimler ilkinji gezek ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli görkezildi.
Täze binanyň önümçilik jaýyndan daşgary, 24 orunlyk myhmanhanadan, çig mal we goşmaça materiallary, taýyn önümleri ýerleşdirmek üçin niýetlenen binadan, inženerçilik-tehniki jaýlardan, sport meýdançalarynyň ikisinden ybaratdygyny aýtmak gerek. Bu ýerde ilkinji gezek daşky gurşawyň ekologiýasyny goramak maksady bilen, ulanylan suwlary gaýtadan arassalamak üçin kämil ulgam goýuldy. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde dürli görnüşdäki agaç nahallary we owadan ösümlikler ekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze dokma toplumy bilen tanşanyndan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Soňra milletiň Lideri binadan çykdy, bu ýerde “Dokmaçylar” atly folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde täsirli aýdym-sazly çykyş guraldy.
Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, pudagyň işgärlerini täze binanyň gurulmagy bilen gutlady hem-de olara üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Aşgabada tarap ugrady.