Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 637
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 5 ýyllygyna bagyşlynan Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Muratbek Imanaliýewi kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny we tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýramçylyk – Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady. Jenap Muratbek Imanaliýewiň Ýewraziýa yklymynda iň iri halkara guramalarynyň biri bolmak bilen ŞHG sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagy özüniň baş maksady hasap edýär hem-de şunda Türkmenistanyň umumy maksatlara ýetmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda şanly wakalara bagyşlanan dabaralara hem-de halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen ikitaraplyýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn gatnaşyklary dowam etdirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady. Şunda dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça täze çemeleşmeleri gözlemekde we durmuşa geçirmekde iri halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikde hereket etmäge uly üns berilýär. Olara Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem degişlidir.

Türkmenistan yzygiderli parahatsöýüjilik syýasaty işjeň durmuşa geçirmek bilen, halkara hazmatdaşlygy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň nusgasyny görkezýär. Muňa Aşgabatda 5 ýyl mundan ozal BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda geçirilýän forumyň häzirki döwüriň möhüm wezipelerini çözmekde täzeçe, has oňaýly çemeleşmeleri gözlemegiň ýolunda möhüm ädim bolar we halkara gepleşiklerini umumy bähbitlere laýyk gelýän açyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy, halkara we sebitleýin durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, ХХI asyryň howplaryna we wehimlerine garşy durmak meselelerinde ŞHG-nyň eýeleýän oňyn, jogapkärçilikli ornuna ýokary baha berýär.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-gumanitar ulgamlarda toplanan tejribäni hasaba almak bilen bilelikde hereket etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda jenap Muratbek Imanalyýew okgunly ösýän Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy. Myhmanyň belleýşi ýaly soňky ýyllarda Aşgabadyň binagärlik keşbinde dörän ajaýyp özgertmeler onda çuňňur täsir galdyrdy.

Bularyň ählisiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barlýan öňdengörijilikli, döredijilikli içerki we daşarky syýasatynyň netijesidigini belläp, onuň ýurduň okgunly ykdysady ösüşini we ýokary halkara abraýyny üpjün edendigini belläp, ŞHG-nyň Baş sekretary türkmen döwletiniň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş, döredijilik we ösüş ýolunda täze uly üstünlikler arzuw etdi.