Şu gün Aşgabatda geçirilýän “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Çen Gopiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Işewür we netijeli esasda geçen duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Bellenilişi ýaly, HHR-iň hökümeti ägirt uly serişde mümkinçiligi bolan we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Şu jähetden Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny doly goldaýandygyny mälim etmek bilen, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygynyň berkidilmegine, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň möhümdigini we uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşmalaryň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa iki ýurduň abadançylygyna hyzmat eder diýlip bellenildi. Iki dostlukly döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak, işjeň gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.